1 Patyşalar
17 Gilead+ topragynda ýaşaýan tişbeli Ylýas* pygamber+ Ahaba: «Birnäçe ýyllap ýurda ne çyg düşer, ne-de ýagyş ýagar. Meniň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, özüm aýdýançam, hiç zat ýagmaz»+ diýdi.
2 Soňra Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: 3 «Gündogara git-de, Kerit jülgesinde gizlen, ol Iordan derýasynyň gündogaryndadyr. 4 Sen çeşme suwundan içersiň, iýjek çöregiňi bolsa gargalara* getirderin»+. 5 Ylýas derrew ýola düşüp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Iordanyň gündogarynda ýerleşýän Kerit jülgesine bardy. 6 Ol çeşmäniň suwundan içerdi, gargalar bolsa ertirine-agşamyna çörek bilen et* getirip durardy+. 7 Ýurda ýagyş ýagmansoň, birnäçe günden çeşme gurady+.
8 Şonda Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: 9 «Tur-da, Sidonyň Sarepta şäherine git. Bir dul aýala saňa nahar bermegi tabşyraryn»+. 10 Ylýas turup, Sarepta gitdi. Ol şäheriň derwezesinden giren badyna, odun çöpläp ýören dul aýaly gördi. Ylýas: «Bir käse suw beräý»+ diýdi. 11 Aýal suw almaga gidip ugranda, Ylýas yzyndan: «Gaýrat edip, bir döwüm çöregem alyp gaýt» diýdi. 12 Şonda aýal: «Ýehowa Hudaýyň diri şaýatdyr, mende hiç hili çörek ýok. Uly küýzämde bary-ýogy bir goşawuç un, kiçi küýzämde-de azajyk ýag bar+. Şu wagt odun çöpläp ýörün, öýe gidip, bir zat bişirjek. Oglum ikimiz soňkuja çöregimizi iýeris-de, öleris» diýdi.
13 Ylýas: «Gorkma, öýüňe git-de, aýdyşyň ýaly et. Ýöne galanja unuňdan ilki maňa bir kiçiräk çörek bişirip ber. Soňam ogluň bilen özüňe bişirersiň. 14 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýehowa ýurda ýagyş ýagdyrýança, uly küýzedäki un, kiçi küýzedäki ýag gutarmaz“»+ diýdi. 15 Aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ençeme günläp Ylýasyňam, dul aýal bilen maşgalasynyňam iýere çöregi boldy+. 16 Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly, uly küýzede un, kiçi küýzede ýag gutarmady.
17 Günlerde bir gün Ylýasy myhman alan aýalyň ogly keselledi, ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşyp, oglanjyk ýogaldy+. 18 Şonda ol aýal Ylýasa: «Eý hak Hudaýyň guly, menden näme ýamanlyk gördüň? Maňa öňki eden günämi ýatladyp, oglumy öldürmäge geldiňmi?»+ diýdi. 19 Ylýas: «Hany, ogluňy ber» diýdi. Ol çagany ejesiniň elinden aldy-da, ýokarky otaga eltip, öz düşeginde ýatyrdy+. 20 Ylýas Ýehowa: «Eý Ýehowa Hudaýym+, meni myhman alan dul aýalyň başyna ne günleri saldyň? Oglunyň ölmegine näme üçin ýol berdiň?» diýdi. 21 Soňra ol çagany üç gezek bagryna basdy-da*, Ýehowa ýüzlenip: «Eý Ýehowa Hudaýym, ýalbarýaryn, çaganyň demini gaýtaryp ber» diýdi. 22 Ýehowa Ylýasyň dilegini eşidip+, çaganyň demini gaýtaryp berdi, oglanjyk direldi+. 23 Ylýas çagany alyp, ýokarky otagdan düşdi-de, ejesine berip: «Seret, ogluň direldi!»+ diýdi. 24 Şonda ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň pygamberidigiňe* göz ýetirdim+, Ýehowanyň sen arkaly aýdýan sözleri dogry eken» diýdi.