Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 22
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Alypaz üçünji gezek gepleýär (1—30)

        • «Adamdan Hudaýa ne peýda?» (2, 3)

        • Eýýuba açgöz we adalatsyz diýýär (6—9)

        • Hudaýa dolan, aman⁠-⁠esen ýaşarsyň (23)

Eýýup 22:1

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:11; 4:1

Eýýup 22:2

Parallel aýatlar

  • +Eýp 15:14, 15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    11/2023, sah. 8

    «Garawul diňi»,

    4/2017, sah. 28, 29

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2023, sah. 7

Eýýup 22:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: aýypsyz.

  • *

    Ýa-da: dogruçyllygyňdan göwni hoşmuka?

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:3; 32:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    11/2023, sah. 2

    11/2023, sah. 7

Eýýup 22:5

Parallel aýatlar

  • +Eýp 1:8; 4:7

Eýýup 22:6

Parallel aýatlar

  • +Eýp 31:19, 22

Eýýup 22:7

Parallel aýatlar

  • +Eýp 31:17, 22

Eýýup 22:8

Parallel aýatlar

  • +Eýp 31:25, 28

Eýýup 22:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: guş duzagy.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 18:5, 9

Eýýup 22:16

Parallel aýatlar

  • +Eýp 4:18, 19

Eýýup 22:22

Parallel aýatlar

  • +Eýp 11:13

Eýýup 22:23

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:5, 6

Eýýup 22:24

Parallel aýatlar

  • +1Pa 9:28; Eýp 28:16; Zb 45:9; Işa 13:12

Eýýup 22:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýere bakýan.

Umumy salgylar

Eýp. 22:1Eýp 2:11; 4:1
Eýp. 22:2Eýp 15:14, 15
Eýp. 22:3Eýp 2:3; 32:3
Eýp. 22:5Eýp 1:8; 4:7
Eýp. 22:6Eýp 31:19, 22
Eýp. 22:7Eýp 31:17, 22
Eýp. 22:8Eýp 31:25, 28
Eýp. 22:10Eýp 18:5, 9
Eýp. 22:16Eýp 4:18, 19
Eýp. 22:22Eýp 11:13
Eýp. 22:23Eýp 8:5, 6
Eýp. 22:241Pa 9:28; Eýp 28:16; Zb 45:9; Işa 13:12
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
Mukaddes Kitap
Eýýup 22:1—30

Eýýup

22 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:

 2 «Adamdan Hudaýa ne peýda?

Düşünjeli ynsandan ne peýda?+

 3 Hudaýa wepaly* bolmakdan ne peýda?

Gudratygüýçli dogruçyldygyňy görýärmikä?*+

 4 Hormat goýýan bolsaň jeza bererdimi?

Seniň bilen jedelleşerdimi?

 5 Birgiden erbet işleriň üçin,

Tükeniksiz günäleriň üçin jeza bermedimi?+

 6 Ujypsyz zat üçin doganyňdan girew alardyň,

Garyp⁠-⁠gasaryň eşigini sypyryp, ýalaňaç goýardyň+.

 7 Ýadaw adamdan bir owurt suwuňy,

Aç adamdan bir döwüm çöregiňi gysganardyň+.

 8 Ýurt güýçliniň elinde+,

Onda abraýly adamlar ýaşaýar.

 9 Dul aýallaryň elini boş goýberdiň,

Ýetimleriň ganatlaryny gyrdyň.

10 Indi çar tarapyňa duzak* gurulýar+,

Duýdansyz gelen heläkçilik gorkuzýar.

11 Tümlükdesiň, gözüň görmeýär,

Sil gelip, seni gark edýär.

12 Hudaý gökde dälmi?

Ýyldyzlara bir seret, olar uzakda.

13 Sen bolsa diýýärsiň: „Hudaý näme bilýär?

Ol tüm⁠-⁠garaňkylykdan höküm edip bilýärmi?

14 Ol gök gümmeziniň üstünde gezýär,

Bulutlar öňüni ýapýar, ol görmeýär“.

15 Sen gadymy ýoldan,

Erbetleriň ýolundan ýörejek bolýarmyň?

16 Wagtyndan öň olaryň ömür tanapy kesildi.

Derýa joşup, köki⁠-⁠damary bilen sogrup äkitdi+.

17 Hak Hudaýa: „Bizi öz günümize goý!

Gudratygüýçli näme edip biler?“ diýdiler.

18 Olaryň öýüni näz⁠-⁠nygmatdan dolduran Alladyr.

(Men erbetleriň maslahatyna gulak asmaýaryn).

19 Dogruçyllar olaryň düşen gününe şatlanar,

Bigünäler üstünden gülüp diýerler:

20 „Duşmanlarymyz gyryldy,

Olaryň bar zady ýanyp kül boldy“.

21 Hudaýy tana, parahat ýaşarsyň,

Bol berekede eýe bolarsyň.

22 Agzyndan çykan kanuna gulak goý,

Sözlerini ýüregiňde sakla+.

23 Gudratygüýçlä dolan, aman⁠-⁠esen ýaşarsyň+.

Çadyryňda erbetlik etmeseň,

24 Altynyňy ýere taşlasaň,

Ofer+ altynyňy jülgä zyňsaň,

25 Gudratygüýçli seniň altynyň,

Arassa kümşüň bolar.

26 Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarsyň,

Başyňy galdyryp, Hudaýa seredersiň.

27 Oňa ýalbararsyň, seni eşider,

Şonda wadalaryňy berjaý edersiň.

28 Niýetleriň amala aşar,

Ýoluňa nur saçylar.

29 Men⁠-⁠menlik etseň, masgara bolarsyň,

Ol pesgöwünli* adamy halas eder.

30 Bigünäni gutarar,

Eliň tämiz bolsa, seni⁠-⁠de halas eder».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş