Zebur
149 Ýaha alkyş aýdyň!*
3 Hudaýyň adyny wasp edip, tans etsinler,
Deprek we arfa bilen nagma aýtsynlar+.
Ýumşaklary halas edýär+.
5 Goý, wepaly adamlaryň şan-şöhraty artsyn,
Düşeginde aýdyma hiňlensin+.
6 Allany wasp edýän aýdym dilinde bolsun,
Iki ýüzli gylyç elinde bolsun.
7 Milletlerden ar alsynlar,
Halklara jeza bersinler.
8 Olaryň patyşalaryny gandallasynlar,
Beglerini zynjyr bilen baglasynlar.
9 Olara çykarylan hökümi berjaý etmek+,
Wepaly adamlar üçin uly hormatdyr.
Ýaha alkyş aýdyň!*