Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şamuwel bilen Şawul (1—27)

1 Şamuwel 9:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:51; 1Tr 8:33; Res 13:21
  • +Ser 21:17

1 Şamuwel 9:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 11:15; 13:13; 15:26; 28:7; 31:4; 2Şm 1:23

1 Şamuwel 9:3

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: urkaçy eşekleri.

1 Şamuwel 9:5

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:2

1 Şamuwel 9:6

Parallel aýatlar

  • +1Şm 3:19

1 Şamuwel 9:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şekeliň dörtden bir bölegi. Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

1 Şamuwel 9:9

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:19; 2Şm 15:27; 1Tr 9:22; 29:29

1 Şamuwel 9:11

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:19

1 Şamuwel 9:12

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 3:2; 1Tr 16:39; 2Tr 1:3
  • +1Şm 7:9; 16:5

1 Şamuwel 9:13

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: gurbanlyga ak pata bermese.

1 Şamuwel 9:16

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 18:11
  • +1Şm 10:1; 15:1
  • +Zb 106:43, 44; 107:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2015, sah. 6

1 Şamuwel 9:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:24; 15:17; Res 13:21

1 Şamuwel 9:19

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Sen meniň öňümden ýöre.

  • *

    Sözme-söz: ýüregiňdäki bar zady.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:13, 24

1 Şamuwel 9:20

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:3
  • +1Şm 8:5, 19; 12:13

1 Şamuwel 9:21

Parallel aýatlar

  • +Ser 20:46, 47

1 Şamuwel 9:25

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:13, 19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2015, sah. 6

1 Şamuwel 9:27

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:3, 10

Umumy salgylar

1 Şam. 9:11Şm 14:51; 1Tr 8:33; Res 13:21
1 Şam. 9:1Ser 21:17
1 Şam. 9:21Şm 11:15; 13:13; 15:26; 28:7; 31:4; 2Şm 1:23
1 Şam. 9:51Şm 10:2
1 Şam. 9:61Şm 3:19
1 Şam. 9:91Şm 9:19; 2Şm 15:27; 1Tr 9:22; 29:29
1 Şam. 9:111Şm 9:19
1 Şam. 9:121Pa 3:2; 1Tr 16:39; 2Tr 1:3
1 Şam. 9:121Şm 7:9; 16:5
1 Şam. 9:16Ýuş 18:11
1 Şam. 9:161Şm 10:1; 15:1
1 Şam. 9:16Zb 106:43, 44; 107:19
1 Şam. 9:171Şm 10:24; 15:17; Res 13:21
1 Şam. 9:191Şm 9:13, 24
1 Şam. 9:201Şm 9:3
1 Şam. 9:201Şm 8:5, 19; 12:13
1 Şam. 9:21Ser 20:46, 47
1 Şam. 9:251Şm 9:13, 19
1 Şam. 9:271Şm 9:3, 10
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 9:1—27

1 Şamuwel

9 Benýamin taýpasyndan Kiş+ atly tüçjar baý adam bardy. Ol Seroryň ogly, Bekoratyň agtygy, benýamin taýpasyndan+ Apyýanyň çowlugy Abyýeliň neslindendi. 2 Kişiň Şawul+ atly ýaş hem görmegeý ogly bardy. Ysraýyllaryň arasynda Şawulyň boý-syratyna taý geljek ýokdy, ol hemmelerden uzyndy, beýlekiler zordan onuň egnine ýetýärdi.

3 Günlerde bir gün Şawulyň kakasy Kişiň eşekleri* ýitdi. Ol ogly Şawula: «Ýanyňa hyzmatkärleriň birini al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. 4 Olar Efraýymyň daglaryna we Şalyşa aýlanyp çykdylar, emma eşekleri tapmadylar. Şegalim topragyna-da aýlandylar, eşekler tapylmady. Soňra Benýamin topragyna aýlanyp çykdylar, şonda-da tapmadylar.

5 Ahyrsoňy Zup topragyna geldiler. Şawul hyzmatkärine: «Ýör, öýe gaýdaly, ýogsam kakam eşekleri däl-de, bizi alada edip başlar»+ diýdi. 6 Emma hyzmatkär: «Golaýdaky şäherde bir abraýly, hudaýhon adam bar, aýdan zady dogry bolup çykýar+. Ýör, şonuň ýanyna gideli, belki, ol eşekleri tapyp berer» diýdi. 7 Şawul: «Gitsek, ol adama näme äkideli? Çöregimiz-ä gutardy, hak Hudaýyň guluna berer ýaly zadymyz ýok. Elimiz boş baralymy?» diýdi. 8 Hyzmatkär bolsa: «Mende bir kümüş teňňe* bar. Hak Hudaýyň guluna şony beräýeli. Ol eşekleri tapmaga kömek eder» diýip jogap berdi. 9 (Öňler Ysraýylda biri Hudaýdan maslahat sorajak bolsa: «Ýör, weliniň*+ ýanyna gideli» diýerdi. Öňki döwürde pygambere «weli» diýilýärdi). 10 Şawul hyzmatkärine: «Dogry aýdýaň, ýör, gideli» diýdi. Şeýdip, olar hak Hudaýyň gulunyň ýaşaýan şäherine gitdiler.

11 Ýokarlygyna ýöräp, şähere barýarkalar, suw almaga çykan gyzlary görüp: «Weli+ şu ýerdemi?» diýip soradylar. 12 Olar: «Hawa, ol biraz öňüňizden ýöräp barýar. Şähere şu gün geldi, halk seždegähde*+ gurbanlyk berýär+. Çaltrak gitseňiz, 13 şähere giren badyňyza duşarsyňyz. Ol gurbanlykdan iýmek üçin seždegähe barýandyr. Ol seždegähe baryp, Hudaýa doga etmese*, halk gurbanlykdan datmaz. Adamlar diňe doga edilensoň iýip içer. Eglenmän gitseňiz, welini taparsyňyz» diýdiler. 14 Şawul bilen hyzmatkäri şähere gitdi. Şamuwel bolsa olary seždegähe äkitmek üçin garşy almaga gelýän eken.

15 Şondan bir gün öň Ýehowa Şamuwele: 16 «Ertir şu wagtlar ýanyňa Benýamin+ topragyndan bir adamy ibererin. Ony ysraýyl halkyma baştutan belle+. Ol halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Men halkymyň çekýän horlugyny gördüm, dady-perýadyny eşitdim»+ diýipdi. 17 Şamuwel Şawuly gören badyna, Ýehowa oňa: «Ine halkyma baştutanlyk etjek adam»+ diýdi.

18 Şawul derwezäniň ýanynda Şamuwele duşup: «Agam, weliniň öýi niredekä?» diýip sorady. 19 Şamuwel hem: «Weli diýýäniň-ä men. Ýör*, seždegähe gideli, bile çörek iýeris+. Seni ertir irden yzyňa ugradaryn, bilesiň gelýän zatlary* hem aýdaryn. 20 Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňi+ alada edip oturma, olar eýýäm tapyldy. Onsoňam, Ysraýylyň ähli genji-hazynasy seniň bilen ataň hojalygynyňky dälmi näme?!»+ diýdi. 21 Şonda Şawul: «Men ysraýyl taýpalarynyň iň kiçisi benýaminlerden ahyryn+. Maşgalamyz hem benýamin taýpasynda iň kiçi maşgala. Maňa näme üçin beýle diýýäň?» diýdi.

22 Soňra Şamuwel Şawul bilen hyzmatkärini nahar iýilýän ýere eltip, törde oturtdy. Şol ýere 30-a golaý myhman çagyrylypdy. 23 Şamuwel aşpeze: «Aýryp goý diýen paýymy getir» diýdi. 24 Aşpez bir budy getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel: «Men olara myhman çagyrjagymy aýdypdym. Al, iýiber, muny ýörite seniň üçin aýyrtdym» diýdi. Şol gün Şawul Şamuwel bilen iýip içdi. 25 Olar seždegähden+ gaýdyp, şähere geldiler. Şamuwel Şawul bilen üçege çykyp, gürrüňini dowam etdi. 26 Ertesi irden heniz jahan ýagtylmanka, Şamuwel üçekde ýatan Şawuly çagyryp: «Ýola taýýarlan, seni ugradaýyn» diýdi. Şawul taýyn bolansoň, Şamuwel bilen daşaryk çykdy. 27 Şäherden çykyp, aşaklygyna ýöräp barýarkalar, Şamuwel: «Hyzmatkäriňe+ aýt, öňräkden ýöräbersin» diýdi. Hyzmatkär arany açanda, Şamuwel Şawula: «Hany, biraz saklan, saňa Hudaýyň sözüni aýdaýyn» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş