Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/2 sah. 16—20
  • Ýehowa — Halasgärimiz hem Goraýjymyz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa — Halasgärimiz hem Goraýjymyz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA BEÝIK HALASGÄR
  • HUDAÝ BIZI ÖZI BILEN ÝARAŞDYRÝAR
  • ÝEHOWA GORAÝAR
  • ŞEÝTANYŇ HÜJÜMLERINE HÖTDE GELIŇ
  • Sen Ýehowany Ataň ýaly görýärmiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa şu günler nädip halas edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ýehowanyň bizi söýýändigi nämeden görünýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi güýçli söýýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/2 sah. 16—20

Ýehowa — Halasgärimiz hem Goraýjymyz

«Yhlasyny Maňa baglandygy üçin, Men ony halas ederin, ony goraryn, çünki adymy tanady». ZEB. 91:14

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa näme üçin beýik Halasgär diýse bolýar?

  • Adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmakda Isa nähili orun tutýar?

  • Ýehowa Özüni söýýän we gulak asýan adamlary nädip goraýar?

1, 2. Biziň maşgala ýagdaýymyz we hakykaty kabul edişimiz bir-birimizden nädip tapawutlanýar?

MAŞGALANY döreden — Ýehowa Hudaý. Ähli adamlar Onuň maşgala agzalarydyr (Efes. 3:14, 15). Muňa garamazdan, adamlaryň ýagdaýy bir-birinden tapawutlanýar. Meselem, käbirleri ata-enesi bilen bile ýaşaýarlar. Käbirleriniň ata-enesi keselçilik ýa-da betbagtçylyk sebäpli dünýäden ötdi. Käbir adamlar bolsa, hatda öz ata-enesiniň kimdigini bilmeýärler.

2 Ýehowanyň ruhy maşgalasynyň agzalary-da hakykaty dürli ýollar bilen kabul etdiler. Belki-de, siz mesihçi maşgalada önüp-ösensiňiz we ata-eneňiz sizi Hudaýyň prinsipleri boýunça terbiýeländir (Kan. tag. 6:6, 7). Ýa-da siz Ýehowanyň müňlerçe gullukçylary ýaly hakykaty wagyz arkaly eşidensiňiz (Rim. 10:13—15; 1 Tim. 2:3, 4).

3. Biziň näme meňzeşligimiz bar?

3 Ýokarda agzalanlara garamazdan, biziň meňzeşligimiz hem bar. Biz Adam atadan bikämilligi, günäni we ölümi miras aldyk (Rim. 5:12). Muňa garamazdan, biz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde Oňa «Atamyz» diýip ýüzlenýäris. Işaýa 64:8-e laýyklykda, ysraýyl halky Hudaýa: «Atamyz Sensiň» diýip ýüzlenipdir. Isa-da nusgalyk dogada: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýdi (Mat. 6:9).

4, 5. Gökdäki Atamyza minnetdarlygymyzy artdyrmak üçin nämä serederis?

4 Gökdäki Atamyz bizi goraýar we aladamyzy edýär, çünki biz Onuň adyny iman bilen çagyrýarys. Mezmurçy: «Yhlasyny Maňa baglandygy üçin, Men ony (gullukçymy) halas ederin, ony goraryn, çünki adymy tanady» diýip ýazdy (Zeb. 91:14). Hawa, Ýehowa bizi duşmanlardan halas edýär we goraýar. Olar bizi bütinleý ýok edip bilmezler.

5 Geliň, häzir gökdäki Atamyza minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek etjek üç zada seredeliň: 1. Ýehowa — Halasgärimiz. 2. Ýehowa — Goraýjymyz. 3. Hudaý — iň gowy Dostumyz. Bu bize Hudaý bilen dostlugymyzy gymmat saýmaga we Oňa Atamyz hökmünde hormat bildirmäge kömek eder. Şeýle-de Ýehowanyň dostlaryna nähili bereketleriň garaşýandygy hakda gürrüň ederis (Ýakup 4:8).

ÝEHOWA BEÝIK HALASGÄR

6. Ýehowa nähili «oňat sowgatlary» berýär?

6 Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir» (Ýakup 1:17). Ýaşaýyş — Ýehowanyň ajaýyp sowgady (Zeb. 36:9). Eger biz Hudaýyň islegi boýunça ýaşasak, häzir ençeme bereketleriň eýesi bolarys, gelejekde bolsa, täze dünýäde ebedi ýaşaýşy miras alarys (Sül. tym. 10:22; 2 Pet. 3:13). Eýsem, bikämilligi, günäni we ölümi miras alan adamlar üçin, bu mümkinmi?

7. Ýehowa adamlara nähili mümkinçilik berdi?

7 Ýehowa — Beýik Halasgär. Biz ilkinji ynsan atamyzdan günäni we bikämilligi miras alsak-da, Ýehowa bizi halas etdi (Rim. 3:23). Ýehowa adamlary söýýändigi üçin, Özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik döretdi. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi. Biz Hudaýy däl, eýsem Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur» (1 Ýahýa 4:9, 10).

8, 9. Ýehowa Ybraýymyň döwründe Halasgär Hudaýdygyny nädip görkezdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 B. e. öň 1893-nji ýylda bolan waka Ýehowanyň gulak asýan adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin näme edendigini görkezýär. Ýewreýler 11:17—19-njy aýatlarda şeýle düşündirilýär: «Ybraýym synalanda iman arkaly Yshagy gurban hökmünde hödürledi. Wadalary alan, hakynda „seniň nesliň Yshak bilen dowam eder“ diýip aýdylan şol ýalňyz ogluny hödürledi. Ybraýym Hudaýyň ölüleri hem direltmegi başarjagyna pikir etdi, şoňa görä hem alamat şekilinde Yshagy ölümden alyp galdy». Ybraýymyň ogly Yshagy gurban bermäge taýyn bolşy ýaly, Ýehowa-da adamzady halas etmek üçin Ogly Isa Mesihi gurban berdi (Ýahýa 3:16, 36-njy aýatlary okaň).

9 Yshak ölmän galanyna begenen bolsa gerek! Ol Ýehowanyň gurbanlyk hökmünde goçy berendigine ýürekden minnetdar boldy (Gel. çyk. 22:10—13). Şoňa görä-de, ol ýere «Ýehowa-ýire», ýagny «Ýehowa üpjün eder» diýilmegi geň galdyrmaýar (Gel. çyk. 22:14, TD).

HUDAÝ BIZI ÖZI BILEN ÝARAŞDYRÝAR

10, 11. «Ýaraşdyrma gullugyny» ýerine ýetirmäge kim ýolbaşçylyk edýär we nädip?

10 Ýehowanyň bizi halas etmek üçin näme edendigi hakda oýlansak, Isa Mesihiň töleg gurbanyna minnetdarlygymyz artýar. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris. Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi» (2 Kor. 5:14, 15).

11 I asyrda ýaşan mesihçiler Hudaýy söýýändikleri we Oňa gulluk etmäge berlen hormata minnetdardyklary üçin «ýaraşdyrma gullugyny» höwes bilen ýerine ýetirýärdiler. Olaryň wagyz hem şägirt taýýarlamak işi akýürekli adamlara Hudaý bilen ýaraşmaga, Oňa ýakynlaşmaga we Onuň ruhy ogullary bolmaga mümkinçilik döredýärdi. Şu günler bu ajaýyp işi Ýehowanyň mesh eden gullukçylary dowam edýär. Olar Hudaýyň we Mesihiň ilçileri hökmünde «ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýärler (2 Korintoslylar 5:18—20-nji aýatlary okaň; Ýahýa 6:44; Res. iş. 13:48).

12, 13. Biz Ýehowanyň sowgatlaryna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

12 Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänler hem Halasgärimiz Ýehowa çuňňur minnetdarlyk bildirip, mesh edilenler bilen bile Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärler. Biz wagyzda Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyň başga-da berýän ajaýyp sowgatlaryny ulanýarys (2 Tim. 3:16, 17). Biz Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulansak, adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek edip bileris. Şeýle-de biz Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglaýarys (Zak. 4:6; Luka 11:13). Wagyz işiniň ajaýyp hasyl berýändigini «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýyllyk kitabyndan» bilse bolýar. Atamyzy we Halasgärimizi şöhratlandyrýan işe gatnaşmak nähili uly hormat!

13 Ýehowanyň berýän ençeme sowgatlaryny göz öňünde tutup, özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Men Ýehowanyň berýän zatlaryna çuňňur minnetdarlyk bildirip, köpräk wagyz etmek üçin elimde baryny edýärinmi? Hoş habary ökdelik bilen aýdar ýaly näme edip bilerin?» Biz Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ýehowanyň ajaýyp sowgatlaryna minnetdardygymyzy görkezeris. Ýehowa hem biziň zerurlyklarymyzy doly kanagatlandyrar (Mat. 6:25—33). Hawa, Ýehowa söýgi bilen biziň aladamyzy edýär; biz hem Onuň göwnünden turmak we ýüregini şatlandyrmak isleýäris (Sül. tym. 27:11).

14. Ýehowa halkyny nädip halas edýär?

14 Dawut şeýle nagma aýtdy: «Men garyp we mätäç; Reb maňa gamhorlyk eder; meniň kömegim, halasgärim Sensiň. Eý Hudaýym, ýetiş!» (Zeb. 40:17). Ýehowa halkyny rehimsiz duşmanlarynyň elinden ençeme gezek halas etdi. Biz Ýehowanyň kyn pursatlarda wepaly galmaga kömek edýändigine minnetdardyrys!

ÝEHOWA GORAÝAR

15. Söýýän atanyň çagasyny halas edişini gürrüň beriň.

15 Söýýän ata çagalaryny diňe bir gerekli zatlar bilen üpjün etmän, eýsem, olary goraýar. Eger çagalaryna howp abansa, ol kömege ýetişmäge taýyndyr. Geliň, bir dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol çagaka kakasy ony ölümden halas edýär. Bir gün olar wagyzdan soň öýe barýarkalar çeşmeden geçmeli bolýarlar. Şol güni irden güýçli ýagyş ýagandygy sebäpli, çeşme suwdan dolup, akymy güýçlenipdi. Çeşmäniň beýleki tarapyna diňe uly daşlar arkaly geçip bolýardy. Oglanjyk kakasynyň öňünden barýarka aýagy taýyp, suwa ýykylýar. Bu ýagdaý iki gezek gaýtalanýar. Iki gezegem kakasy onuň egninden tutup, ölümden gutarýar. Oglanjyk kakasynyň suwdan çykaryp, halas edendigine örän begenýär! Şonuň ýaly-da, gökdäki Atamyz bizi howp salýan zalym dünýäden we onuň hökümdary Şeýtandan halas eder. Dogrudan-da, Ýehowa — deňsiz-taýsyz Goraýjy! (Mat. 6:13; 1 Ýahýa 5:19).

16, 17. Ýehowa ysraýyllylara amalekler bilen söweşmäge nädip kömek etdi?

16 B. e. öň 1513-nji ýylda Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat etdi we gudrat bilen Gyzyl deňzinden geçirdi. Soňra olar Sinaý dagyna barmak üçin, çölüň içi bilen ýöräp Repidime geldiler.

17 Şeýtan Gelip çykyş 3:15-däki pygamberligiň ýerine ýetmezligi üçin, surnugan ysraýyllylara topulmaga mümkinçilik gözleýärdi. Ol muny amalekler arkaly etmekçidi (San. 24:20). Geliň, häzir Ýehowanyň dört wepaly adamlar, ýagny Ýeşuwa, Musa, Harun we Hur arkaly näme edendigine seredeliň. Ýeşuwa amalekler bilen söweşende, Musa, Harun we Hur depede durdylar. Musa elini göterip duranda ysraýyllylar ýeňýärdi. Musanyň elleri ysgyndan gaçanda, Harun we Hur oňa kömek etdiler. Şeýdip, Ýehowanyň kömegi hem goragy bilen «Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi» (Müs. çyk. 17:8—13). Şonda Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa «Reb meniň tugumdyr» diýip at goýdy, bu «Ýehowa meniň Goraýjymdyr» diýmegi aňladýar (Müs. çyk. 17:14, 15).

ŞEÝTANYŇ HÜJÜMLERINE HÖTDE GELIŇ

18, 19. Şu günler Ýehowa bizi nädip goraýar?

18 Ýehowa Özüni söýýän we gulak asýan adamlary goraýar. Hudaýyň Repidimde ysraýyllylary goraýşy ýaly, bizi-de duşmanlardan gorajakdygyna ynanýarys. Ýehowa halkyny bütinleý ýok etmäge hiç haçan ýol bermez. Meselem, synaglarda bitaraplygy saklan doganlarymyzy Hudaýyň nädip gorandygy barada oýlanyp görüň. Muny nasizm režimi döwründe Germaniýada hem başga döwletlerde bolan wakalar subut edýär. Şeýle wakalary terjimehallardan we «Ýyllyk kitabyndan» okap, olar hakda oýlansak, Ýehowanyň bize pena boljakdygyna ynamymyz artar (Zeb. 91:2).

Kynçylyklarda Ýehowa bize dogan-uýalar arkaly wepaly galmaga kömek eder (18—20-nji abzaslara serediň)

19 Şeýle-de Ýehowa bizi goramak üçin guramasy we edebiýatlary arkaly söýgi bilen gerekli ýatlatmalary berýär. Olaryň bizi goraýandygyna hiç hili şübhe ýok. Bu azgyn dünýäde ahlaksyzlyk we pornografiýa gitdigiçe köpelýär. Ýehowa biziň ahlak taýdan arassa galmagymyz üçin ýygy-ýygydan ýatlatmalary we peýdaly maslahatlary berýär. Meselem, Ýehowa bize Atalyk söýgüsini bildirip, Internet arkaly tanyşlyk açmakdan ägä bolmagy ündeýära (1 Kor. 15:33).

20. Biz ýygnak duşuşyklary arkaly nähili gorag we görkezme alýarys?

20 Biz «Rebden tälim alýandygymyzy» nädip görkezip bileris? Munuň üçin Hudaýyň berýän tabşyryklaryny berjaý etmeli (Iş. 54:13). Ýygnak duşuşyklarynda berilýän görkezmelere eýersek, bize gorag bolar. Şeýle-de ýygnak ýaşululary Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary berýärler (Gal. 6:1). Ýehowa bu «adamlar görnüşindäki sylaglar (TD)» arkaly mähir bilen aladamyzy edýär (Efes. 4:7, 8). Biz olara gulak asmaly we tabyn bolmaly. Şonda Hudaýyň berekedini alarys (Ýew. 13:17).

21. a) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

21 Geliň, mukaddes ruhuň kömegine bil baglap, gökdäki Atamyzyň görkezmesine eýermegi ýüregimize düweliň. Şeýle-de Isa Mesihiň durmuşyny çuňňur özleşdirip, onuň ajaýyp göreldesine gyşarnyksyz eýereliň. Isa soňky demine çenli wepaly galyp, köp bereketler aldy (Flp. 2:5—11). Eger biz hem Ýehowa bütin ýüregimiz bilen bil baglasak, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Sül. tym. 3:5, 6). Geliň, nazarymyzy deňsiz-taýsyz Halasgärimiz we Goraýjymyz Ýehowa dikeliň! Ýehowa gulluk etmek örän şatlykly we uly hormat. Gökdäki Atamyzyň edýän aladasy hakda oýlansak, oňa bolan söýgimiz has-da artar. Bu hakda indiki makalada gürrüň ederis.

a 2011-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Interneti paýhasly ulanmak» (sah. 9, 10) we 2012-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Iblisiň duzaklaryndan seresap boluň!» hem-de «Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!» (sah. 20—29) atly makalalara serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş