Zebur
א [Elip]
3 Ol adalatsyzlyk etmeýär,
Allanyň ýolundan ýöreýär+.
4 Sen buýruklaryňy doly berjaý etmegi tabşyrdyň+.
5 Men berk durup bilsedim+,
Kanunlaryňy ýerine ýetirerdim.
6 Tabşyryklaryňy öwrenenimde ýüzüm gyzarmazdy+.
7 Hökümleriňi öwrenip,
Seni ak ýürekden wasp edeýin.
8 Kanunlaryňa eýerýän bendäňden
Hiç haçan ýüz öwürme.
ב [Bet]
9 Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler?
Ol seniň sözüňi her gün berjaý eder+.
10 Men bütin ýüregim bilen saňa sežde edýärin.
Ýardam ber, tabşyryklaryňy doly ýerine ýetireýin+.
12 Maňa kanunlaryňy öwret,
Eý Ýehowa, seni şöhratlandyraýyn!
13 Agzyňdan çykan hökümleriňi,
Dilim bilen yglan edýärin.
16 Kada-kanunlaryňy ýürekden söýýärin,
Sözüňi asla unutmaýaryn+.
ג [Gimel]
17 Guluňa ýagşylyk et,
Sözüňi berjaý edip uzak ýaşaýyn+.
18 Gözlerimi aç,
Kanunyňda ýazylan ajaýyp pikirlere düşüneýin*.
19 Men bir gelmişek adam+.
Tabşyryklaryňy menden gizleme.
20 Hökümleriňe garaşmakdan ýaňa
Güýç-kuwwatym galmady.
21 Tabşyryklaryňy bozanlara+,
Nälet siňen tekepbirlere jeza berýärsiň.
22 Masgaraçylyga we kemsitmä ýüzüm düşmesin,
Sebäbi öwüt-ündewiňe gulak asýaryn.
23 Hatda han-begler men hakda erbet zatlary aýdýarlar,
Guluň bolsa kanunlaryň hakda oýlanýar.
ד [Dal]
25 Janym topraga siňip barýar+,
Sen söz berdiň, ömür tanapymy üzme+.
26 Saňa ýüregimi dökdüm, sen hem maňa jogap berdiň.
Kanunlaryňy maňa öwret+.
27 Maňa buýruklaryň düýp manysyny düşündir,
Ajaýyp işleriň hakda oýlanaýyn+.
28 Gaýgy-hasratdan ýaňa gözüme uky gelmedi,
Sözüňde durup, maňa güýç ber.
29 Kanun berip, maňa rehim et,
Meni egri ýoldan ýöretme+.
30 Saňa wepaly bolmagy ýüregime düwdüm+,
Hökümleriň adalatlydygyna göz ýetirdim.
31 Eý Ýehowa, meniň tamamy üzme+,
Öwüt-ündewleriňe ýürekden gulak asdym+.
32 Tabşyryklaryňy höwes bilen berjaý ederin,
Sebäbi olary kalbyma ýazdyň*.
ה [He]
34 Maňa düşünje ber,
Kanunlaryňy öwreneýin,
Bütin ýüregim bilen berjaý edeýin.
35 Goldaw ber, tabşyryklaryňy ýerine ýetireýin+,
Sebäbi olardan lezzet alýaryn.
36 Öwüt-ündewiňi gulagyma guý,
Nebsime çapmaýyn+.
38 Guluňa beren sözüňi berjaý et,
Goý, adamlar senden gorksun*.
40 Buýruklaryňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn,
Meni aman sakla, sebäbi sen adalatly Hudaýsyň.
ו [Waw]
41 Eý Ýehowa, wepaly söýgiňden* ganaýyn+,
Wadaňda durup, halas edişiňi göreýin+.
42 Şonda üstümden gülýänlere jogap bererin,
Sebäbi sözüňe bil baglaýaryn.
43 Ýardam et, hakykat sözleri dilimden düşmesin,
Sebäbi hökümiňe garaşýaryn.
44 Kanunyňy hemişe,
Ebedilik berjaý ederin+.
45 Buýruklaryňy ýerine ýetirip,
Giň sährada asuda ýaşaýaryn+.
46 Patyşalara öwüt-ündewleriňi gürrüň bererin,
Men asla utanmaryn+.
47 Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr,
Olary janymdan eziz görýärin+.
ז [Zaýn]
49 Guluňa beren wadaňy unutma,
Sözüň maňa umyt berýär.
50 Jebir-jepa çekenimde, wadalaryň teselli berýär+,
Ýaşamaga güýç berýär.
51 Ulumsy adamlar meni ezýär,
Men şonda-da kanunyňy bozmaýaryn+.
53 Kanunyňy bozýan erbet adamlary görenimde,
Gaharym ot kimin tutaşýar+.
54 Nirede ýaşasam-da,
Kanunlaryň kalbymda mukam kimin ýaň salýar.
55 Eý Ýehowa, kanunlaryňy ýerine ýetirer ýaly,
Gijelerine adyň hakda oýlanýaryn+.
56 Muny özüme endik edindim,
Sebäbi buýruklaryňy berjaý edýärin.
ח [Het]
59 Öwüt-ündewleriň boýunça ýaşar ýaly+,
Yzyma ser salýaryn.
60 Men eglenmerin, howlugaryn,
Tabşyryklaryňy berjaý ederin+.
61 Erbetleriň ýüpi meni baglady,
Men şonda-da kanunyňy unutmaýaryn+.
62 Ýarygije turup, saňa şükür edýärin+,
Sebäbi hökümleriň adyldyr.
ט [Tet]
65 Eý Ýehowa, beren wadaňa görä,
Guluňa ýagşylyk etdiň.
66 Tabşyryklaryňa bil baglaýaryn,
Maňa akyldarlyk hem bilim ber+.
68 Eý Hudaý, sen ýagşy+, işleriň gudratly,
Maňa kanunlaryňy öwret+.
69 Tekepbirler maňa töhmet atýar,
Men şonda-da buýruklaryňy berjaý edýärin.
י [Ýod]
73 Eliň bilen meni ýaratdyň, maňa şekil berdiň.
Maňa düşünje ber, tabşyryklaryňy öwreneýin+.
74 Senden gorkýanlar meni görüp begenýär,
Sebäbi sözüňe umyt edýärin+.
78 Nähak ýere* maňa ýamanlyk edýänler,
Tekepbirler utanja galsyn.
Men bolsa buýruklaryň hakda oýlanaryn+.
79 Goý, senden gorkýan adamlar,
Öwüt-ündewiňi diňleýänler meniň tarapyma geçsin.
כ [Käp]
81 Men sözüňe umyt edýärin,
Halas ederiňe garaşýaryn+.
83 Men tüsseden garalan meşik ýaly boldum,
Ýöne kanunlaryňy unutmadym+.
84 Guluň ýene näçe wagt garaşmaly?
Meni yzarlaýanlara haçan höküm çykarylar?+
85 Kanunyňa boýun egmeýänler,
Tekepbirler maňa çukur gazýarlar.
86 Nähak ýere maňa azar berýänlerden halas et+.
Ähli tabşyryklaryň ygtybarlydyr.
87 Meni ýer ýüzünden ýok etmekçi boldular,
Men şonda-da buýruklaryňdan ýüz öwürmedim.
88 Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin,
Seniň öwüt-ündewiňe gulak asaýyn.
ל [Lam]
89 Eý Ýehowa, sözüň asman kimin ebedi galýandyr+.
90 Wepadarlygyň nesilden-nesle dowam eder+.
Sen Ýeriň düýbüni tutduň, ol ebedi durar+.
91 Seniň hökümleriň bilen, olar* şu güne çenli berk dur.
Ýaradan zatlaryň ählisi saňa hyzmat edýär.
92 Eger kanunyňy söýmedik bolsam,
Jebir-jepa içinde ýok bolardym+.
93 Seniň buýruklaryňy hiç haçan unutmaryn,
Olary ýerine ýetirip uzak ömür sürerin+.
95 Erbetler meni ýok etmekçi bolsa-da,
Men öwüt-ündewleriňe ýürekden gulak asýaryn.
96 Men ähli kämilligiň çägini gördüm,
Emma seniň tabşyryklaryň çäksizdir.
מ [Mim]
97 Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin+,
Gije-gündiz olar hakda oýlanýaryn+.
98 Seniň tabşyryklaryň hemişe kalbymdadyr,
Olar meni duşmanlarymdan paýhasly edýär+.
99 Mugallymlarymdan hem paýhasly boldum+,
Sebäbi öwüt-ündewiň hakda oýlanýaryn.
100 Garrylardan hem paýhasly boldum,
Sebäbi buýruklaryňa eýerip ýaşaýaryn.
101 Seniň sözüňi berjaý edýärin,
Zalymlaryň ýolundan ýöremerin+.
102 Hökümleriňi doly berjaý edýärin,
Sebäbi sen maňa tälim berýärsiň.
104 Buýruklaryňy öwrenip, paýhasly karara gelýärin+,
Ähli egri ýollary ýigrenýärin+.
נ [Nun]
106 Adyl hökümleriňi öwrenerin diýip ant içdim,
Beren wadamy berjaý ederin.
107 Eý Ýehowa, jebir-jepa çekýärin+,
Beren sözüňde durup, janymy halas et+.
109 Howp astynda bolsa-da janym,
Ýüregim unutmaz kada-kanunyň+.
110 Duzak gursa-da maňa duşmanym,
Buýruklaryňdan ýüz öwürmerin+.
111 Öwüt-ündewleriň ebedilik mirasym,
Olar meniň guwanjym hem begenjim+.
112 Men ömrümiň ahyryna çenli
Kanunlaryňa eýermegi ýüregime düwdüm.
ס [Sameh]
115 Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý ederin,
Eý zalymlar, meniň golaýyma gelmäň+.
118 Ýalançylar, hilegärler kanunlaryňy bozýarlar,
Şeýle adamlardan ýüz öwürýärsiň+.
119 Ýer ýüzünden erbetleri syr-süplük kimin aýyrýarsyň+,
Şonuň üçin öwüt-ündewleriňi söýýärin.
120 Senden gorkup sandyraýaryn,
Çykaran hökümleriňden heder edýärin.
ע [Aýn]
121 Men halal hem adyl işleri edýärin.
Janymy duşman eline berme!
122 Guluňa abadançylyk ber*,
Tekepbirler maňa azar bermesin.
125 Guluňa düşünje ber+,
Seniň öwüt-ündewleriňe gulak asaýyn.
126 Ýehowanyň höküm etmeli wagty geldi+,
Sebäbi onuň kanunyny bozdular.
127 Men bolsa seniň tabşyryklaryňy söýýärin,
Olary altyndan, sap altyndan gymmatly görýärin+.
פ [Pe]
129 Öwüt-ündewleriň nähili ajaýyp,
Şonuň üçin olara gulak asýaryn.
131 Tabşyryklaryňa garaşmakdan ýaňa
Ýüregim gürsüldäp urýar+.
133 Erbetlik içimde höküm sürmesin+,
Sözleriň ädimlerimi ugrukdyrsyn.
134 Meni duşmanlardan halas et,
Buýruklaryňy berjaý edeýin.
135 Ýüzüň nury maňa ýalkym saçsyn+.
Maňa kanunlaryňy öwret.
136 Adamlar kanunyňy bozýarlar,
Gözýaşlarym sil deý akýar+.
צ [Sad]
138 Öwüt-ündewleriň hakdyr,
Ynama mynasypdyr.
139 Yhlasym içimde ot bolup ýanýar+,
Sebäbi duşmanlarym seniň sözüňi unutdy.
141 Meni kemsitseler-de, adam hasabynda görmeseler-de+,
Buýruklaryňy unutmadym.
143 Agyr günler başyma inse-de,
Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr.
144 Öwüt-ündewleriň hemişe hakdyr.
Maňa düşünje ber+, uzak ömür süreýin.
ק [Kap]
145 Eý Ýehowa, perýadyma jogap ber.
Kanunlaryňa eýereýin.
146 Seni çagyrýaryn, meni halas et.
Öwüt-ündewleriňe gulak asaýyn.
147 Daň atmanka oýanyp, kömek soraýaryn+,
Sözüňe umyt baglaýaryn.
148 Ýarygije oýanýaryn,
Sözleriň hakda oýlanýaryn+.
149 Dogamy diňle, maňa ýagşylyk et*+.
Eý adalatly Ýehowa, meni aman sakla.
150 Azgyn adamlar daşyma üýşýärler,
Olar kanunyňdan ýüz öwürýärler.
152 Ebedilik beren öwüt-ündewleriňi+
Öňden bäri öwrenip gelýärin.
ר [Reş]
153 Jebir-jepamy gör, meni halas et+,
Sebäbi kanunyňy unutmadym.
154 Meni gora, meni azat et+,
Beren wadaňa görä, janymy gutar.
155 Kanunlaryňy öwrenmeýän adamlar,
Erbet adamlar halas bolmazlar+.
156 Eý Ýehowa, seniň rehimdarlygyň çäksizdir+,
Adalatly bolup, janymy aman sakla.
157 Ýagylarym, janymyň kastyna çykanlar köpelse-de+,
Öwüt-ündewiňi unutmaýaryn.
158 Dönükleri ýigrenýärin,
Sebäbi olar sözüňe gulak asmaýar+.
159 Eý Ýehowa, buýruklaryňy ýürekden söýýärin!
Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin+.
ש [Sin] ýa-da [Şin]
162 Genji-hazyna tapan deý,
Sözleriňi diňläp şatlanýaryn+.
164 Adalatly hökümleriň üçin,
Her gün saňa ýedi sapar alkyş aýdýaryn.
166 Eý Ýehowa, halas ederiňe garaşýaryn,
Tabşyryklaryňa eýerýärin.
167 Öwüt-ündewiňe gulak asýaryn,
Olary janymdan eziz görýärin+.
168 Sen her bir ädimimi görýärsiň+,
Şonuň üçin buýruklaryňy berjaý edýärin,
Öwüt-ündewleriňe gulak asýaryn.
ת [Taw]
169 Eý Ýehowa, perýadymy eşit+,
Wadaňy berjaý et, maňa düşünje ber+.
170 Rehim et, dilegimi eşit,
Beren sözüňde durup, meni halas et.
171 Dilim saňa alkyş aýtsyn+,
Maňa kanunlaryňy öwredýärsiň.
172 Dilim saňa aýdym aýtsyn+,
Tabşyryklaryň hakdyr.
174 Eý Ýehowa, halas etmegiňi ýürekden isleýärin,
Ýüregim kanunyňa baglydyr+.
175 Maňa uzak ömür ber, saňa alkyş aýdaýyn+,
Hökümleriň bilen maňa ýardam ber.