Eýýup
3 Soňra Eýýup söze başlady we dünýä inen gününi näletläp+, 2 şeýle diýdi:
3 «Goý, doglan günüm gurasyn+,
„Ogul doguldy!“ diýlen gijä nälet bolsun!
4 Goý, şol gün garaňkylyk bolsun,
Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn.
Goý, şol güne yşyk nur saçmasyn.
5 Goý, ol güne tümlük, ölüm kölegesi düşsün,
Ony gara bulut örtsün,
Gündiziň güni ony garaňkylyk gaplasyn.
6 Şol gijäni tüm-garaňkylyk büresin+.
Ol gün şatlyk-şagalaň bolmasyn,
Aýyň günlerine girizilmesin.
7 Goý, şol gije hiç kim dünýä inmesin,
Şatlyk sesi eşidilmesin.
9 Goý, daň ýyldyzlary ýagty saçmasyn,
Gün şöhlesine zar bolsun,
Ýüzi daň şapagyna düşmesin.
10 Sebäbi ol ejemiň ýatgysyny+ baglamady,
Jebir-jepadan meni goramady.
11 Dünýä inen badyma ölsedim,
Doglan badyma jan bersedim+.
12 Ejem meni bagryna basmadyk bolsady,
Ak süýdüni emdirmedik bolsady.
13 Şonda maňa hiç kim azar bermezdi+,
Rahat ýatyp, agyr uka giderdim+.
14 Salan jaýlary haraba öwrülen,
Ýer ýüzüniň şalarynyň, geňeşçileriniň,
15 Öýlerini altyn-kümüşden dolduran
Han-begleriň gapdalynda ýatardym.
16 Men näme üçin öli doglan,
Ýagty jahany görmedik çaga ýaly bolmandyryn?
17 Mazarda erbediň gahary köşeşýär,
Ýadaw adamlar dynç alýar+.
18 Ol ýerde tussaglar rahat ýatýar,
Olar gözegçiniň sesini eşitmeýär.
19 Baý-da, garyp-da mazarda deňdir+,
Gul hojaýyndan azatdyr.
20 Alla näme üçin azap çekýäne nur saçýar,
Hasrat çekýäne ýaşaýyş berýär?+
21 Ölmek isleýänler näme üçin ölmeýär?+
Olar ölümi hazynadan hem köp agtarýarlar.
22 Olar mazara inende, begenýärler,
Şatlyk-şagalaň edýärler.
23 Hudaý näme üçin alaçsyz goýan adamyna+,
Ýolundan azaşan ynsana ýagtylyk berýär?
25 Gorkan zatlarym başyma geldi,
Heder edenim üstümden indi.
26 Rahatlyk, asudalyk, dynçlyk ýok,
Dertlerim gutarmady, wah, gutarmady».