Birinji Musa
43 Ýurtda açlyk gaty güýjäpdi+. 2 Müsürden getirilen galla gutaranda+, Ýakup ogullaryna: «Gidiň-de, ýene biraz galla alyp geliň» diýdi. 3 Şonda Ýahuda kakasyna şeýle diýdi: «Ol adam: „Iniňizi getirmeseňiz, ýanyma gelip oturmaň“ diýip, çürt-kesik aýtdy+. 4 Inimizi iberseň-ä, galla almaga gideris. 5 Goýbermeseň, gidip bilmeris, sebäbi ol adam: „Ýanyňyzda iniňiz bolmasa, meni görjek bolup oturmaň“ diýdi»+. 6 Ysraýyl+ olara: «Öz diliňizden bela galyp, ýene bir doganymyz bar diýmek nämä gerekdi? Meni ne güne saldyňyz?» diýdi. 7 Ogullary bolsa: «Ol adam: „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, maşgalamyz hakda çintgäp-çintgäp sorady. Bizem bolşy ýaly aýtdyk+. Iniňizi getir diýjegini näbileli?!» diýdiler+.
8 Ýahuda kakasyna ýalbaryp: «Inimi äkidäýin+. Senem, bizem, çagalarymyzam+ açlykdan ölmez ýaly+, bizi goýber, gideli. 9 Jigimi öz boýnuma alýaryn+. Bir zat bolsa, meniň ýakamdan tutaý. Inimi yzyna getirmesem, galan ömrüme seniň öňüňde ýazykly bolaryn. 10 Öňräk giden bolsak, Müsüre eýýäm iki gezek baryp gaýdardyk» diýdi.
11 Şonda Ysraýyl ogullaryna şeýle diýdi: «Başga çykalga bolmasa, onda şeýdeliň: ýurduň iň gowy zatlaryndan biraz melhem+, az-owlak bal, ladan*, şireli agaç gabygyny+, pisse hem badam alyň-da, ol adama sowgat äkidiň+. 12 Ýanyňyza iki esse pul alyň, horjunyňyza salnan pullary hem yzyna äkidiň+. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr. 13 Baryň, ol adamyň ýanyna iniňizi hem alyp gidiň. 14 Hernä, Gudratygüýçli Hudaý ol adamyň ýüregini ýumşatsyn-da! Belki, ol Şimgony we Benýamini goýberer. Perzentlerimden jyda düşmeli bolsam-da, nädeýin, etjek alajym ýok!»+ diýdi.
15 Şeýlelikde, olar sowgat-serpaý we iki esse pul alyp, inisi Benýamin bilen ýola düşdüler. Müsüre gelip, ýene Ýusubyň ýanyna bardylar+. 16 Ýusup Benýaminiň hem gelenini görüp, baş hyzmatkärine: «Olary öýe elt-de, mal soýup, naharyň ugruna çyk. Günortan olar bilen çörek iýjek» diýdi. 17 Hyzmatkär dessine Ýusubyň tabşyryşy ýaly+, olary öýüne äkitdi. 18 Ýusubyň öýüne baran doganlary gorkup, bir-birlerine: «Bizi öňki gezek horjunlarymyza salnan pullar üçin bärik getirendirler. Häzir eşeklerimizi alarlar-da, özümizi tutup, gul ederler»+ diýişdiler.
19 Olar gapynyň agzynda duran Ýusubyň baş hyzmatkäriniň ýanyna baryp: 20 «Jenabym, saňa aýtjak zadymyz bar. Biz öňem galla satyn almaga gelipdik+. 21 Öýe gaýdyp barýarkak, düşlän ýerimizde horjunymyzy açyp görsek, beren pullarymyz şol durşuna duran eken+. Indi şony elinjek gowşuraly diýip geldik. 22 Ýene-de galla satyn almaga pulumyz bar. Öňki pullary torba kimiň salanyny bilemizok»+ diýdiler. 23 Baş hyzmatkär: «Alada etmäň. Gorkara zat ýok. Pullary horjunyňyza siziň Hudaýyňyz, kakaňyzyň Hudaýy salandyr. Galla üçin pul töläniňizi bilýärin» diýdi. Soňam gidip, Şimgony olaryň ýanyna getirdi+.
24 Baş hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, aýaklaryny ýuwmaga suw getirdi, eşeklerine-de iým berdi. 25 Olar Ýusup bilen günortan nahar iýjekdiklerini eşidip+, ol gelinçä, sowgat-serpaýyny taýynladylar+. 26 Ýusup içerik girende, sowgatlaryny berdiler-de, ýüzlerini ýere berip, tagzym etdiler+. 27 Ýusup olaryň hal-ýagdaýlaryny sorap: «Garry kakaňyz bar diýipdiňiz. Ýagdaýlary gowumy? Sag-gurgun gezip ýörmi?»+ diýdi. 28 Olar: «Hawa, jenabym, kakamyz sag-aman gezip ýör» diýip jogap berdiler-de, ýene dyza çöküp, tagzym etdiler+.
29 Süýtdeş jigisi Benýamine+ gözi düşüp, Ýusup: «Körpäňiz şumy?»+ diýip sorady. Soňam Benýamine: «Hudaý seni öz penasynda saklasyn, oglum!» diýdi. 30 Inisini görüp, Ýusubyň damagy dolup, gözüne ýaş aýlandy. Ol derrew çykyp, öz otagyna girdi-de, ses edip aglady+. 31 Ýusup özüni birneme dürsäp, ýüzüni ýuwup, ýene olaryň ýanyna bardy-da, hyzmatkärlerine: «Nahar getiriň!» diýdi. 32 Nahary Ýusuba aýry, doganlaryna we öýündäki müsürlilere aýry guýup berdiler. Sebäbi müsürliler ýewreýler bilen bir saçakdan çörek iýmegi haram hasaplaýardylar+.
33 Ýusubyň doganlaryny garşysynda uludan-kiçä+, ýaşyna görä oturtdylar. Olar bolsa haýran galyp, biri-birlerine aňk-taňk bolup seredişdiler. 34 Ýusup öz saçagyndan doganlaryna nahar uzadyp durdy. Benýamine bolsa agalarynyňkydan bäş esse köp berdi+. Şeýlelikde, olar Ýusup bilen iýip-içip, garnyny doýurdylar.