Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/2 sah. 13—15
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • YLÝAS IMANLY DUL AÝALA DUŞÝAR
  • «ÖŇÜRTI MAŇA BIR KIÇIJIK ÇÖREK BIŞIRIP GETIR»
  • «SEN... MENIŇ OGLUMY ÖLDÜRMÄGE GELDIŇMI?»
  • «SERET, SENIŇ OGLUŇ DIRELDI»
  • Dul aýalyň ogly direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Dogry garaýyşda bolalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?
    Çagalaryňyza öwrediň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/2 sah. 13—15

Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar

GARYP dul aýal ýalňyz perzendini bagryna basýar. Ol öz gözlerine ynanyp bilmeýär. Dul aýal ýaňyja-da aradan çykan oguljygyny perişan halda elinde saklap otyrdy. Ine, indi bolsa, ol direlen oglunyň ýylgyryşyny görüp, özüni çäksiz bagtly duýýar. Dul aýalyň öýündäki myhman oňa: «Seret, seniň ogluň direldi» diýýär.

Bu tolgundyryjy waka takmynan 3 000 ýyl mundan öň bolup geçdi. Ol barada 1 Patyşalar kitabynyň 17-nji babynda gürrüň berilýär. Myhman adam Hudaýyň pygamberi Ylýasdy. Oglanjygyň ejesi kim? Mukaddes Ýazgylarda onuň ady agzalmasa-da, Sarepat galasynda ýaşandygy mälim. Dul aýalyň durmuşynda imanyny berkiden örän täsin waka bolup geçdi. Biz bu wakany çuňňur özleşdirsek, ondan köp zatlary öwreneris.

YLÝAS IMANLY DUL AÝALA DUŞÝAR

Ýehowa Ysraýylyň zalym patyşasy Ahabyň döwründe birnäçe ýyl dowam etjek gurakçylyk indermekçi bolýar. Ylýas betbagtçylyk hakda yglan edenden soňra, Hudaý ony Ahap patyşadan gizledi we gudrat bilen iýmitlendirdi. Gara gargalar Ylýasa çörek we et getirýärdiler. Biraz wagtdan Ýehowa Ylýasa şeýle diýdi: «Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn» (1 Pat. 17: 1—9).

Ylýas Sarepata gelende, bir garyp dul aýalyň odun çöpläp ýörenini görýär. Pygamberi iýmit bilen üpjün etmeli aýal şu bolaýmasyn? Bu aýal şeýle bir garyp welin, onuň kömek etmäge gurby çatarmyka? Ylýas pygamber şübheli pikirlerini ýeňip, dul aýala: «Maňa içmäge käsede biraz suw getiräý» diýýär. Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi (1 Pat. 17:10, 11). Dul aýalyň suw bermäge mümkinçiligi bardy, ýöne çörek hödür edere ýagdaýy ýokdy.

Aýal Ylýasa şeýle jogap berýär: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris» (1 Pat. 17:12). Geliň, bu sözleriň nämäni görkezýändigine seredeliň.

Dul aýal Ylýasy görende, onuň hudaýhon adamdygyna düşünýär. Bu onuň: «Hudaýyň Rebden ant içýärin» diýen sözlerinden görünýär. Ol Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa barada az-kem bilse-de, Oňa «meniň Hudaýym» diýip aýtmady. Dul aýal Kenganyň Sidon ýurdunda ýerleşýän Sarepat galasynda ýaşaýardy. Galanyň ýaşaýjylary Bagal butuna sežde edýärdiler. Diýmek, Ýehowa dul aýalyň ýüreginde bir ýagşy zady gören bolmaly.

Sarepatly dul aýal butparaz adamlaryň arasynda ýaşasa-da, Ýehowa iman edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa pygamberini iberip, hem aýaly, hem gullukçysyny halas etmekçidi. Biz mundan wajyp sapak edinip bileris.

Sarepatyň butparaz ýaşaýjylarynyň ählisi erbet däldi. Ýehowa Ylýasy dul aýalyň ýanyna iberip, akýürekli adamlar hakda-da — Ýehowanyň gullukçylary bolmasalar-da — alada edýändigini görkezdi. Dogrudan-da, Hudaý «her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Res. iş. 10:35).

Siziň ýaşaýan ýeriňizde sarepatly dul aýal ýaly adamlar barmy? Olar butparaz adamlaryň arasynda ýaşasalar-da, gowy durmuşy arzuw edýändirler. Belki-de, olaryň Ýehowa barada biraz bilimi bardyr, belki-de, Ol hakda hiç zady bilýän däldirler. Näme-de bolsa, olara arassa seždäni kabul etmäge kömek etmeli. Siz şeýle adamlary agtarýarmysyňyz?

«ÖŇÜRTI MAŇA BIR KIÇIJIK ÇÖREK BIŞIRIP GETIR»

Geliň, Ylýasyň dul aýaldan näme haýyş edendigine seredeliň. Aýal ýaňyja Ylýasa özi we ogly üçin çörek bişirjekdigini, soňra ony iýip, öleris diýip aýdypdy. Emma Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň. Çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“» (1 Pat. 17:11—14).

Kimdir biri: «Soňky çöregimi bermelimi? Sen oýun edýän-ä dälsiň?» diýip bilerdi. Emma dul aýal beýle diýmedi. Onuň Ýehowa barada bilimi örän çäkli bolsa-da, ol Ylýasa ynandy we onuň aýdyşy ýaly-da etdi. Dul aýalyň imany üýtgeşik edip synalsa-da, ol paýhasly karara geldi!

The widow’s faith in Elijah’s God, Jehovah, preserved her and her son alive — Dul aýal Ylýasyň Hudaýy Ýehowa iman edip, özüni hem-de ogluny halas etdi

Ylýas pygamberiň aýdyşy ýaly, Hudaý dul aýaly terk etmedi. Ýehowa Ylýasy, dul aýaly we ogluny tä gurakçylyk gutarýança iýmit bilen üpjün etdi. Dogrudan-da, «Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi» (1 Pat. 17:16; 18:1). Eger aýal başgaça hereket eden bolsa-dy, onda ol galan ujypsyzja unundan we ýagyndan iň soňky gezek nahar taýýarlamaly bolardy. Emma ol Ýehowa bil baglap, ilki bilen, Ylýasy naharlady.

Görşümiz ýaly, Hudaý iman edýän adamlara ak pata berýär. Sizem imanyňyz synalanda aýypsyz galmagy ýüregiňize düwüň, çünki Halasgärimiz, Goraýjymyz we Dostumyz Ýehowa kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär (Müs. çyk. 3:13—15).

1898-nji ýylyň «Sion garawul diňi» žurnalynda sarepatly dul aýal bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimiz barada şeýle diýilýär: «Dul aýal Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözüne iman edip, gulak asandygy üçin, Hudaý oňa kömek edýär. Eger ol iman etmedik bolsa, onda Hudaý islegini ýerine ýetirmek üçin başga bir dul aýala ýüzlenerdi. Biz hem Hudaýa iman edýändigimizi görkezsek, bereket taparys, ýogsam Onuň merhemetinden mahrum bolarys».

Kynçylyklarda Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar arkaly Hudaýyň görkezmesini agtarmaly. Soňra ýagdaýyň agyrdygyna garamazdan, berlen görkezmä eýermeli. Eger biz şu paýhasly maslahata gulak assak, Hudaýyň ak patasyny alarys: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Sül. tym. 3:5, 6).

«SEN... MENIŇ OGLUMY ÖLDÜRMÄGE GELDIŇMI?»

Dul aýalyň imany ýene-de synalýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlaýar. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykýar». Hasrat çekýän ene betbagtçylygyň sebäbini bilmek üçin, Ylýasa ýüzlenip: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýýär (1 Pat. 17:17, 18). Şeýle ajy sözleri aýtmaga ony näme mejbur etdikä?

Belki-de, dul aýalyň etmişi ýadyna düşüp, ynsaby kösändir? Ol oglunyň aradan çykmagyny Hudaýyň jezasy hasaplap, Ylýas pygamberi bolsa, onuň habarçysydyr öýdendir? Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar. Emma dul aýal Hudaýa hiç hili dil ýetirmändir.

Ylýasa oglanjygyň ölümi we dul aýalyň agyr ýitgisi üçin ony günäkärlemegi uly urgy boldy. Pygamber oglanjygyň jansyz göwresini öz bolýan ýokarky otagyna getirip: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» diýip doga edýär. Ylýas ýagşylyk eden we myhmansöýer dul aýalyň jebir çekmegi, Ýehowanyň adyna ysnat getirer öýdüp aladalanýardy. Şonuň üçin ol: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt» diýýär (1 Pat. 17:20, 21).

«SERET, SENIŇ OGLUŇ DIRELDI»

Ýehowa Ylýas pygamberiň dogasyny eşitdi. Dul aýal Ýehowanyň gullukçysyny iýmitlendirip, Oňa iman edýändigini görkezdi. Allatagala onuň oglunyň kesellemegine we ölmegine ýol beren bolmaly. Sebäbi Ýehowa direliş hakdaky bu ilkinji wakanyň gelejekki nesillere umyt berjekdigini bilip, ony Mukaddes Ýazgylara ýazdyrýar. Ylýas pygamber ýalbaranda, Ýehowa oglanjygy direldýär. Ylýas: «Seret, seniň ogluň direldi» diýende, ejesiniň çäksiz şatlygyny göz öňüňize getiriň! Şonda aýal pygambere: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýýär (1 Pat. 17:22—24).

Dul aýal barada diňe 1 Patyşalar kitabynyň 17-nji babynda gürrüň berilse-de, Isanyň ol hakda aýdan ýagşy sözlerinden onuň ömrüniň ahyryna çenli Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolandygyny bilse bolýar (Luka 4:25, 26). Bu waka Hudaýyň gullukçylaryna ýagşylyk eden adamy Onuň ýalkajakdygyny görkezýär (Mat. 25:34—40). Şeýle-de ol Ýehowa wepaly gullukçylarynyň agyr günlerinde-de aladasyny etjekdigine ynandyrýar (Mat. 6:25—34). Galyberse-de, bu Ýehowanyň ölüleri direltmäge isleginiň we güýjüniň bardygyny subut edýär (Res. iş. 24:15). Şol sebäpli, geliň, sarepatly dul aýal bilen bolan wakany ýatdan çykarmalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş