Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Abselimiň ýeňlişi we ölümi (1—18)

      • Dawut Abselimiň ölenini bilýär (19—33)

2 Şamuwel 18:1

Parallel aýatlar

  • +Nak 20:18

2 Şamuwel 18:2

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 8:16; 10:7
  • +2Şm 23:18, 19
  • +2Şm 15:19, 21

2 Şamuwel 18:3

Parallel aýatlar

  • +2Şm 21:17
  • +2Şm 17:1—3; Agy 4:20

2 Şamuwel 18:5

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:12

2 Şamuwel 18:6

Parallel aýatlar

  • +2Şm 17:26

2 Şamuwel 18:7

Parallel aýatlar

  • +2Şm 16:15
  • +Zb 3:7; Nak 24:21, 22

2 Şamuwel 18:10

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:16; 18:2

2 Şamuwel 18:12

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:5

2 Şamuwel 18:14

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: kiçi naýza.

2 Şamuwel 18:15

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:10; Nak 2:22; 20:20; 30:17

2 Şamuwel 18:16

Çykgytlar

  • *

    Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

2 Şamuwel 18:17

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 7:24, 26; 8:29; 10:23, 27

2 Şamuwel 18:18

Parallel aýatlar

  • +2Şm 14:27
  • +1Ms 14:17

2 Şamuwel 18:19

Parallel aýatlar

  • +2Şm 15:35, 36; 17:17
  • +Zb 9:4

2 Şamuwel 18:20

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:5

2 Şamuwel 18:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:6

2 Şamuwel 18:24

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:4
  • +2Pa 9:17

2 Şamuwel 18:27

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:19

2 Şamuwel 18:28

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: saňa el galdyranlary.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 22:47; Zb 144:1

2 Şamuwel 18:29

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:22

2 Şamuwel 18:31

Parallel aýatlar

  • +2Şm 18:21
  • +2Şm 22:49; Zb 55:18; 94:1; 124:2, 3

2 Şamuwel 18:32

Parallel aýatlar

  • +Zb 27:2

2 Şamuwel 18:33

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:10; 17:14; 19:1; Nak 19:13

Umumy salgylar

2 Şam. 18:1Nak 20:18
2 Şam. 18:21Tr 2:15, 16
2 Şam. 18:22Şm 8:16; 10:7
2 Şam. 18:22Şm 23:18, 19
2 Şam. 18:22Şm 15:19, 21
2 Şam. 18:32Şm 21:17
2 Şam. 18:32Şm 17:1—3; Agy 4:20
2 Şam. 18:52Şm 18:12
2 Şam. 18:62Şm 17:26
2 Şam. 18:72Şm 16:15
2 Şam. 18:7Zb 3:7; Nak 24:21, 22
2 Şam. 18:102Şm 8:16; 18:2
2 Şam. 18:122Şm 18:5
2 Şam. 18:152Şm 12:10; Nak 2:22; 20:20; 30:17
2 Şam. 18:17Ýuş 7:24, 26; 8:29; 10:23, 27
2 Şam. 18:182Şm 14:27
2 Şam. 18:181Ms 14:17
2 Şam. 18:192Şm 15:35, 36; 17:17
2 Şam. 18:19Zb 9:4
2 Şam. 18:202Şm 18:5
2 Şam. 18:211Ms 10:6
2 Şam. 18:242Şm 18:4
2 Şam. 18:242Pa 9:17
2 Şam. 18:272Şm 18:19
2 Şam. 18:282Şm 22:47; Zb 144:1
2 Şam. 18:292Şm 18:22
2 Şam. 18:312Şm 18:21
2 Şam. 18:312Şm 22:49; Zb 55:18; 94:1; 124:2, 3
2 Şam. 18:32Zb 27:2
2 Şam. 18:332Şm 12:10; 17:14; 19:1; Nak 19:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 18:1—33

Ikinji Şamuwel

18 Dawut esgerlerini sanap, ýüzbaşylary we müňbaşylary belledi+. 2 Ol esgerlerini üç topara bölüp, birinji topara Seruýanyň+ ogly Ýowaby+, ikinjisine dogany Abyşaýy+, üçünjisine bolsa getli Yttaýy+ ýolbaşçy edip goýdy. Patyşa: «Menem siz bilen söweşe gitjek» diýdi. 3 Emma olar: «Ýok, sen gal+, biz ýeňlip gaçsagam, deň ýarymyz gyrylsagam, duşmanyň biz bilen işi bolmaz, olara sen gerek. Sen 10 000 esgeriň ornuny tutýaň+. Gowusy, şäherde galyp, bize gerekli kömegi berip dur» diýdiler. 4 Dawut: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun» diýdi. Esgerler ýüz⁠-⁠ýüzden, müň⁠-⁠müňden çykyp başlady. Patyşa şäher derwezesiniň ýanynda durdy. 5 Ol Ýowaba, Abyşaýa we Yttaýa: «Meniň hatyram üçin, oglum Abselime degmäň»+ diýip tabşyrdy. Patyşanyň serkerdelere Abselim hakda beren buýrugyny hemmeler eşitdi.

6 Esgerler ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Uruş Efraýym tokaýynda+ boldy. 7 Dawudyň esgerleri ysraýyllary+ derbi⁠-⁠dagyn etdiler+. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, 20 000 adam öldi. 8 Söweş güýjäp, daş⁠-⁠töwerege ýaýrady. Şol gün tokaýda ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden hem köp boldy.

9 Abselim gatyrly gaçyp barýarka, Dawudyň esgerlerine duşdy. Gatyr gür şahaly uly agajyň aşagyndan geçende, Abselimiň saçy şahalara ilişip, agaçdan asylyp galdy, gatyry bolsa gaçyp gitdi. 10 Biri muny görüp: «Abselim bir uly agaçdan sallanyp dur» diýip, Ýowaba+ habar berdi. 11 Ýowap oňa: «Gören bolsaň, näme üçin öldürmediň? Saňa on kümüş teňňe bilen bir guşak serpaý bererdim» diýdi. 12 Emma ol: «Maňa 1 000 kümüş teňňe berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym. Şa hezretleri saňa, Abyşaýa hem Yttaýa: „Abselime degmäň“+ diýip buýruk berdi ahyryn. 13 Patyşanyň tabşyrygyny bozup, ogluny öldüren bolsam, ol muny iru⁠-⁠giç bilerdi. Sen bolsa meni patyşanyň gazabyndan halas etmezdiň» diýdi. 14 Ýowap: «Aý, beýdip seniň bilen gepleşip durmaga wagtym ýok!» diýdi⁠-⁠de, üç peýkam* alyp, uly agaçdan sallanyp duran Abselimiň ýanyna bardy. Ýowap peýkamlary heniz jany çykmadyk Abselimiň ýüreginden geçirdi. 15 Soňra Ýowabyň ýarag göterýän on nökeri gelip, Abselimi tä ölýänçä urdular+. 16 Ýowap surnaý* çalyp, söweşi saklady. Dawudyň esgerleri ysraýyllary kowalamagy bes etdiler. 17 Olar Abselimiň jesedini tokaýdaky uly çukura taşlap, üstüne daş üýşürdiler+. Ysraýyllar bolsa öýlerine gaçyp gitdiler.

18 Abselim dirikä: «Adymy ýöretjek oglum ýok»+ diýip, Şa jülgesinde+ bir sütün goýduryp, öz adyny dakypdy. Şoňa henizem Abselimiň ýadygärligi diýilýär.

19 Sadygyň ogly Ahymagas+ Ýowaba: «Rugsat berseň, gidip, patyşa buşlaýyn. Ýehowa ony duşmanlaryndan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 20 Emma Ýowap: «Ýok, sen habar berme, bu gün patyşanyň ogly öldi+. Sen başga bir gün habarçy bolarsyň» diýdi. 21 Ýowap kuşly bir adama+: «Bar, gören zatlaryňy patyşa aýt» diýdi. Ol Ýowaba tagzym edip, ylgap gitdi. 22 Sadygyň ogly Ahymagas ýene⁠-⁠de Ýowaba: «Näme bolsa, şo bolsun, menem kuşlynyň yzyndan galmaýyn» diýdi. Ýowap: «Oglum, yzyndan gidip näme etjek? Buşlara zadyňam⁠-⁠a ýok» diýdi. 23 Emma ol şonda⁠-⁠da: «Näme bolsa⁠-⁠da, meni goýber, gidäýin» diýip özelendi. Şonda Ýowap: «Bar, git!» diýdi. Ahymagas Iordan düzlüginden geçýän ýoldan ylgap, kuşly adamy ozup geçdi.

24 Dawut şäheriň iki derwezesiniň+ arasynda otyrdy. Garawul+ derwezäniň ýokarsyna çykyp, bir adamyň ylgap gelýänini gördi⁠-⁠de, 25 patyşa habar berdi. Patyşa: «Ýeke bolsa, habarçydyr» diýdi. Ýaňky adam golaýlap gelýärkä, 26 garawul ýene biriniň gelýänini gördi. Garawul derwezebana: «Seret, ýene biri gelýär!» diýip gygyrdy. Şonda patyşa: «Ol hem habarçydyr» diýdi. 27 Garawul: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadygyň ogly Ahymagasa+ meňzeýär» diýdi. Şonda patyşa: «Ol gowy adam, gowy habaram getirer» diýdi. 28 Ahymagas ylgap gelşine: «Buşluk!» diýip gygyrdy. Ol ýüzüni ýere berip, tagzym etdi⁠-⁠de: «Hökümdarym, Ýehowa Hudaýa şöhrat bolsun! Ol duşmanlaryňy* boýun egdirdi»+ diýdi.

29 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir⁠-⁠ä?» diýip sorady. Ahymagas: «Ýowap meni bir hyzmatkäriňiz bilen iberdi, şonda bir galmagal⁠-⁠a bardy, ýöne näme bolanyny bilemok»+ diýip jogap berdi. 30 Patyşa oňa: «Hany, bir gyra çekil» diýdi. Ol gyra çekildi.

31 Soňra kuşly adam gelip+: «Şa hezretlerine habar getirdim. Bu gün Ýehowa sizi duşmanlaryňyzdan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi. 32 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir⁠-⁠ä?» diýip sorady. Kuşly adam: «Şa hezretleriniň duşmanlary, size garşy çykanlaryň ählisi şol ýigidiň gününe düşsün!»+ diýdi.

33 Muny eşidip, patyşanyň ýüregi gyýym⁠-⁠gyýym boldy. Ol derwezäniň üstündäki otaga çykdy⁠-⁠da, iki ýana ýöräp: «Wah, oglum Abselim, jan balam Abselim! Seniň ýeriňe men ölsem bolmaýarmy, oglum Abselim, jan oglum!»+ diýip aglady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş