13 Akylly ogul atasynyň terbiýesinden çykýan däldir+,
Özdiýenli ogul käýinji diňleýän däldir+.
2 Süýji dilli adam haýyr tapýandyr+,
Mekirleriň ýüregi zalymlykdan doludyr.
3 Dilini saklaýan janyny gorar+,
Boş gepleýän heläk bolar+.
4 Ýaltanyň arzuw-hyýaly köpdür, ýöne kör-köpügi ýokdur+.
Işeňňir adamyň garny gerk-gäbe doýýandyr+.
5 Dogruçyl ýalany ýigrenýär+,
Erbediň eden işleri abraýdan düşürýär.
6 Dogruçyllyk günäsizi gala kimin goraýar+,
Erbetlik günäkäri mazara indirýär.
7 Biri bardyr, özüni baý görkezýär, ýöne hiç zady ýok+,
Biri bardyr, özüni garyp görkezýär,
Emma mal-mülki dünýä sygýan däldir.
8 Barly adam jany üçin baýlygyny berer+,
Garyp bolsa howpdan daşdadyr+.
9 Dogruçylyň çyrasy ýalkym saçýar+,
Erbetleriň çyrasy tiz öçýär+.
10 Tekepbirlik dawa-jenjel turuzýar+,
Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar+.
11 Aňsat ýol bilen toplanan baýlyk tiz dargaýar+,
Agyr zähmet bilen toplanan baýlyk bereketli bolýar.
12 Uzaga çeken tama ýürege dertdir+,
Ýerine ýeten arzuw ýaşaýyş daragtydyr+.
13 Tabşyrygy äsgermedige temmi berler+,
Kanundan gorkýana halat-serpaý ýapylar+.
14 Paýhasly adamyň sözleri ýaşaýyş çeşmesidir+,
Adamy ölüm penjesinden halas edýändir.
15 Düşünjeli bereket alýar,
Mekirlige baş goşan görgi baryny görýär.
16 Ätiýaçly adam paýhasly ädim ädýär+,
Akylsyz bolsa akmaklygyny görkezýär+.
17 Erbet habarçy şum habar getirýär+,
Wepaly çapar halkyň janyna melhemdir+.
18 Terbiýäni ýigrenen garyp düşüp, masgara bolýar,
Käýinji diňläp düzelen adam öwülýär+.
19 Arzuwyna ýeten ýürek begenýär+,
Akmak erbetlige jany-teni bilen ýapyşýar+.
20 Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň+,
Akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň+.
21 Betbagtçylyk günäkäri yzarlaýandyr+,
Dogruçylyň sylagy mal-mülküdir+.
22 Ýagşy adam agtyklaryna miras goýýar,
Erbediň baýlygy dogruçyllara galýar+.
23 Garyp daýhanyň mellegi bol hasyl berýär,
Adalatsyzlyk bolsa ýakyp kül edýär.
24 Temmi taýagyny gaýgyrýan ogluny ýigrenýär+,
Çagasyny söýýän yhlas bilen terbiýeleýär+.
25 Dogruçyl iýip doýýar+,
Erbet adam aç galýar+.