Sen Ýehowany Ataň ýaly görýärmiň?
ISANYŇ şägirtleriniň biri: «Ýa Reb!... bize doga etmegi öwret» diýende, ol şeýle jogap berdi: «Doga edeniňizde şeýle diýiň: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» (Luka 11:1, 2). Isa «Gudratygüýçli», «Beýik Halypa», «Ýaradyjy», «Gadym Günlerdäki» we «Bütin döwürleriň Patyşasy» ýaly täsir galdyryjy titullar bilen Ýehowa dileg edip bilerdi (Gel. çyk. 49:25; Zeb. 71:17; Res. iş. 17:24; Dan. 7:9; 1 Tim. 1:17). Emma Isa «Ata» diýip doga etdi. Näme üçin? Ol pesgöwünli çaganyň söýgüli atasyna ýakynlaşyşy ýaly, biziň hem älemde iň beýik Şahsyýete ýakynlaşmagymyzy islän bolmaly.
Käbir adamlar üçin Hudaýy Atasy hasaplamak kyn bolýar. Atsukoa atly bir uýa şeýle diýýär: «Suwda çokundyrylandan soň birnäçe ýyl maňa Ýehowa ýakynlaşmak we Ata diýip, doga etmek kyn boldy». Munuň sebäbini ol şeýle düşündirýär: «Kakamyň maňa söýgüsini bildirendigi ýadyma düşmeýär».
Bu soňky kyn günlerde, adamlar «doňýürek» bolany üçin atalar çagasyna söýgüsini bildirmeýär (2 Tim. 3:1, 3). Şol sebäpli özüni Atsuko ýaly duýýan adamlar az däl. Emma bize Ýehowany söýgüli Atamyz ýaly görmäge degerli sebäpleriň bardygy göwünlik berýär.
Ýehowa söýgi bilen aladamyzy edýär
Biz Ýehowany Atamyz ýaly görmek üçin ony gowy tanamaly. Isa: «Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi (Mat. 11:27). Isanyň hak Hudaý barada öwreden zatlary hakynda oýlansak, Atamyz Ýehowany gowy tanarys. Isa Atasy barada näme öwretdi?
Isa Ýehowany ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, şeýle diýdi: «Men... Ata arkaly ýaşaýaryn» (Ýahýa 6:57). Biz hem Atamyza ýaşaýyş üçin borçludyrys (Zeb. 36:9; Res. iş. 17:28). Ýehowa adamlara näme üçin ýaşaýyş berdi? Sebäbi Hudaý olary söýýär. Biz hem şeýle sowgady üçin göklerdäki Atamyzy söýmeli.
Isanyň töleg gurbany, Hudaýyň adamlara bolan beýik söýgüsini görkezýär. Ýehowa söýgüli Oglunyň töleg gurbany arkaly günäli adamlara özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi (Rim. 5:12; 1 Ýahýa 4:9, 10). Göklerdäki Atamyz wadasyny ýerine ýetirýän Hudaý. Şol sebäpli biz ony söýýän hem-de gulak asýan adamlaryň ählisiniň iň soňy «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygyna» ynanýarys (Rim. 8:21).
Şeýle-de göklerdäki Atamyz her gün biziň üçin «gününi... dogurýar» (Mat. 5:45). Şol sebäpli biz günüň dogmagy üçin dileg etmeýäris. Emma bize şeýle maýyl gün şöhleleri wajyp we ondan lezzet alýarys! Galyberse-de, alada edýän Atamyz bize näme gerekdigini ondan dilemänkämiz bilýär. Şonuň üçin biz gökdäki Atamyzyň ýaradan zatlarynyň aladasyny edýändigine üns berip, minnetdar bolmaly dälmi? (Mat. 6:8, 26).
Atamyz mähir bilen goraýar
Gadym döwürde Hudaý Işaýa pygamber arkaly halkyna şeýle diýdi: «Seni mähir bilen goraýan Ýehowa şeýle diýýär: «Daglar ýerinden gozgalyp, depeler sarsar, ýöne men dostlugymdan dänmerin, parahatlyk baradaky ähtim sarsmaz» (Iş. 54:10). Bu pikiri goldap, Isa ýerdäki ýaşaýşynyň soňky gijesi Ýehowanyň mähir bilen goraýandygyny dogasynda aýtdy. Isa şägirtleri hakynda şeýle doga etdi: «Olar entek dünýäde; Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora» (Ýahýa 17:11, 14). Ýehowa Isanyň şägirtlerini gorady we kömek etdi.
Şu günler Hudaý «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly wagtly-wagtynda ruhy iýmiti berip, Şeýtanyň hilelerinden goraýar (Mat. 24:45). «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmak» üçin ruhy iýmitden iýmitlenmek wajyp. Meselem, eger biz «iman galkanyny ele alsak, onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararys» (Efes. 6:11, 16). Imanymyz bizi ruhy taýdan goraýar we Atamyzyň gorajakdygyna ynanýandygymyzy görkezýär.
Biz Hudaýyň Oglunyň özüni nähili alyp barandygy barada köpräk bilsek, gökdäki Atamyzyň rehimdardygyna gowy düşüneris. Markus 10:13—16-njy aýatlary okalyň. Isa şägirtlerine: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin» diýdi. Kiçi çagalar onuň daşyna üýşdüler, Isa olary mähirli gujaklap, ak pata berdi. Olaryň ýüzi şatlykdan doldy! Biz Isanyň «Meni gören Atany-da görendir» diýen sözlerinden, hak Hudaýyň biziň oňa ýakynlaşmagymyzy isleýändigini bilýäris (Ýahýa 14:9).
Ýehowa Hudaý çäksiz söýginiň Gözbaşy. Ol mähir bilen aladamyzy edýän we deňi-taýy bolmadyk goraýan Atadygy sebäpli, biziň oňa ýakynlaşmagymyzy isleýär (Ýakup 4:8). Diýmek, Ýehowadan gowy Atany göz öňüne getirip bolmaýar!
Atamyza bil baglamagyň peýdasy
Ýehowa mähirli we söýýän gökdäki Atamyz ýaly bil baglasak, biziň üçin peýdaly bolar (Sül. tym. 3:5, 6). Isanyň Atasyna doly bil baglandygy, oňa köp peýda getirdi. Isa şägirtlerine: «Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin» diýdi (Ýahýa 8:16). Isa Ýehowanyň hemişe goldajakdygyna ynanýardy. Meselem, ol suwda çokundyrylanda, Atasy ony söýýändigini aýtdy: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» (Mat. 3:15—17). Isa ölüminiň öňüsyrasy, gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi (Luka 23:46). Isa Atasyna hiç haçan şeýle berk bil baglamandy.
Biz hem Hudaýa şeýle bil baglap bileris. Ýehowa biziň bilen bolsa, nämeden gorkmaly? (Zeb. 118:6). Ýokarda aýdylan Atsuko uýa kynçylyga duş gelende, öz güýjüne daýandy. Emma soňra ol Isanyň durmuşy we gulluk edişi barada okap, onuň gökdäki Atasy bilen ýakyn gatnaşygyna aýratyn üns berdi. Netijede näme boldy? Atsuko şeýle gürrüň berýär: «Men Ataly bolmagyň we oňa bil baglamagyň nämedigine düşündim. Men kalbymda rahatlyk we şatlyk duýdum. Dogrudanam, alada eder ýaly hiç hili sebäp ýok».
Biz Ýehowany Atamyz ýaly görsek, ýene-de nähili peýda getirer? Ata-enesini söýýän çagalar olara ýaranmak isleýär. Hudaýyň Ogly Atasyny söýýändigi sebäpli hemişe oňa ýaraýan zatlary edýärdi (Ýahýa 8:29). Şonuň ýaly gökdäki Atamyzy söýýändigimiz üçin biz paýhasly hereket edip, Hudaýa «şükür edýäris» (Mat. 11:25; Ýahýa 5:19).
Atamyz «sag elimizden tutýar»
Şeýle-de gökdäki Atamyz bize «kömekçini», ýagny mukaddes ruhuny berýär. Isa: «Ol... size bütin hakykata tarap ýol görkezer» diýdi (Ýahýa 14:15—17; 16:12, 13). Hudaýyň mukaddes ruhy Atamyz barada gowy düşünmäge ýardam edýär. Ol «her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir etmek» arkaly «galalary ýykmak», ýagny öňden dörän ters pikirleri we erbet garaýyşlary düzetmäge kömek edýär (2 Kor. 10:4, 5). Geliň, şonuň üçin «Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere... Mukaddes Ruhy» — «kömekçini» bermegi wada eden Ýehowa doga edeliň (Luka 11:13). Mukaddes ruh barada dileg etmek ýerlikli, çünki ol Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär.
Kiçi çaga kakasynyň elinden tutup ýörände, özüni arkaýyn duýýar. Sen hem Ýehowany Ataň ýaly görseň, şeýle teselli beriji sözlere ynanarsyň: «Men, seniň Hudaýyň Ýehowa, sag eliňden tutup, şeýle diýýärin: «Gorkma, men saňa kömek ederin» (Iş. 41:13). Sen Hudaý bilen ebedi ýöremek ýaly uly hormata eýe bolup bilersiň (Mika 6:8). Sen Ýehowany Ataň ýaly görüp, onuň islegini berjaý etseň, söýgi, şatlyk we rahatlyk duýarsyň.
a Ady üýtgedilen.