Işaýa
43 Eý Ýakup, seni ýaradan,
Eý Ysraýyl, saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär+:
«Gorkma, seniň üçin töleg töledim+.
Adyňy tutup çagyrdym.
Sen meniňki bolduň.
Lowlaýan otdan geçeniňde ýanmarsyň.
Alaw seni ýakmaz.
3 Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy, Halasgäri mendirin.
Seniň üçin Müsüri töleg berdim,
Seniň üçin Efiopiýany we Sabany berdim.
Seniň üçin halklary bererin,
Janyňa derek milletleri bererin.
5 Gorkma, men seniň bilendirin+.
Çagalaryňy gündogardan,
Seni günbatardan getirerin+.
6 Demirgazyga: „Olary yzyna ber!“ diýerin+.
Günorta diýerin: „Olary saklama!
Ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň aňry ujundan getir+.
7 Olar adymy göterýän halkdyr+.
Olary şan-şöhratym üçin döretdim.
Halkymy elim bilen ýaratdym“+.
8 Gözleri bolsa-da, görmeýän,
Gulagy bolsa-da, eşitmeýän adamlar gelsin+.
9 Goý, milletler jemlensin,
Halklar toplansyn+.
Taňrylaryň arasynda şulary aýdyp biljek barmy?
Olaryň haýsysy ilkinji zatlary* aýdyp biler?+
Goý, haklydygyny subut etmek üçin şaýatlaryny getirsin.
Olary diňläp: „Dogry!“ diýsinler»+.
10 Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň şaýatlarym+,
Meniň saýlan gullarym+.
Meni tanaň, iman ediň.
Düşüniň, men üýtgemeýärin+.
Menden öň Hudaý bolan däldir.
Menden soň hem Hudaý bolmaz+.
11 Men, men Ýehowa+, menden başga halasgär ýokdur+.
Men hak Hudaý+, siz bolsa meniň şaýatlarym».
Muny Ýehowa aýdýar.
Meniň tutan işime kim päsgel berip biler?»+
«Siziň üçin Wawilona goşun ibererin,
Derwezeleriniň gulplaryny döwerin+,
Gämide barýan haldeýlere dady-perýat etdirerin+.
16 Ýehowa deňizden ýol açýar,
Joşýan suwlaryň içinden ýoda çekýär+.
17 Söweş arabalary we atlary+,
Batyr esgerleri we uly goşuny getiren Alla şeýle diýýär:
«Olar ýatar, ýerinden turup bilmezler+.
Olar peltäniň sönüşi ýaly, ýom-ýok bolarlar».
18 «Öňki zatlary ýatlamaň,
Geçmiş bilen ýaşamaň.
19 Ine, men täze bir zat edýärin+.
Ol eýýäm berjaý bolup başlady.
Ony hökman görersiňiz.
20 Çölüň ýabany haýwanlary meni sylar,
Şagallar we düýeguşlar hormat goýar.
Saýlan halkym+ üçin çölde suw,
Sährada derýa akdyraryn+.
21 Halkymy özüm üçin ýaratdym.
Maňa alkyş aýtsyn diýip döretdim+.
23 Maňa ýakma gurbanlygy hökmünde goýun getirmediň.
Gurbanlyklary berip, meni şöhratlandyrmadyň.
24 Meniň üçin ýakymly ysly gamyş satyn almadyň.
Gurbanlyklaryň ýagy bilen göwnümi götermediň+.
Gaýtam günäleriň maňa ýük boldy.
Ýazyklaryň meni ýadatdy+.
26 Unudan bir zadym bolsa aýt, meseläni orta ataly.
Delil getir, haklydygyňy subut et.