Zebur
96 Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+.
Bütin ýer ýüzi, Ýehowa aýdym aýdyň!+
2 Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň, adyny wasp ediň.
Her gün halas edişi hakda wagyz ediň+.
3 Milletlere şan-şöhratyny ýetiriň,
Halklara täsin işlerini buşlaň+.
4 Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr.
Başga taňrylardan has haýbatlydyr.
7 Eý tire-taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!
Güýçli hem şan-şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+
8 Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!+
Onuň howlusyna sowgatly giriň.
10 Milletlere jar çekiň: «Ýehowa Patyşa boldy!+
Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz.
Alla halklary adalatly höküm eder»+.
11 Goý, asman begensin, zemin şatlansyn,
Deňiz we içindäkiler el çarpsyn+.
12 Çöl-beýewan we ondaky ähli zatlar guwansyn+,
Tokaýyň agaçlary şatlykdan ýaňa gygyrsyn+.
13 Olaryň ählisi Ýehowanyň öňünde şatlansyn.
Sebäbi ol ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär.
Ol dogruçyllyk we wepadarlyk bilen,
Ýer ýüzüniň halklaryny höküm eder+.