Birinji Musa
12 Ýehowa Ybrama şeýle diýdi: «Ýurduňy, dogan-garyndaşlaryňy, ataň hojalygyny goý-da, meniň görkezjek ýurduma git+. 2 Nesliňden ägirt uly millet dörederin, seni ýalkap, at-abraýly ederin. Bütin ýer ýüzüniň halklary sen arkaly bereket alar+. 3 Saňa alkyş aýdanlary ýalkap, saňa garganlary näletlärin+. Ähli milletler seniň üstüň bilen bereket alar»+.
4 Ybram Ýehowanyň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen gitdi. Ybram Harandan çykanda 75 ýaşyndady+. 5 Ybram aýaly Sarany+, doganynyň ogly Luty+, Haranda edinen hyzmatkärlerini we mal-mülküni+ alyp, Kengan ýurduna+ ýola düşdi. Kengana ýetenlerinde, 6 Ybram ýurda aýlanyp, Şekemiň+ golaýynda, Moredäki+ uly agaçlaryň ýanynda düşledi. Şol wagtlar ol ýerde kenganlar ýaşaýardy. 7 Ýehowa Ybrama görnüp: «Şu ýurdy seniň nesliňe+ bererin»+ diýdi. Ybram özüne görnen Ýehowa üçin şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurdy. 8 Birnäçe wagtdan ol Beýteliň+ gündogaryndaky daglara gidip, şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň günbatarynda Beýtel, gündogarynda bolsa Aý şäheri+ ýerleşýärdi. Ybram şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, Ýehowanyň adyny çagyryp başlady+. 9 Soňra ol çadyryny sökdi-de, göçüp-gonup, Negebe+ tarap ýoluny dowam etdi.
10 Kenganda açlyk başlandy. Ybram wagtlaýyn Müsüre gidip ýaşajak boldy*+, sebäbi açlyk gaty güýçlüdi+. 11 Müsüre ýetip barýarka, ol aýaly Sara ýüzlenip: «Bilýäňmi, sen owadan aýal+. 12 Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýalydyr“ diýer-de, meni öldürip, seni alyp gider*. 13 Olar meni öldürmez ýaly, maňa doganym diý. Şonda janymy ölümden gutararsyň»+ diýdi.
14 Ybram Müsüre girip-girmänkä, müsürliler onuň aýalynyň owadandygyna üns berdiler. 15 Faraonyň emeldarlary Sarany görüp, gözelligini faraona tarypladylar. Şeýdip, Sarany köşge alyp gaýtdylar. 16 Faraon Sarany gowy görüp, Ybrama goýun, öküz, eşek, düýe, gul-gyrnak berip, sylag-hormat etdi+. 17 Emma Ýehowa Ybramyň aýaly Sara+ sebäpli, faraony we öý-içerisini elhenç kesele uçratdy. 18 Şonda faraon Ybramy çagyryp: «Eden zadyň näme? Sara aýalyň eken-ä! Näme üçin aýtmadyň? 19 Uýam+ diýmäň näme? Men oňa tas öýlenipdim! Aýalyňy al-da, gümüňi çek!» diýdi. 20 Soňra faraon Ybramy we aýalyny ähli zady bilen ýola salyp goýbermegi buýurdy+.