Dogrudanam, Ybraýym pygamberiň düýeleri bardymy?
MUKADDES ÝAZGYLARDA faraonyň Ybraýym pygambere mallar we düýeler sowgat berendigi aýdylýar (Gel. çyk. 12:16). Ybraýymyň hyzmatkäri Mesopotamiýa gitmek üçin ýola düşende hojaýynynyň «düýeleriniň onusyny» aldy. Diýmek, Mukaddes Ýazgylarda 4 müň ýyl mundan öň Ybraýym pygamberiň düýeleriniň bolandygy aýdylýar (Gel. çyk. 24:10).
Käbir adamlar munuň bilen ylalaşmaýarlar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Alymlar düýeler baradaky maglumatyň nädogrudygyny aýdýarlar, sebäbi olaryň köpüsi bu haýwanlaryň Ybraýym pygamberiň döwründen ençeme ýyl soň, b. e. öň takmynan 1200-nji ýylda eldekileşdirilendigine ynanýarlar» (New International Version Archaeological Study Bible). Şol sebäpli, olar Mukaddes Ýazgylarda düýeleriň şondan öň agzalmagyny taryhy taýdan nädogry hasaplýarlar.
Ýöne käbir alymlaryň aýtmagyna görä, düýeler 3 müň ýyl ozal eldekileşdirilen bolsa-da, olar has öňräk hem ulanylypdyr. Gadymy Ýakyn Gündogar hakyndaky bir kitapda şeýle diýilýär: «Soňky maglumatlara görä, düýeler günorta-gündogar Arabystanda 4 müň ýyldan gowrak öň eldekileşdirildi. Düýeler başda süýt, ýüň, deri we et almak üçin köpeldilýär, ýöne adamlar tiz wagtdan düýäniň ýük daşamak üçin peýdalydygyna düşünýärler» (Civilizations of the Ancient Near East). Düýeleriň Ybraýymyň döwründen öň eldekileşdirilendigini süňk bölekleri we beýleki arheologiki tapyndylar hem tassyklaýar.
Bu babatda taryhy ýazgylar hem bar. Ýokarda agzalan kitapda şeýle diýilýär: «Mesopotamiýada tapylan toýun gapdaky ýazgylarda şol haýwanyň (düýäniň) agzalmagy we birnäçe tagmalarda suraty çekilmegi, onuň Mesopotamiýada 4 müň ýyl ozal», ýagny Ybraýymyň döwründe ulanylandygyny görkezýär.
Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, atyr we buhur satýan arap söwdegärleri düýeleri çölüň içi bilen demirgazyga, ýagny Müsüre we Siriýa ýük daşamak üçin ulanýardyrlar. Şeýdip, düýeler şol ýurtlara eltilipdir. Şeýle söwda hatda b. e öň 2000-nji ýyllarda-da giňden ýaýran bolmaly. Ybraýymyň döwründen ýüzlerçe ýyl soň Müsüre düýeli atyr daşaýan ysmaýylly söwdegärler barada Gelip çykyş 37:25—28-nji aýatlarda hem aýdylýar.
Megerem, gadymy Ýakyn Gündogarda düýeler 4 müň ýyla golaý öň giňden ulanylmasa-da, taryhy delillere görä, olary asla ulanmandyrlar diýip bolmaz. Şol sebäpli, bir ensiklopediýada şeýle netije çykarylýar: «Mukaddes Ýazgylardaky wakalarda düýeleriň agzalmagyny indi nädogry diýip bolmaz, sebäbi olaryň Ybraýym pygamberiň döwründen öň eldekileşdirilendigini arheologiýa ýeterlikli tassyklaýar» (The International Standard Bible Encyclopedia).