Birinji Taryh
2 Ysraýylyň+ ogullary: Ruben+, Şimgon+, Lewi+, Ýahuda+, Ysahar+, Zebulun+, 2 Dan+, Ýusup+, Benýamin+, Naftaly+, Gad+ we Aşer+.
3 Ýahudanyň ogullary: Er, Onan we Şela. Olaryň üçüsi kenganlardan Şuwanyň gyzyndan bolupdy+. Ýahudanyň nowbahar ogly Er Ýehowanyň gaharyny getirdi. Şonuň üçin Hudaý ony ölüme höküm etdi+. 4 Ýahudanyň gelni Tamardan+ Perez+ we Zera atly ogullary boldy. Ýahudanyň jemi bäş ogly bardy.
5 Pereziň ogullary: Hesron bilen Hamul+.
6 Zeranyň ogullary: Zimri, Etan, Heman, Kalkul we Dara. Olar jemi bäş sanydy.
7 Karminiň Ahar* atly ogly* bardy. Ahar ýok edilmeli zatlary ogurlap, biwepalyk etmek bilen+, Ysraýylyň başyna bela getiripdi+.
8 Etanyň Azarýa atly ogly* bardy.
9 Hesronyň ogullary: Ýerehmil+, Ram+ we Kelubaý*.
10 Ram Aminadabyň atasydy+, Aminadap Nahşonyň atasydy+. Nahşon Ýahudanyň nesilleriniň baştutanydy. 11 Nahşon Selmanyň+ atasydy, Selma Bowazyň+ atasydy. 12 Bowaz Abytyň atasydy, Abyt Ýessäniň+ atasydy. 13 Ýessäniň nowbahar ogly Alyýapdy, ikinjisi Abynadap+, üçünjisi Şimek+, 14 dördünjisi Netanel, bäşinjisi Raddaý, 15 altynjysy Ösem, ýedinjisi bolsa Dawutdy+. 16 Olaryň Seruýa we Abygaýyl+ atly uýalary bardy. Seruýanyň Abyşaý+, Ýowap+ we Asahel+ diýen üç ogly boldy. 17 Abygaýyl Emasany+ dünýä indirdi. Emasanyň kakasy Ýether ysmaýyllardandy.
18 Hesronyň ogly Kalebiň* aýaly Azubadan we gyrnagy Ýerigatdan birnäçe ogly boldy. Olar: Ýeşer, Şobap we Ardon. 19 Azuba ýogalansoň, Kalep Efrata+ öýlendi, olaryň Hur+ atly ogly boldy. 20 Hur Uranyň atasydy, Ura Besaleliň+ atasydy.
21 Hesron 60 ýaşyndaka, Gileadyň+ atasy Mahyryň+ gyzyna öýlendi. Hesron aýalyna ýanaşdy*, olaryň Segup atly ogly boldy. 22 Segup Ýaýyryň+ atasydy; Gilead+ topragynda Ýaýyryň 23 şäheri bardy. 23 Soňra geşurlylar+ bilen siriýalylar+ Hawot-ýaýyry+, Kenaty+ we daş-töweregindäki galalary, jemi 60 şäheri olaryň elinden aldylar. Olaryň hemmesi Gileadyň atasy Mahyryň nesilleridi.
24 Hesron+ Kalep-efratda aradan çykansoň, aýaly Abyýar Aşhury+ dogurdy. Aşhur Tekoýanyň+ atasydy*.
25 Hesronyň nowbahar ogly Ýerehmiliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Binýar, Oren, Ösem we Ahyýar. 26 Ýerehmiliň Atara atly aýaly Onamy dogurdy. 27 Ýerehmiliň nowbahar ogly Ramyň ogullary: Magaz, Ýamin we Eker. 28 Onamyň ogullary: Şemaý bilen Ýada. Şemaýyň ogullary: Nadap bilen Abyşur. 29 Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ol Ahban bilen Moliti dogurdy. 30 Nadabyň ogullary: Selet bilen Apaýym. Emma Selet ogulsyz dünýäden ötdi. 31 Apaýymyň Ýişgi, Ýişginiň Şeşan, Şeşanyň bolsa Ahlaý atly ogly* bardy. 32 Şemaýyň dogany Ýadanyň ogullary: Ýether bilen Ýonatan. Emma Ýether ogulsyz dünýäden ötdi. 33 Ýonatanyň ogullary: Pelez bilen Zaza. Olaryň hemmesi Ýerehmiliň nesilleridi.
34 Şeşanyň bolsa ogly ýokdy, diňe gyzlary bardy. Şeşanyň Ýarha atly müsürli hyzmatkäri bardy. 35 Şeşan bir gyzyny hyzmatkäri Ýarha durmuşa çykardy, olaryň Attaý diýen ogly boldy. 36 Attaý Natanyň atasydy, Natan Zabatyň atasydy. 37 Zabat Eplalyň atasydy, Eplal Abytyň atasydy. 38 Abyt Ýehuwyň atasydy, Ýehuw Azarýanyň atasydy. 39 Azarýa Helesiň atasydy, Heles Algasanyň atasydy. 40 Algasan Sismaýyň atasydy, Sismaý Şalumyň atasydy. 41 Şalum Ýekamýanyň atasydy, Ýekamýa Alyşamyň atasydy.
42 Ýerehmiliň inisi Kalebiň*+ ogullary: nowbahar ogly Meşa we Mareşanyň ogullary. Meşa Zibiň atasydy; Mareşan Hebronyň atasydy. 43 Hebronyň ogullary: Karun, Tapuw, Rekem we Şema. 44 Şema Rahamyň atasydy, Raham Ýorkegamyň atasydy. Rekem Şemaýyň atasydy. 45 Şemaýyň ogly Magondy, Magon Beýtsuryň+ atasydy. 46 Kalebiň gyrnagy Eýpadan Haran, Moza we Gazes doguldy; Haran Gazesiň atasydy. 47 Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpah we Şagap. 48 Kalebiň gyrnagy Magak Şeberi we Tirhanany dogurdy. 49 Birnäçe wagtdan Magak Madmanahyň+ atasy Şagaby, Magbenan bilen Gibeýiň+ atasy Şewany dogurdy. Kalebiň+ Akşa+ atly gyzy hem bardy. 50 Olaryň hemmesi Kalebiň nesilleridi.
Efrafanyň+ nowbahar ogly Huruň+ ogullary: Kirýat-ýegarimiň+ atasy Şobal, 51 Beýtullahamyň+ atasy Selma we Beýtgaderiň atasy Harep. 52 Kirýat-ýegarimiň atasy Şobalyň Haroýa diýen ogly bardy. Menuhotlaryň ýarysy Şobaldan gelip çykdy. 53 Kirýat-ýegarimiň tireleri şulardyr: itralar+, puzytlar, şumatlar, mişralar. Zoralar+ bilen eştawollylar+ hem şolardan gelip çykdy. 54 Beýtullahamyň+, Netopanyň, Atrot-beýtýowabyň ilaty Selmanyň nesilleridi. Manahatlylaryň ýarysy we zorlylar hem Selmanyň nesilleridi. 55 Ýabezde mürzeleriň nesli tiratlar, şimgatlar we sukatlar ýaşaýardy. Olaryň hemmesi Hammatdan gelip çykan kenlerdi+; Hammat rehap+ tiresiniň atasydy.