Ogul Atany äşgär etmek isleýär
«Atanyň hem kimdigini Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim bilmez» (LUKA 10:22).
1, 2. Köp adamlary haýsy sorag gyzyklandyrýar we näme üçin?
«HUDAÝ kim»? Bu soraga köp adamlara jogap bermek kyn. Meselem, adamlaryň köpüsi Hudaý günäkärleri dowzah odunda ýakýandyr öýtse-de, «Alla rehimdar we geçirimlidir» diýýär. Käbir adamlar bolsa ewolýusiýa taglymatyna ynanýar. Olar Hudaý ýok we ähli ajaýyp zatlar öz-özünden peýda boldy diýýär. Çarlz Darwin Hudaýyň bardygyny ret etmeýärdi. Onuň aýtmagyna görä, adamlar Hudaý barada köp zatlara düşünip bilmeýär.
2 Adamlaryň köpüsi nähili dine uýsa-da, Hudaý baradaky soraglaryň üstünde oýlanýarlar. Emma olar kanagatlandyryjy jogap tapman, Hudaýy gözlemegi bes edýärler. Sebäbi Şeýtan «imansyzlaryň akyllaryny küteltdi» (2 Kor. 4:4). Ine, şol sebäpli, köp adamlaryň başy çaşyp, Älemiň Ýaradyjysy Ýehowa Atamyz barada hakykaty bilmeýär! (Iş. 45:18).
3. a) Bize Ýaradyjyny kim aýan etdi? b) Nähili soraglara serederis?
3 Adamlar Hudaý barada hakykaty hökman bilmeli. Näme üçin? Sebäbi diňe «Rebbiň adyny çagyran adam gutular» (Rim. 10:13, çykgyt). Hudaýyň adyny çagyrmak üçin, Ýehowany tanap, onuň häsiýetlerini bilmeli. Isa Mesih şägirtlerine Hudaý barada wajyp hakykaty öwredip, olara Atasyny äşgär edipdi (Luka 10:22-ni okaň). Näme üçin Isa Atasyny has gowy aýan edip bildi? Ol Atasyny nädip tanatdy? Biz Isanyň göreldesine eýerip, Atany nädip äşgär edip bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.
ISA ATASYNY HAS GOWY ÄŞGÄR ETDI
4, 5. Näme üçin Isa Atasyny has gowy tanadyp bilýärdi?
4 Isa Atasyny has gowy tanadyp bilýärdi. Näme üçin? Sebäbi hiç bir janly-jandar ýaradylmanka, Isa perişde hökmünde göklerde ýaşaýardy. Ol «Hudaýyň ýekeje Ogludy» (Ýahýa 1:14; 3:18). Älem-jahanda hiç zat ýaradylmanka, Atanyň ýanynda diňe Isa bardy we ol Atasynyň mährinden ganypdy. Isa Atasy bilen milliardlarça ýyl ýaşap, onuň häsiýetlerini öwrendi. Şeýlelikde, olaryň gatnaşygy has-da berkedi we birek-birege söýgüsi artdy (Ýahýa 5:20; 14:31). Isa Atasynyň häsiýetleri barada köp zatlary bilen bolsa gerek! (Koloseliler 1:15—17-nji aýatlary okaň).
5 Ata Ogluny wekili, ýagny «Hudaýyň Sözi» edip belledi (Ylh. 19:13). Diýmek, diňe Isa Atasyny has gowy tanadyp bilerdi. Ýahýa resul hem «Söz», ýagny Isa «Atasynyň gujagynda boldy» diýýär (Ýahýa 1:1, 18). Şu aýatda Ýahýa döwürdeşleriniň saçak başynda oturmak däbini ýatlaýar. Şol däbe laýyklykda, bir myhman sag eline tirsekläp, başga myhmana golaý oturypdyr. Bu olara arkaýyn gürleşmäge mümkinçilik berýärdi. Şonuň ýaly-da Ogluň «Atasynyň gujagynda bolmagy» olaryň ýakyn gatnaşykda bolandygyny aňladýar.
6, 7. Ýehowa bilen Isanyň gatnaşygy nädip berkeýärdi?
6 Ogul «her gün Onuň (Hudaýyň) begenjidi» (Süleýmanyň tymsallary 8:22, 23, 30, 31-nji aýatlary okaň). Ata bilen Ogluň gatnaşygy berkeýärdi. Sebäbi olar bile zähmet çekýärdi we Ogly Atasynyň häsiýetlerine eýermegi öwrenýärdi. Ogul Ýehowanyň adamlara we perişdelere nähili garaýandygyny görüp, onuň Atasyna bolan söýgüsi we hormaty artýardy.
7 Şeýtan Hudaýyň hökümdarlygyna garşy pitne turzanda, Ogly Atasynyň kyn ýagdaýda-da söýgüsini, adalatyny, akyldarlygyny we güýjüni görüp, onuň häsiýetlerini öwrendi. Onsoňam, Isany kyn ýagdaýlara, ýagny ýer ýüzünde gulluk etmäge taýýarlady (Ýahýa 5:19).
8. Injilde Isa barada ýazylan wakalar näme üçin Atanyň häsiýetlerini öwrenmäge kömek edýär?
8 Isa Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolany üçin, hemmelerden Atasyny gowy tanadyp bilýärdi. Şeýlelikde, ýalňyz Ogluň öwreden taglymatyny we eden işlerini bilsek, Atany gowy tanarys. Meselem, «söýgi» sözüniň manysyny bilmek üçin, ýöne bir sözlüge seretsek, doly düşünip bilerismi? Ýok. Emma Injilden Isanyň gullugy barada okap oýlansak, onuň adamlara bolan garaýşyny görsek, «Hudaý söýgüdir» diýen sözleriň çuň manysyna düşüneris (1 Ýahýa 4:8, 16). Isa şägirtlerine diňe bir söýgi häsiýetini aýan etmän, eýsem Hudaýyň başga häsiýetlerini hem görkezdi.
ISA NÄDIP ATASYNY AÝAN ETDI?
9. a) Isa nähili iki usul bilen Atasyny tanatdy? b) Isanyň Atasyny aýan edişi barada mysal getir.
9 Isa Atasyny öz resullaryna we gelejekki şägirtlerine nädip aýan etdi? Ol özüni alyp barşy we taglymaty bilen Atasyny tanatdy. Geliň, ilki bilen, Isanyň taglymatlaryna seredeliň. Isanyň öwreden zatlary Ýehowanyň ýollaryny, garaýşyny we duýgularyny aýan edýär. Meselem, Isa Atasyny ýiten goýny gözleýän çopan bilen deňeşdirdi. Isanyň aýtmagyna görä, çopan ýiten goýny tapanda, «azaşmadyk togsan dokuzysyndan köp oňa begener». Isa näme üçin şeýle mysaly getirdi? Ol şeýle düşündirýär: «Bu körpelerden biriniň heläk bolmagy Gökdäki Ataňyzyň islegi däldir» (Mat. 18:12—14). Biz bu mysaldan Ýehowa barada näme öwrenýäris? Käte sen özüňi gereksiz we unudylan ýaly duýsaň-da, aslynda gökdäki Atamyz seniň bilen gyzyklanýar we aladaňy edýär. Onuň üçin sen «bu körpelerden birisiň».
10. Isa özüni alyp barşy bilen Atasyny nädip tanatdy?
10 Ikinjiden, Isa özüni alyp barşy bilen şägirtlerine Atasyny tanatdy. Filipus resul Isa: «Ýa Reb, Atany bize görkez» diýende, ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:8, 9). Isa Atasynyň häsiýetlerine dürli ýagdaýlarda eýerdi. Olaryň käbirine seredeliň. Isa «tutuş endamy» heýwere keselli adama elini degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Heýwere keselinden sagalan adam Isa sagaltmaga güýji Ýehowanyň berýändigine düşündi (Luka 5:12, 13). Şeýle-de Lazar aradan çykanda, Isa «çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy» we «aglady». Isa Lazaryň direljegini bilse-de, onuň dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň aglaýşyny görüp durup bilmedi (Ýahýa 11:32—35, 40—43). Şonda şägirtleri Isada Atasynyň duýgudaşlyk häsiýetini gördüler. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň özüni alyp barşy bilen Atasynyň rehimdarlygyny görkezýän başga-da wakalar ýazylypdyr, belki, olaryň arasynda seniň hem halaýanyň bardyr.
11. a) Isa ybadathanany arassalamak bilen, Atasy barada nämäni aýan etdi? b) Isanyň ybadathanany arassalamagy näme üçin bizi ruhlandyrýar?
11 Eýsem, Isanyň ybadathanany arassalaýşyndan näme öwrenip bileris? Göz öňüne getiriň: Isa dürre örüp, goýun we sygyr satýanlary kowdy. Soňra pul çalyşýanlaryň pullaryny döküp, tekjelerini ýykdy (Ýahýa 2:13—17). Şägirtleri Isanyň dogumly hereketini görüp, Dawut patyşanyň: «Seniň öýüňe yhlaslylyk meni iýdi» diýen pygamberligini ýada saldylar (Zeb. 69:9). Şol wakadan Isanyň hakyky seždäni goramak isleýändigi görünýär. Sen şu ýagdaýda Atanyň häsiýetleri barada näme öwrenip bilersiň? Diýmek, Hudaýyň ýer ýüzünden erbetligi aýyrmaga diňe bir çäksiz güýji däl-de, eýsem güýçli islegi hem bar. Isanyň erbetlige garşy dogumly hereketi Atanyň häzir ýer ýüzünde gitdigiçe artýan erbetlige garaýşyny aýan edýär. Bu adalatsyzlyga duşýan adamlary ruhlandyrýan bolsa gerek!
12, 13. Isanyň özüni şägirtleri bilen alyp barşyndan Ýehowa barada näme bilýäris?
12 Geliň, indi Isanyň özüni şägirtleri bilen alyp barşyna seredeliň. Olar hemişe kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler (Mar. 9:33—35; 10:43; Luka 9:46). Isa Atasynyň tekepbirligi ýigrenýändigini bilýärdi (2 Sam. 22:28; Zeb. 138:6). Onsoňam, Isa şeýle tekepbirligi Şeýtan Iblisde görüpdi. Şeýtan diňe özüni bilip, hondan bärsidi. Şonuň üçin Isa şägirtlerinde şeýle tekepbirligi görüp, gynanan bolsa gerek! Hatda saýlan resullarynyň arasynda-da şeýle häsiýet bardy. Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gününe çenli şägirtleri haýsysynyň uludygy barada jedel etdiler (Luka 22:24—27). Isa hemişe olary söýgi bilen düzederdi we günlerde bir gün özi ýaly pesgöwünli boljakdygyny bilýärdi (Flp. 2:5—8).
13 Isanyň şägirtlerini sabyr-takat bilen düzedişinden Ýehowanyň häsiýetini görýärmiň? Isanyň aýdan sözlerinden we eden işlerinden Ata barada näme öwrenýärsiň? Hawa, gullukçylary näçe ýalňyşsa-da, Ýehowa olary terk etmeýär. Şeýle Hudaýymyzyň bardygyny bilip, ýalňyşsak-da, toba etmäge we Ýehowadan ötünç soramaga islegimiz artýar.
OGUL ATASYNY ÄŞGÄR ETMEK ISLEDI
14. Isa adamlara Atasyny tanatmak isleýändigini nädip görkezdi?
14 Zulumkeş hökümdarlaryň köpüsi agalyk etmek üçin halkyna gerekli bilim bermän, sowatsyz saklaýar. Isa beýle etmeýärdi. Ol adamlara Atasyny tanatmak isleýärdi, şol sebäpli hem Atasy barada köp zady gürrüň berdi (Matta 11:27-ni okaň). Mundan başga-da, şägirtleri Ýehowany, «hak Hudaýy tanar ýaly... olara pähim berdi» (1 Ýahýa 5:20). «Pähim berdi» diýen sözler näme aňladýar? Isa şägirtlerine Atasy barada öwreden zatlaryna düşünmäge-de kömek etdi. Ol dowzah ody ýaly ýalan taglymat bilen adamlaryň başyny çaşyrmady.
15. Isa Atasy barada käbir zatlary näme üçin gürrüň bermedi?
15 Isa Atasy barada her bir bilýän zadyny gürrüň berdimikä? Ýok, sebäbi ol paýhaslydy we şägirtlerine ähli zady gürrüň bermedi (Ýahýa 16:12-ni okaň). Näme üçin? Sebäbi şägirtleri şol wagt ähli aýtjak zatlaryny «göterip biljek» däldi. Isanyň aýtmagyna görä, «kömekçi» — mukaddes ruh gelip, «bütin hakykata tarap ýol görkezmelidi», ýagny köp zatlara düşünmäge kömek etmelidi (Ýahýa 16:7, 13). Paýhasly ene-atalar çagalaryna bir zady gürrüň berjek bolsa, olaryň düşünjesini göz öňünde tutýar. Edil şonuň ýaly, Isa-da şägirtleri ruhy taýdan has tejribeli bolup, Atasy baradaky bilime düşünäýjek wagtyna çenli garaşýardy. Isa şägirtleriniň çäkli mümkinçiliklerini göz öňünde tutýardy.
ISANYŇ GÖRELDESINE EÝERIP, ADAMLARA ÝEHOWANY TANADYŇ
16, 17. Sen näme üçin adamlara Atany äşgär edip bilersiň?
16 Eger sen birini ýakyndan tanap, onuň häsiýetlerini halasaň, başgalara şol adam barada gürrüň beresiň gelmezmi? Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda, Atasy barada gürrüň berýärdi (Ýahýa 17:25, 26). Biz hem Isanyň göreldesine eýerip, adamlara Ýehowa barada gürrüň berip bilerismi?
17 Görşümiz ýaly, Isa Atasy hakda her kesden has köp bilýärdi. Şol sebäpli ol bilen zatlaryny şägirtlerine gürrüň berip, Atasynyň häsiýetlerini has çuňňur düşündirdi. Ýehowa Hudaýy Isadan başga hiç kim şeýle gowy tanadyp bilmezdi. Biz Isanyň özüni alyp barşy we taglymaty bilen Atany äşgär edendigine minnetdar! Aslynda, biz Ýehowany tanaýanymyza buýsanmaly (Ýerem. 9:24; 1 Kor. 1:30). Biz Ýehowa ýakynlaşmaga köp tagalla etdik, ol-da bize ýakynlaşdy (Ýakup 4:8). Şonuň üçin biz adamlara Ýehowa barada bilýän zatlarymyzy öwredip bileris. Nädip?
18, 19. Sen adamlara Atany nädip äşgär edip bilersiň? Düşündir.
18 Şeýlelikde, biz Isanyň göreldesine eýerip, Atany sözlerimiz hem işlerimiz bilen aýan etmeli. Wagyzda köplenç Hudaýy tanamaýan adamlara duşýarys. Olaryň Hudaý baradaky düşünjesine ýalan taglymatlar täsir edýändir. Biz Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen olara Hudaýyň ady, häsiýetleri we adamlar üçin niýeti barada gürrüň berip bileris. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan käbir wakalary okap, Hudaýyň häsiýetleri barada täze zatlary öwrenýändiris. Şeýle pikirleri dogan-uýalara-da gürrüň bersek, olar hem ruhlanar.
19 Eýsem, Isanyň göreldesine eýerip, özümizi alyp barşymyz bilen Atany nädip äşgär edip bileris? Eger adamlary Isa ýaly söýsek, onda olar hem Ýehowa we Isa bilen dostlaşmak islärler (Efes. 5:1, 2). Pawlus resul bize: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» diýýär (1 Kor. 11:1). Özümizi alyp barşymyz bilen adamlara Ýehowany tanatmak uly hormatdyr! Geliň, hemişe Isanyň göreldesine eýerip, adamlara Atany tanadalyň.