Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 4
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Alypaz birinji gezek gepleýär (1—21)

        • Eýýubyň wepalylygyny ýaňsylaýar (7, 8)

        • Ruhuň habaryny aýdýar (12—17)

        • «Hudaý gullaryna ynanmaýar» (18)

Eýýup 4:1

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:11; 15:1; 22:1; 42:7, 9

Eýýup 4:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Aýypsyz.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 1:1

Eýýup 4:13

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: görnüşim. Sözlüge serediň.

Eýýup 4:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    9/2023, sah. 8

Eýýup 4:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    9/2023, sah. 8

Eýýup 4:18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    11/2023, sah. 2

    11/2023, sah. 7

Eýýup 4:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 3:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2010, sah. 19

Umumy salgylar

Eýp. 4:1Eýp 2:11; 15:1; 22:1; 42:7, 9
Eýp. 4:6Eýp 1:1
Eýp. 4:191Ms 3:19
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
Mukaddes Kitap
Eýýup 4:1—21

Eýýup

4 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:

 2 «Seniň bilen biri gepleşmek islese, gaharyň gelermi?

Men hem dymyp bilmerin.

 3 Hawa, sen köplere nesihat berdiň,

Ejiz gollara kuwwat berdiň.

 4 Ruhdan düşeni ruhlandyrdyň,

Epilen dyzlara güýç⁠-⁠kuwwat berdiň.

 5 Indi şol günler öz başyňa gelende, sen tapdan düşýärsiň,

Agyr günleri görüp, özüňi ýitirýärsiň.

 6 Hudaýdan gorkýan bolsaň, imanyň nirede?

Hudaýa wepaly*+ bolsaň, umydyň nirede?

 7 Ýadyňa sal, heý⁠-⁠de, bigüna adam ölüpmidi?

Dogruçylyň heläk bolany barmydy?

 8 Erbetligi, ýamanlygy eken adamlaryň,

Eken zadyny orýandygyny gördüm.

 9 Olar Hudaýyň demine ýok bolarlar,

Gazap oduna kül bolarlar.

10 Ýolbars arlaýar, arslan hyrlaýar,

Güýçli şiriň⁠-⁠de dişleri döwülýär.

11 Ýolbars aw tapman ölýär,

Çagalary çar tarapa pytrap gidýär.

12 Maňa gizlinlikde bir söz geldi,

Gulagyma bir pyşyrdy eşidildi.

13 Ynsanlar süýji ukuda ýatan mahaly,

Gören düýşüm* meni howsala saldy.

14 Endam⁠-⁠janym sandyrady,

Gorkudan süňklerim titredi.

15 Deňimden bir ruh geçdi,

Endam⁠-⁠janym tikenekledi.

16 Ol birdenkä aýak çekdi,

Kimdigini saýgaryp bilmedim.

Öňümde bir şekil peýda boldy.

Dym⁠-⁠dyrslykdy. Birdenkä şeýle ses eşitdim:

17 „Başy ölümli adam Hudaýdan has adalatly bolarmy?

Ynsan Ýaradandan has päk bolup bilermi?“

18 Hudaý hatda gullaryna ynanmaýar,

Perişdelerinden kemçilik tapýar.

19 Eýsem, toprakdan ýaradylan

Palçyk jaýlarda ýaşaýan+,

Güýe kimin adamlar kimmişin?

20 Olar daň atyp, Gün batmanka ýom⁠-⁠ýok bolarlar,

Ömürlik ýitip giderler, hiç kim bilmez.

21 Olar ýüpi üzülen çadyra meňzemezmi?

Akylsyzlykdan ýaňa ömür tanapy kesilmezmi?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş