Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Taryh 24
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Taryh kitabynyň mazmuny

      • Ýehoýaşyň hökümdarlygy (1—3)

      • Ýehoýaş ybadathanany bejerdýär (4—14)

      • Ýehoýaşyň Hudaýa biwepalygy (15—22)

      • Ýehoýaşyň ölümi (23—27)

2 Taryh 24:1

Parallel aýatlar

  • +2Pa 11:21
  • +1Ms 21:14; 2Şm 3:10; 2Pa 12:1

2 Taryh 24:2

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:2

2 Taryh 24:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 22:3—5

2 Taryh 24:5

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:4, 5; 2Tr 29:1, 3; 34:9, 10
  • +2Pa 12:6

2 Taryh 24:6

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk çadyry.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:7
  • +2Ms 30:12—16
  • +4Ms 1:50

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2020, sah. 5

2 Taryh 24:7

Parallel aýatlar

  • +2Tr 22:2, 3
  • +2Tr 28:24

2 Taryh 24:8

Parallel aýatlar

  • +Mar 12:41
  • +2Pa 12:9

2 Taryh 24:9

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:12—16; Neh 10:32; Mat 17:24

2 Taryh 24:10

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Sandyga pul atmadyk adam galmady.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 29:9

2 Taryh 24:11

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:10

2 Taryh 24:12

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:11, 12; 2Tr 34:10, 11

2 Taryh 24:14

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:16; 4Ms 7:84
  • +4Ms 28:3

2 Taryh 24:16

Parallel aýatlar

  • +1Pa 2:10
  • +2Tr 23:1

2 Taryh 24:18

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

2 Taryh 24:19

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: özüne dolanmagy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:13, 14; 2Tr 36:15, 16; Ýer 7:25, 26

2 Taryh 24:20

Parallel aýatlar

  • +2Tr 23:11
  • +5Ms 29:24, 25; 1Tr 28:9; 2Tr 15:2

2 Taryh 24:21

Parallel aýatlar

  • +Ýer 11:19
  • +Mat 23:35; Luk 11:51

2 Taryh 24:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: bildiren wepaly söýgüsini.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:5; Zb 94:1; Ýer 11:20; Ýew 10:30

2 Taryh 24:23

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:17
  • +2Tr 24:17, 18

2 Taryh 24:24

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:17, 37; 5Ms 32:30

2 Taryh 24:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ogluny. Zekerýa gowy adam bolansoň, köplük sanda aýdylan bolmagy mümkin.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:20
  • +2Tr 24:20, 21
  • +2Şm 5:9; 1Pa 2:10
  • +2Tr 21:16, 20; 28:27

2 Taryh 24:26

Parallel aýatlar

  • +2Pa 12:21

2 Taryh 24:27

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: patyşalaryň kitabyndaky belliklerde.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 24:20
  • +2Tr 24:13

Umumy salgylar

2 Tar. 24:12Pa 11:21
2 Tar. 24:11Ms 21:14; 2Şm 3:10; 2Pa 12:1
2 Tar. 24:22Pa 12:2
2 Tar. 24:42Pa 22:3—5
2 Tar. 24:52Pa 12:4, 5; 2Tr 29:1, 3; 34:9, 10
2 Tar. 24:52Pa 12:6
2 Tar. 24:62Pa 12:7
2 Tar. 24:62Ms 30:12—16
2 Tar. 24:64Ms 1:50
2 Tar. 24:72Tr 22:2, 3
2 Tar. 24:72Tr 28:24
2 Tar. 24:8Mar 12:41
2 Tar. 24:82Pa 12:9
2 Tar. 24:92Ms 30:12—16; Neh 10:32; Mat 17:24
2 Tar. 24:101Tr 29:9
2 Tar. 24:112Pa 12:10
2 Tar. 24:122Pa 12:11, 12; 2Tr 34:10, 11
2 Tar. 24:142Ms 37:16; 4Ms 7:84
2 Tar. 24:144Ms 28:3
2 Tar. 24:161Pa 2:10
2 Tar. 24:162Tr 23:1
2 Tar. 24:192Pa 17:13, 14; 2Tr 36:15, 16; Ýer 7:25, 26
2 Tar. 24:202Tr 23:11
2 Tar. 24:205Ms 29:24, 25; 1Tr 28:9; 2Tr 15:2
2 Tar. 24:21Ýer 11:19
2 Tar. 24:21Mat 23:35; Luk 11:51
2 Tar. 24:221Ms 9:5; Zb 94:1; Ýer 11:20; Ýew 10:30
2 Tar. 24:232Pa 12:17
2 Tar. 24:232Tr 24:17, 18
2 Tar. 24:243Ms 26:17, 37; 5Ms 32:30
2 Tar. 24:252Pa 12:20
2 Tar. 24:252Tr 24:20, 21
2 Tar. 24:252Şm 5:9; 1Pa 2:10
2 Tar. 24:252Tr 21:16, 20; 28:27
2 Tar. 24:262Pa 12:21
2 Tar. 24:272Tr 24:20
2 Tar. 24:272Tr 24:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
2 Taryh 24:1—27

Ikinji Taryh

24 Ýehoýaş ýedi ýaşynda patyşa boldy+. Ol Iýerusalimde 40 ýyl höküm sürdi. Ejesi Sibiýa beýer⁠-⁠şebalydy+. 2 Ýehoýada ruhanynyň döwründe Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 3 Ýehoýada oňa iki aýal alyp berdi. Ýehoýaşyň birnäçe ogul⁠-⁠gyzy boldy.

4 Soňra Ýehoýaş Ýehowanyň öýüni bejermegi ýüregine düwdi+. 5 Ol ruhanylary we lewileri ýygnap: «Ýahudanyň şäherlerine aýlanyň⁠-⁠da, Hudaýyň öýüni her ýyl bejerer ýaly, halkdan pul ýygnaň+. Haýal etmän munuň ugruna çykyň» diýdi. Emma lewiler tabşyrylan işi wagty bilen etmediler+. 6 Şonda Ýehoýaş patyşa uly ruhany Ýehoýadany çagyryp+: «Lewilerden näme üçin hasabat soraňok? Olar Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýahuda we Iýerusalim ilatyndan mukaddes salgyt+ ýygnamaly. Ysraýyllar mukaddes çadyr* üçin salgyt bermeli ahyryn+. 7 Bilýäň⁠-⁠ä, zalym aýal Atalýanyň+ ogullary hak Hudaýyň öýüne kürsäp girip+, Ýehowanyň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde edende ulanypdy» diýdi. 8 Soňra patyşanyň buýrugy bilen, sandyk+ ýasap, Ýehowanyň öýüniň derwezesinde goýdular+. 9 Hak Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyllara tabşyryşy ýaly, Ýehowa üçin mukaddes salgyt+ getirmelidigi hakda Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi. 10 Muny eşiden halk we han⁠-⁠begler begenip+, sadaka getirip başladylar. Olar sandygy puldan doldurdylar*.

11 Sandyk dolanda, lewiler ony patyşanyň ýanyna elterdiler. Patyşanyň kätibi bilen uly ruhanynyň kömekçisi sandygy boşadyp+, öňki ýerinde goýardy. Olar her gün şeýle ederdiler. Şeýdip, köp pul ýygnadylar. 12 Patyşa bilen Ýehoýada pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere berdiler. Olar hem Ýehowanyň öýüni bejermek üçin daş ýonýanlary, senetçileri, Ýehowanyň öýüniň zaýalanan ýerlerini düzetmek+ üçin demirçi we mis ussalary hakyna tutdular. 13 Gözegçiler işe başladylar, olaryň gözegçiliginde iş gowy gidýärdi. Şeýlelikde, hak Hudaýyň öýüni gowy edip bejerip, öňküsi ýaly etdiler. 14 Galan pullary patyşa we Ýehoýada eltip berdiler. Olar bolsa şol pullardan Ýehowanyň öýi üçin gap⁠-⁠gaçlary, Hudaýa hyzmat edilende we gurban berlende ulanylýan gap⁠-⁠gaçlary, käseleri, altyn⁠-⁠kümüş gaplary ýasadylar+. Ýehoýadanyň döwründe Ýehowanyň öýünde ýakma gurbanlyklary+ yzygiderli berýärdiler.

15 Ýehoýada uzak ýaşap, durmuşyndan razy bolup, 130 ýaşynda aradan çykdy. 16 Ýehoýadany Dawudyň şäherinde, patyşalaryň ýanynda jaýladylar+, sebäbi ol Ysraýylda hak Hudaý we ybadathana üçin köp ýagşy işleri edipdi+.

17 Ýehoýada ýogalansoň, Ýahuda han⁠-⁠begleri gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olary diňledi. 18 Olar ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni taşlap, keramatly pürslere* we butlara sežde edip başladylar. Olaryň eden günäleri sebäpli, Hudaýyň Ýahuda bilen Iýerusalime gahar⁠-⁠gazaby lowlady. 19 Ýehowa halkyň toba etmegi* üçin, ençeme pygamberlerini iberdi. Pygamberler gaýta⁠-⁠gaýta duýduryş berse⁠-⁠de, halk gulak asmady+.

20 Soňra Ýehoýada+ ruhanynyň ogly Zekerýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol halkyň öňüne çykyp: «Hak Hudaý şeýle diýýär: „Siz näme üçin Ýehowanyň tabşyryklaryny bozýaňyz? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, ol hem sizden ýüz öwrer“»+ diýdi. 21 Emma olar dil düwşüp+, patyşanyň buýrugy bilen, Zekerýany Ýehowanyň öýüniň howlusynda daşlap öldürdiler+. 22 Şeýdip, Ýehoýaş patyşa Zekerýanyň kakasy Ýehoýadanyň eden ýagşylyklaryny* unudyp, ogluny öldürdi. Zekerýa soňky deminde: «Eden etmişiň üçin Ýehowa jezaňy bersin»+ diýdi.

23 Ýylyň başynda siriýalylar Ýehoýaş patyşa bilen söweşmäge geldiler. Olar Ýahuda we Iýerusalime çozdular+. Halkyň han⁠-⁠beglerini öldürip+, oljalaryny Damasgyň patyşasyna iberdiler. 24 Siriýalylaryň goşuny az bolsa⁠-⁠da, Ýehowa Ýahudanyň ägirt uly goşunyny olaryň eline berdi+, sebäbi halk ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi. Şeýlelikde, siriýalylar Ýehoýaşyň üstünden çykarylan hökümi ýerine ýetirdiler. 25 Olar Ýehoýaşy agyr ýaralap gitdiler. Soňra hyzmatkärleri dil düwşüp, Ýehoýaşy ýatan düşeginde öldürdiler+, sebäbi ol Ýehoýada ruhanynyň ogullaryny* öldüripdi+. Ýehoýaşy Dawudyň şäherinde+ jaýladylar, ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar+.

26 Ýehoýaşa garşy dil düwşenler+ ammon halkyndan Şimeýatyň ogly Zabat bilen mowap halkyndan Şimritiň ogly Ýehozabatdy. 27 Ýehoýaşyň ogullary, oňa çykarylan hökümler+ we hak Hudaýyň öýüni bejerişi+ hakda patyşalaryň kitabynda* jikme⁠-⁠jik ýazylandyr. Ýehoýaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş