Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Nakyllar 30
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Nakyllar kitabynyň mazmuny

      • AGURYŇ ÖWÜT⁠-⁠ÜNDEWI (1—33)

        • Maňa baýlygam berme, garyplygam (8)

        • Doýmaz⁠-⁠dolmaz zatlar (15, 16)

        • Akyl ýetirip bolmaýan zatlar (18, 19)

        • Haýran galdyrýan zatlar (24)

Nakyllar 30:2

Parallel aýatlar

  • +Eýp 42:3

Nakyllar 30:4

Parallel aýatlar

  • +Ýah 3:13
  • +Işa 40:12
  • +Eýp 38:4

Nakyllar 30:5

Parallel aýatlar

  • +Zb 12:6
  • +1Ms 15:1; 2Şm 22:31; Zb 84:11

Nakyllar 30:6

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:2; Ylh 22:18

Nakyllar 30:8

Parallel aýatlar

  • +Nak 12:22
  • +Mat 6:11; 1Tm 6:8

Nakyllar 30:9

Parallel aýatlar

  • +5Ms 6:10—12

Nakyllar 30:10

Parallel aýatlar

  • +Dan 6:24

Nakyllar 30:11

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: alkyş aýtmaýar.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 20:9; Nak 19:26; Mar 7:10, 11

Nakyllar 30:12

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: nejasatyndan.

Parallel aýatlar

  • +Zb 36:1, 2; Işa 65:5; 1Ýh 1:8

Nakyllar 30:13

Parallel aýatlar

  • +Zb 101:5; Nak 6:16, 17

Nakyllar 30:14

Parallel aýatlar

  • +Zb 14:4; Nak 22:16; Işa 32:7

Nakyllar 30:15

Çykgytlar

  • *

    Haýwanyň ýa-da adamyň endamyna ýapyşyp, ganyny sorýan suw gurçugy.

Nakyllar 30:16

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Nak 27:20

Nakyllar 30:17

Parallel aýatlar

  • +Nak 23:22
  • +3Ms 20:9; 5Ms 21:18, 21; Nak 20:20

Nakyllar 30:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Meniň üçin örän täsin üç zat bar.

Nakyllar 30:20

Parallel aýatlar

  • +Nak 7:10, 11

Nakyllar 30:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Akmak aşa düşýänçä iýse.

Parallel aýatlar

  • +Nak 19:10; Nes 10:7; Işa 3:4

Nakyllar 30:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Söýülmeýän.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 16:5

Nakyllar 30:24

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: dogabitdi akyldardyr.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 35:11

Nakyllar 30:25

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: güýçli halk bolmasa-da.

Parallel aýatlar

  • +Nak 6:6—8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 16

Nakyllar 30:26

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: halk.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:5
  • +Zb 104:18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 17

Nakyllar 30:27

Parallel aýatlar

  • +2Ms 10:14; Ýow 1:4
  • +Ýow 2:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 18, 19

Nakyllar 30:28

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Hažžyk.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:29, 30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 19

    «Oýanyň!»,

    9/2006,

Nakyllar 30:30

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:24; Işa 31:4

Nakyllar 30:32

Parallel aýatlar

  • +Nak 26:12
  • +Nak 27:2

Nakyllar 30:33

Parallel aýatlar

  • +Nak 26:21

Umumy salgylar

Nak. 30:2Eýp 42:3
Nak. 30:4Ýah 3:13
Nak. 30:4Işa 40:12
Nak. 30:4Eýp 38:4
Nak. 30:5Zb 12:6
Nak. 30:51Ms 15:1; 2Şm 22:31; Zb 84:11
Nak. 30:65Ms 4:2; Ylh 22:18
Nak. 30:8Nak 12:22
Nak. 30:8Mat 6:11; 1Tm 6:8
Nak. 30:95Ms 6:10—12
Nak. 30:10Dan 6:24
Nak. 30:113Ms 20:9; Nak 19:26; Mar 7:10, 11
Nak. 30:12Zb 36:1, 2; Işa 65:5; 1Ýh 1:8
Nak. 30:13Zb 101:5; Nak 6:16, 17
Nak. 30:14Zb 14:4; Nak 22:16; Işa 32:7
Nak. 30:16Nak 27:20
Nak. 30:17Nak 23:22
Nak. 30:173Ms 20:9; 5Ms 21:18, 21; Nak 20:20
Nak. 30:20Nak 7:10, 11
Nak. 30:22Nak 19:10; Nes 10:7; Işa 3:4
Nak. 30:231Ms 16:5
Nak. 30:24Eýp 35:11
Nak. 30:25Nak 6:6—8
Nak. 30:263Ms 11:5
Nak. 30:26Zb 104:18
Nak. 30:272Ms 10:14; Ýow 1:4
Nak. 30:27Ýow 2:7
Nak. 30:283Ms 11:29, 30
Nak. 30:304Ms 23:24; Işa 31:4
Nak. 30:32Nak 26:12
Nak. 30:32Nak 27:2
Nak. 30:33Nak 26:21
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
Nakyllar 30:1—33

Nakyllar

30 Ýahanyň ogly Aguryň Ytyýele we Uhala beren öwüdi.

 2 Men iň akylsyz adamdyryn+,

Ynsan düşünjesi mende ýokdur.

 3 Men akyldarlygy öwrenmedim,

Mukaddes Hudaýyň bilimini almadym.

 4 Göge galyp, aşak inen kim?+

Şemaly goşawujyna ýygnan kim?

Suwy ýapynjasyna ýygnan kim?+

Ýeriň çäklerini bellän kim?+

Onuň adyny bilýärsiňmi? Oglunyň ady näme?

 5 Hudaýyň her sözi päkdir+,

Ol bil baglaýanlaryň galkanydyr+.

 6 Hudaýyň sözüne hiç zat goşma+,

Ýogsa ol saňa käýär,

Ýalançydygyňy paş eder.

 7 Ýa Allam, senden iki dilegim bar.

Entek dirikäm şulary menden gaýgyrma:

 8 Menden aldawçylygy we ýalany aýyr+.

Maňa baýlygam berme, garyplygam.

Iýjegimi ýetirip dur+,

 9 Şonda senden ýüz öwürmerin,

Gerk⁠-⁠gäbe doýup: «Ýehowa kimmişin?» diýmerin+.

Mätäçlikden ýaňa ogurlyga ýüz urup,

Hudaýymyň adyna ysnat getirmerin.

10 Hojaýynyň ýanyna baryp, hyzmatkärine töhmet atma.

Ol saňa gargaýmasyn, günäkär bolup galaýma+.

11 Nesil bardyr, atasyna gargaýar,

Enesine hormat goýmaýar*+.

12 Nesil bardyr, özüne arassadyryn öýdýär+,

Emma pisliginden* tämizlenmeýär.

13 Nesil bardyr, tumşugyny ýokary tutýar,

Ulumsylyk bilen seredýär+.

14 Nesil bardyr, dişleri gylyç ýaly,

Äňi gassabyň pyçagy ýaly.

Olar garyp⁠-⁠gasarlary,

Ýer ýüzündäki ejizleri ýalmap ýuwudýar+.

15 Sülügiň*: «Ber! Ber!» diýýän iki gyzy bar.

Doýmaz⁠-⁠dolmaz üç zat bar,

«Doýdum!» diýmeýän dört zat bar:

16 Mazar*+, önelgesiz ýatgy,

Teşne toprak,

«Doýdum!» diýmeýän ot⁠-⁠ýalyn.

17 Atasyny kemsidýän, enesini diňlemeýän ogluň gözüni+,

Jülgäniň gargalary çokar, bürgüt jüýjeleri iýer+.

18 Akyl ýetirip bilmeýän üç zadym bar*,

Düşünip bilmeýän dört zadym bar:

19 Gökde bürgüdiň ýoly,

Gaýada ýylanyň ýoly,

Deňizde gäminiň ýoly,

Gyz göwnüni awlaýan ýigidiň ýoly.

20 Ine ahlaksyz aýalyň ýoly:

Ol iýip içýär, agzyny süpürip:

«Men erbetlik etmedim» diýýär+.

21 Ýeri titredýän üç zat bar,

Halkyň çydap bilmeýän dört zady bar:

22 Gul patyşa bolup höküm sürse+,

Akmagyň saçagy näz⁠-⁠nygmatdan dolsa*,

23 Ýigrenilýän* gyz äre çyksa,

Gyrnak bikesiniň ornuny eýelese+.

24 Dünýäde dört zat bar,

Olar örän kiçi bolsa⁠-⁠da, akyldarlygy haýran galdyrýar*+:

25 Garynjalar ejiz jandar bolsa⁠-⁠da*,

Azygyny tomus ýygnaýar+.

26 Gaýa torsugy+ güýçli jandar* bolmasa⁠-⁠da,

Öýüni gaýada gurýar+.

27 Çekirtgeleriň+ patyşasy bolmasa⁠-⁠da,

Olar nyzama durup öňe gidýär+.

28 Suwulgan*+ diwara ýapyşyp ýöreýär,

Patyşanyň köşgüne girýär.

29 Üç zadyň, hatda dört zadyň haýbatly ýöreýşi,

Akylyňy haýran galdyrýar:

30 Haýwanlaryň iň güýçlüsi ýolbarsyň ýöreýşi,

Ol hiç zatdan gorkmaýar+.

31 Tazynyň ýöreýşi, tekäniň ýöreýşi,

Goşunyň öňünde barýan patyşanyň ýöreýşi.

32 Akmak bolup, ulumsylyk eden bolsaň+,

Ýa⁠-⁠da şeýle pikirler dörän bolsa,

Eliň bilen agzyňy ýap+.

33 Sebäbi süýdi ýaýsaň, ýag çykar,

Burna ursaň, gan çykar,

Gahary tutaşdyrsaň, dawa turar+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş