Zebur
Dawudyň aýdymy.
א [Elip]
37 Zalym adamlar üçin janyňy ýakma,
Günä edýän adamlara göriplik etme+.
2 Olar ot kimin tiz gurar+,
Gök maýsa kimin solar.
ב [Bet]
4 Ýehowanyň işlerine ýürekden şatlan,
Ol seni arzuwyňa ýetirer.
ג [Gimel]
6 Şonda dogruçyllygyň daň şapagy kimin,
Adalatyň Gün kimin şöhle saçar.
ד [Dal]
7 Ýehowanyň huzurynda ümsüm bol+,
Sabyrly garaş.
Erbet adamyň işi oňuna bolanda,
Janyňy ýakma+.
ה [He]
ו [Waw]
ז [Zaýn]
12 Erbet adam dogruçyla duzak gurýar+,
Oňa dişini gyjaýar.
13 Emma Ýehowa zalymyň üstünden gülýär,
Onuň heläk boljak gününi bilýär+.
ח [Het]
14 Erbet adam ýaýyny çekip, gylyjyny gynyndan çykarýar,
Pukaranyň, ezileniň janyny alyp,
Dogruçylyň başyny kesmek isleýär.
15 Emma gylyjy öz gursagyna sanjylar+,
Ýaýy bölek-bölek ediler.
ט [Tet]
16 Dogruçylyň sanlyja maly,
Erbetleriň mal-mülkünden gowudyr+.
17 Erbetleriň goly döwler,
Ýehowa dogruçyllara hemaýat eder.
י [Ýod]
18 Ýehowa bigünäleriň çekýän derdini bilýär.
Olaryň mirasy nesilden-nesle geçýär+.
19 Olar heläkçilik döwri utanja galmaz,
Açlyk döwri saçaklary doly bolar.
כ [Käp]
20 Erbetler ýok bolar+,
Ýehowanyň duşmanlary guran öri meýdan ýaly bolar.
Olar tüsse kimin gaýyp bolar.
ל [Lam]
21 Erbet adam karz alar, yzyna bermez,
Dogruçyl bolsa jomartdyr, hiç gysganmaz+.
22 Hudaýyň ýalkan adamy ýeri miras alar,
Allanyň gargan adamy ýok bolar+.
מ [Mim]
נ [Nun]
25 Men ýaş ýigitdim, indi garradym,
Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni+,
Zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni+.
26 Ol jomartlyk bilen berýär+,
Çagalary-da bereket alýar.
ס [Sameh]
27 Ýamandan gaça dur, ýagşylyk et+,
Ýer ýüzünde ebedi ýaşa.
28 Ýehowa adalaty söýýär,
Wepaly gullaryny taşlamaýar+.
ע [Aýn]
פ [Pe]
30 Dogruçylyň agzyndan paýhasly sözler çykýar,
Adalaty dilinden düşürmeýär+.
צ [Sad]
32 Erbet adam dogruçyldan gözüni aýyrman,
Janyny almagyň ýoluny agtarýar.
ק [Kap]
34 Ýehowa umyt bagla, onuň ýolundan ýöre,
Ol seni beýgelder, ýeri miras alarsyň,
Erbetleriň ýok edilişini+ gözüň bilen görersiň+.
ר [Reş]
35 Men zalym we rehimsiz adamy gördüm,
Ol mes toprakda gülläp ösýän agaja meňzeýärdi+.
ש [Şin]
38 Günäkärler bolsa ýok ediler,
Erbetler kesilip taşlanar+.
ת [Taw]
40 Ýehowa dogruçyly halas eder+.
Erbet adamyň elinden alyp galar,
Sebäbi ol Hudaýy pena edinýär+.