Üçünji Musa
5 Kimde-kim biriniň günä edendigini görse ýa bilse, şaýatlyk etmäge çagyrylsa-da*+, hiç zat aýtmasa, ol günä edýändir. Munuň üçin jogap bermeli bolar.
2 Eger adam haram hasaplanýan zada: haram ýabany haýwanyň, mal-garanyň ýa-da mör-möjegiň* maslygyna degse+, haram bolýandyr. Ol haram bolanyna düşünmese-de, ýazykly hasaplanmalydyr. 3 Eger biri bilmän, haram edýän zada ýa-da adama degse+, muny soň bilip galsa-da, ýazykly bolýandyr.
4 Eger biri oýlanman, gowy ýa erbet zat hakda howlugyp ant içse, soňam howlugyp ant içendigine düşünse, şonda-da ýazykly bolar*+.
5 Adam şu zatlaryň haýsyny edip ýazykly bolsa-da, günäsini boýun almalydyr+. 6 Ol eden günäsi üçin+ Ýehowa ýazyk gurbanlygyny bersin. Sürüsinden bir urkaçy guzyny ýa-da owlagy günä gurbanlygy hökmünde getirsin. Şonda ruhany ony günäsinden arassalar.
7 Eger goýun bermäge ýagdaýy bolmasa, Ýehowa ýazyk gurbanlygy hökmünde iki gumry ýa-da iki kepderi*+ bersin. Olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip bersin+. 8 Guşlary ruhana eltip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy edip beriljek guşuň damagyny çalsyn, ýöne kellesini goparmasyn. 9 Ol günä gurbanlygynyň ganyndan gurbanlyk ojagynyň* gapdalyna biraz sepeläp, galan gany ojagyň düýbüne akdyrsyn+. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 10 Beýleki guşy bolsa kanunda tabşyrylyşy ýaly, ýakma gurbanlygy edip bersin+. Şeýdip, ruhany ol adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+.
11 Eger iki gumry ýa iki kepderi bermäge-de ýagdaýy bolmasa, günä gurbanlygy üçin bir jam*+ ýokary hilli un getirsin. Una ýag ýa-da ladan* goşmasyn, sebäbi günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 12 Ol uny ruhana eltip bersin. Ruhany undan bir goşawuç alyp, gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklaryň üstünde ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn. Günä gurbanlygy şeýdip berilmelidir. 13 Adam şol günäleriň haýsyny eden bolsa-da, ruhany ony günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+. Galla sadakasyndaky+ ýaly, günä gurbanlygynyň galany hem ruhana+ berilsin“».
14 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 15 «Eger biri Ýehowanyň mukaddes zatlaryna garşy bilmän günä edip, biwepalyk etse+, sürüsinden şikessiz goçy Ýehowa ýazyk gurbanlygy edip getirsin+. Goçuň bahasy mukaddes çadyrda ulanylýan ölçegde kümüş şekel* bilen hasaplansyn+. 16 Ol mukaddes çadyra garşy eden günäsi üçin töleg tölesin. Üstüne ýetiren zyýanynyň bäşden bir bölegini hem goşup+, ruhana bersin. Ruhany bolsa goçy ýazyk gurbanlygy edip hödürläp, ol adamy günäsinden arassalasyn+. Şonda onuň günäsi bagyşlanar+.
17 Eger biri Ýehowanyň tabşyrygyny bozsa, muny bilmän eden bolsa-da, ýazykly hasaplanmalydyr. Ol eden günäsi üçin jogap berer+. 18 Ol kesilen baha görä, ýazyk gurbanlygy üçin sürüsinden şikessiz goç getirsin+. Ruhany hem tötänden, bilmän günä eden adamy günäsinden arassalasyn. Şonda onuň günäsi bagyşlanar. 19 Ol Ýehowa garşy günä edeni üçin ýazyk gurbanlygyny bermelidir».