Işaýa
41 «Eý adalar, diňläň, sözümi bölmäň!
Eý milletler, biliňizi berk guşaň!
Huzuryma gelip, arzyňyzy aýdyň+,
Geliň, dawamyzy bile çözeliň.
2 Kim gündogardan serkerdäni aýaga galdyrdy?+
Kim adalaty dikeltmek üçin ony huzuryna* çagyrdy?
Kim halklary onuň eline berdi?
Kim patyşalary oňa boýun egdirdi?+
Kim onuň gylyjy bilen olary guma gardy,
Ýaýy bilen saman kimin pytratdy?
3 Ol ýat ýurda arkaýyn girip,
Halklary boýun egdirdi.
4 Muny kim etdi? Kim amala aşyrdy?
Nesilleri ilkibaşdan ýygnan kim?
5 Onuň işlerini görüp, adalar gorkdy,
Tutuş ýer ýüzi sandyrady.
Olar bir ýere jem boldular.
6 Her kim ýoldaşyna kömek edýär,
Doganyna: «Mert bol!» diýýär.
Edilen işi görüp: «Berekella!» diýýär.
But gozganmaz ýaly çüýlenip goýulýar.
8 «Ysraýyl, sen meniň gulumsyň!+
Ýakup, sen meniň saýlanymsyň!+
Sen dostum Ybraýymyň neslisiň+.
9 Men seni ýeriň ähli künjeginden ýygnadym+,
Ýeriň aňry çetinden çagyrdym.
10 Gorkma, men seniň bilendirin+,
Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn+.
Men saňa güýç bererin, kömek ederin+,
Seni adalatly sag golum bilen goldaryn“.
11 Seniň üstüňe gygyrýanlar masgara bolup, utanja galar+,
Seniň bilen söweşýänler gyrlar, dünýä inmedik ýaly bolar+.
12 Sen duşmanyňy gözlärsiň, emma tapyp bilmersiň,
Seniň bilen söweşýänler dünýä gelmedik ýaly ýok ediler+.
13 Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.
Sag eliňden berk tutup:
„Gorkma, saňa kömek ederin!“+ diýýän Hudaýyňdyryn.
14 Gurçuk ýaly ejiz Ýakup, gorkma!+
Ysraýyl halky, men sizi goldaryn».
Muny Ýehowa, siziň Halasgäriňiz*+,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy diýýär.
15 «Men seni harman döwülýän tagta ýaly ederin+,
Ýiti dişli täze döwek ýaly ederin.
Sen daglary depeläp, kül-owram edersiň,
Baýyrlary samana dönderersiň.
16 Sen olary ýele sowrarsyň.
Şemal olary uçuryp äkider,
Tüweleý çar tarapa pytradar.
17 «Mätäç we garyp suwsaýar, ýöne suw tapmaýar,
Olaryň damagy suwsuzlykdan guraýar+.
Men, Ýehowa, olara kömek ederin+,
Men, Ysraýylyň Hudaýy, olardan ýüz öwürmerin+.
Çölleri gamyşly köle öwrerin,
Takrap ýatan ýerlerden çeşmeler akdyraryn+.
Sährada arça agajyny,
Toraňňy we serwi agaçlaryny ekerin+.
20 Muny Ýehowanyň eliniň edendigini,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýaradandygyny,
Ähli halklar görerler we bilerler,
Oýlanarlar hem-de düşünerler»+.
21 Ýehowa: «Arzyňyzy aýdyň» diýýär.
Ýakubyň Patyşasy: «Deliller getiriň» diýýär.
22 «Subutnama getirip, gelejegi aýdyp beriň.
Gadymy* günler hakda gürrüň beriň,
Olar hakda oýlanaly, olaryň soňuny bileli.
Ýa-da gelejekde boljak zatlary gürrüň beriň+.
23 Bize gelejegi aýdyp beriň,
Şonda siziň taňrydygyňyzy bileris+.
Ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bir zatlar ediň,
Şonda işleriňizi görüp, haýran galarys+.
24 Emma siz hiç zatsyňyz,
Eden işiňiz ýokdur+.
Sizi saýlan adam ýigrenjidir+.
Küýzegäriň palçygy depeleýşi ýaly+,
Ol hem baştutanlary depelär.
26 Biz habarly bolar ýaly, kim muny ilkibaşda gürrüň berdi?
Biz: „Ol dogry aýdýar!“ diýer ýaly,
Kim gadymy günlerde aýdyp berdi?+
Hiç kim gürrüň bermedi!
Hiç kim aýdyp bermedi!
Hiç kim sizden bir agyz söz eşitmedi»+.
27 Men ilkinji bolup Siona gelejegi gürrüň berdim+.
Men Iýerusalime hoş habary aýdýany ibererin+.
28 Men seretdim, emma hiç kimi görmedim,
Olaryň hiç biri maslahat bermedi.
Men olaryň jogabyna köp garaşdym.
29 Ine, olaryň bary puçdur!*
Eden işleri ýokdur.
Guýma butlary şemal ýaly boşdur+.