Nakyllar
31 Lemuwel patyşanyň sözleri.
Ejesi öwüt-nesihat berip, şeýle tabşyryk berdi+:
4 Lemuwel, patyşalara şerap ýaraşmaz,
Şeraby ýatyp içmek gelişmez,
«Şerap getiriň!» diýmek hökümdarlara gelişmez+.
5 Ýogsa serhoş bolup kanuny unudarsyň,
Garyplara adalatsyzlyk edersiň.
7 Goý, olar garyplygyny unutsyn,
Derdini bütinleý ýatdan çykarsyn.
9 Olaryň arkasyny al, adalatly höküm çykar,
Ejizleriň, garyplaryň hakyny alyp ber+.
א [Elip]
10 Gaýratly* gelni kim tapar?+
Bahasy merjenden* has gymmatdyr.
ב [Bet]
11 Äri oňa ýürekden bil baglaýar,
Hiç zada mätäç bolýan däldir.
ג [Gimel]
12 Ol ärine ýamanlyk däl-de,
Her gün ýagşylyk edýär.
ד [Dal]
ה [He]
14 Täjiriň gämileri deý+,
Uzak ýerlerden azygyny getirýär.
ו [Waw]
ז [Zaýn]
16 Mellekleri synlap, satyn alýar,
Öz elleri* bilen üzüm nahallaryny oturdýar.
ח [Het]
17 Bilini berk guşaýar+,
Iki ýeňini çermeýär.
ט [Tet]
18 Söwda edip, peýdasyny görýär,
Gijesine çyrasy sönmeýär.
י [Ýod]
כ [Käp]
20 Ol mätäçlere elini uzadýar,
Garyplaryň dadyna ýetişýär+.
ל [Lam]
21 Ol gardan gorkýan däldir,
Sebäbi maşgalasynyň ýyly* geýimi bardyr.
מ [Mim]
22 Özüne düşek tikýär,
Zygyr matadan we badam reňkli ýüňden köýnek geýýär.
נ [Nun]
ס [Sameh]
24 Gelni bolsa zygyrdan eşik* tikip satýar,
Guşak dokap, täjirlere satýar.
ע [Aýn]
25 Ol gaýratlydyr, il içinde hormaty bardyr,
Ertire ynam bilen garaýar*.
פ [Pe]
צ [Sad]
27 Öý-içerisine iş tabşyrýar,
Ýaltalyk çöregini iýmeýär+.
ק [Kap]
28 Çagalary turup, alkyş aýdýar,
Äri hem taryplap şeýle diýýär:
ר [Reş]
29 «Gaýratly* gelinler köpdür,
Emma sen hemmesinden gaýratlysyň».
ש [Şin]
ת [Taw]