Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi — 2014 | 15 fewral
    • Ýehowa Ysraýylyň zalym patyşasy Ahabyň döwründe birnäçe ýyl dowam etjek gurakçylyk indermekçi bolýar. Ylýas betbagtçylyk hakda yglan edenden soňra, Hudaý ony Ahap patyşadan gizledi we gudrat bilen iýmitlendirdi. Gara gargalar Ylýasa çörek we et getirýärdiler. Biraz wagtdan Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: «Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn» (1 Pat. 17: 1—9).

  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi — 2014 | 15 fewral
    • Dul aýal Ylýasy görende, onuň hudaýhon adamdygyna düşünýär. Bu onuň: «Hudaýyň Rebden ant içýärin» diýen sözlerinden görünýär. Ol Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa barada az-kem bilse-de, Oňa «meniň Hudaýym» diýip aýtmady. Dul aýal Kenganyň Sidon ýurdunda ýerleşýän Sarepat galasynda ýaşaýardy. Galanyň ýaşaýjylary Bagal butuna sežde edýärdiler. Diýmek, Ýehowa dul aýalyň ýüreginde bir ýagşy zady gören bolmaly.

      Sarepatly dul aýal butparaz adamlaryň arasynda ýaşasa-da, Ýehowa iman edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa pygamberini iberip, hem aýaly, hem gullukçysyny halas etmekçidi. Biz mundan wajyp sapak edinip bileris.

      Sarepatyň butparaz ýaşaýjylarynyň ählisi erbet däldi. Ýehowa Ylýasy dul aýalyň ýanyna iberip, akýürekli adamlar hakda-da — Ýehowanyň gullukçylary bolmasalar-da — alada edýändigini görkezdi. Dogrudan-da, Hudaý «her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Res. iş. 10:35).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş