Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 30
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Bilhadan Dan we Naftaly dogulýar (1—8)

      • Zilpadan Gad we Aşer dogulýar (9—13)

      • Leýadan Ysahar we Zebulun dogulýar (14—21)

      • Rahelden Ýusup dogulýar (22—24)

      • Ýakubyň mal⁠-⁠garasy (25—43)

1 Musa 30:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:29

1 Musa 30:4

Çykgytlar

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:22

1 Musa 30:6

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Kazy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:25; 46:23; 49:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:8

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Göreşim.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:25; 46:24; 49:21; 5Ms 33:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:26

1 Musa 30:11

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Şowly.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:19; 4Ms 32:33

1 Musa 30:13

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Bagtly; bagtyýar.

Parallel aýatlar

  • +Luk 1:46, 48
  • +1Ms 35:26; 46:17; 49:20; 5Ms 33:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: selmelek; mandragora.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:32

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hakyny töledim.

1 Musa 30:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hakymy töledi.

  • *

    Manysy: Hak; rysgal.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:23; 46:13; 49:14; 5Ms 33:18

1 Musa 30:19

Parallel aýatlar

  • +Rut 4:11

1 Musa 30:20

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: menden hoşal bolar; meni kabul eder.

  • *

    Manysy: Hoşal.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:32
  • +1Ms 35:23; 46:15; Zb 127:3
  • +1Ms 46:14; 49:13; 5Ms 33:18

1 Musa 30:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:1

1 Musa 30:22

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýatgysyny açdy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 29:31

1 Musa 30:23

Parallel aýatlar

  • +Luk 1:24, 25

1 Musa 30:24

Çykgytlar

  • *

    «Ýusupýar» adynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýah artdyrsyn.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:24; 45:4; 5Ms 33:13; Res 7:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 6

1 Musa 30:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:15; 31:13

1 Musa 30:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:41; Hoş 12:12

1 Musa 30:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:7

1 Musa 30:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:38

1 Musa 30:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 32:9, 10

1 Musa 30:31

Parallel aýatlar

  • +Hoş 12:12

1 Musa 30:32

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:7

1 Musa 30:34

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:8

1 Musa 30:37

Çykgytlar

  • *

    Hoşboý ysly, ak gülli agaç.

1 Musa 30:42

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:9

1 Musa 30:43

Parallel aýatlar

  • +1Ms 32:5; 36:6, 7

Umumy salgylar

1 Mus. 30:31Ms 29:29
1 Mus. 30:41Ms 35:22
1 Mus. 30:61Ms 35:25; 46:23; 49:16
1 Mus. 30:81Ms 35:25; 46:24; 49:21; 5Ms 33:23
1 Mus. 30:91Ms 35:26
1 Mus. 30:111Ms 49:19; 4Ms 32:33
1 Mus. 30:13Luk 1:46, 48
1 Mus. 30:131Ms 35:26; 46:17; 49:20; 5Ms 33:24
1 Mus. 30:141Ms 29:32
1 Mus. 30:151Ms 29:30
1 Mus. 30:181Ms 35:23; 46:13; 49:14; 5Ms 33:18
1 Mus. 30:19Rut 4:11
1 Mus. 30:201Ms 29:32
1 Mus. 30:201Ms 35:23; 46:15; Zb 127:3
1 Mus. 30:201Ms 46:14; 49:13; 5Ms 33:18
1 Mus. 30:211Ms 34:1
1 Mus. 30:221Ms 29:31
1 Mus. 30:23Luk 1:24, 25
1 Mus. 30:241Ms 35:24; 45:4; 5Ms 33:13; Res 7:9
1 Mus. 30:251Ms 28:15; 31:13
1 Mus. 30:261Ms 31:41; Hoş 12:12
1 Mus. 30:281Ms 31:7
1 Mus. 30:291Ms 31:38
1 Mus. 30:301Ms 32:9, 10
1 Mus. 30:31Hoş 12:12
1 Mus. 30:321Ms 31:7
1 Mus. 30:341Ms 31:8
1 Mus. 30:421Ms 31:9
1 Mus. 30:431Ms 32:5; 36:6, 7
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
Mukaddes Kitap
1 Musa 30:1—43

Birinji Musa

30 Rahel çaga dogrup bilmeýändigi üçin, aýal doganyna göriplik edip başlady. Ol Ýakuba: «Ölümimi islemeýän bolsaň, maňa çaga ber» diýdi. 2 Ýakubyň muňa gahary gelip: «Men näme, Hudaýmy? Hudaý saňa çaga bermeýän bolsa, men günäkärmi?» diýdi. 3 Şonda Rahel: «Gyrnagym Bilha+ bilen ýat, maňa çaga dogrup bersin. Bilha arkaly perzentli bolaýyn» diýdi. 4 Rahel gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi, Ýakup oňa ýanaşdy*+. 5 Bilha göwreli bolup, Ýakuba ogul dogurdy. 6 Şonda Rahel: «Hudaý adyl kazymdyr, ol ahy⁠-⁠nalamy eşidip, maňa ogul berdi» diýip, çaganyň adyna Dan*+ dakdy. 7 Raheliň gyrnagy Bilha ýene⁠-⁠de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogluny dogrup berdi. 8 Rahel: «Doganym bilen çynymy edip göreşip ýeňdim!» diýip, adyna Naftaly*+ goýdy.

9 Leýa indi çagasynyň bolmaýandygy üçin, gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi+. 10 Leýanyň gyrnagy Zilpa hem Ýakuba ogul dogurdy. 11 Şonda Leýa: «Meniňki şowuna boldy!» diýip, çaganyň adyna Gad*+ dakdy. 12 Leýanyň gyrnagy Zilpa göwreli bolup, Ýakuba ýene bir ogul dogurdy. 13 Leýa: «Bagtym çüwdi! Gelin⁠-⁠gyzlar maňa bagtly diýer»+ diýip, adyna Aşer*+ dakdy.

14 Orak döwri Ruben+ meýdanda aýlanyp ýörkä, mährigöýe* tapyp, ejesi Leýa getirip berdi. Şonda Rahel Leýa: «Ogluň getiren mährigöýesinden maňa⁠-⁠da beräý» diýdi. 15 Emma Leýa: «Ärimi elimden alanyňy az görýäňmi?+ Indi oglumyň mährigöýesini hem aljak bolýaňmy?» diýdi. Rahel bolsa: «Ogluň getiren mährigöýesinden berseň, şu gije Ýakup seniň bilen ýatar» diýdi.

16 Ýakup agşam öri meýdandan gelende, Leýa öňünden çykyp: «Şu gije meniň bilen ýat, munuň üçin oglumyň getiren mährigöýelerini Rahele berdim*» diýdi. Şeýlelikde, Ýakup şol gije Leýa bilen ýatdy. 17 Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Ol göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogluny dogrup berdi. 18 Ol: «Gyrnagymy ärime berenim üçin, Hudaý rysgalymy artdyrdy*» diýip, oglunyň adyna Ysahar*+ goýdy. 19 Leýa ýene⁠-⁠de göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogluny dogurdy+. 20 Şonda ol: «Hudaý meni artygy bilen sylaglady. Indi⁠-⁠hä ärim maňa gülüp bakar*+, sebäbi alty ogul dogrup berdim»+ diýip, oglunyň adyna Zebulun*+ goýdy. 21 Soňra Leýanyň bir gyzy boldy, adyna Dina+ dakdy.

22 Ahyry Hudaý Rahele nazar saldy, dileglerini eşidip, perzent berdi*+. 23 Rahel göwreli bolup, ogul dogranda: «Hudaý meni biabraý etmedi»+ diýdi. 24 Ol: «Ýehowa maňa ýene bir ogul berdi» diýip, oglunyň adyna Ýusup*+ dakdy.

25 Raheliň ogly Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana: «Meni goýber, öz ilime, dogduk mekanyma gideýin+. 26 Aýallarymy, çagalarymy hem ber. Olar üçin hyzmatyňy etdim, näçe azap çekenimi gowy bilýänsiň»+ diýdi. 27 Emma Laban: «Ýalbarýaryn, gitme. Men pal atdyryp gördüm, Ýehowa maňa sen arkaly bereket berýär» diýdi. 28 Soňra ol Ýakupdan: «Aýt, saňa näçe hak töläýin?»+ diýip sorady. 29 Ýakup: «Saňa nädip hyzmat edendigimi, gelenim bäri, sürüleriň nähili köpelendigini gowy bilýänsiň+. 30 Men gelmänkäm, sanlyja malyň bardy, häzir bolsa sürüleriň örňäp köpeldi, Ýehowa rysgalyňy artdyrdy. Indi öz ojagym üçin işläýin»+ diýdi.

31 Laban Ýakupdan: «Saňa näme bereýin?» diýip sorady. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Ýöne bir haýyşymy bitirseň, mundan beýlägem sürüleriňe göz⁠-⁠gulak bolup, bakyp bereýin+. 32 Şu gün sürüleriňi gözden geçireýin. Mallaryň arasyndan menekli, ala goýun⁠-⁠geçileri we goňur toklulary aýryp goý. Şu günden şeýläk olar meniň iş hakym bolar+. 33 Isleseň, gel⁠-⁠de, şol mallary gözden geçir, meniň halal adamdygyma göz ýetirersiň. Eger sürimiň içinden menekli, ala geçilerden ýa⁠-⁠da goňur toklulardan başga ýekeje mal tapaýsaň, meni ogrulykda aýyplap bilersiň» diýdi.

34 Laban: «Bolýar, men razy»+ diýip jogap berdi. 35 Şol gün Laban sürüden menekli, ala, ak tegmilli tekeleri we geçileri, goňur toklulary aýryp, olary ogullaryna bakmaga berdi. 36 Soňra ol üç günlük ýol ýöräp, Ýakubyň sürüsinden arany açdy. Ýakup bolsa Labanyň galan goýunlaryny bakyberdi.

37 Ýakup badam, çynar we stiraks* agaçlarynyň şahalaryny kesip aldy⁠-⁠da, gabyklaryny her ýerinden sypyryp, çybyklary alabeder etdi. 38 Soňra şol çybyklary suw içilýän nowalarda, mallaryň öňünde goýdy. Suw içmäge gelen mallar çybyklara seredip, höwre gelerdi.

39 Mallar nowalaryň öňünde höwre gelip, menekli, tegmilli we ala owlak⁠-⁠guzulary guzlardy. 40 Ýakup olary aýryp, Labanyň sürüsini ala we goňur mallara seretdirip goýdy. Şeýlelikde, ol öz sürüsini aýry saklap, Labanyň sürüsine goşmady. 41 Sagdyn mallar höwre gelende, Ýakup olaryň öňündäki nowalarda çybyklary goýardy. 42 Hor mallar höwre gelende bolsa, çybyklary nowalara salmazdy. Şeýdip, hor mallar Labanyňky, sagdyn mallar Ýakubyňky bolýardy+.

43 Ýakup juda baýap, köp sanly gul⁠-⁠gyrnaklary, sürüleri, düýeleri we eşekleri edindi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş