Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/4 sah. 8—12
  • Dönüklik soňky günleriň alamaty!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dönüklik soňky günleriň alamaty!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SAPAK EDINMELI MYSALLAR
  • WEPALY ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ
  • ÝANÝOLDAŞYŇYZA WEPALY BOLUŇ
  • ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ
  • Ýehowa wepaly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Dönüklik — duşmandan beter
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Iň güýçli adam
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/4 sah. 8—12

Dönüklik soňky günleriň alamaty!

«Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý... goňşyňy özüň ýaly söý» (MAT. 22:37—39).

ŞU PIKIRLERIŇ ÜSTÜNDE OÝLANYŇ:

  • Biz Deliläniň, Abşalomyň we Iuda Iskariotyň eden haýynlygyndan näme sapak edinip bileris?

  • Wepaly Ýonatanyň we Petrusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

  • Ýanýoldaşymyza we Ýehowa wepaly bolmak üçin näme edip bileris?

1—3. a) Soňky günleriň alamaty näme? Ol nämeden görünýär? b) Biz haýsy üç soragyň jogabyny bileris?

DELILÄNIŇ, Abşalomyň we Iuda Iskariotyň näme meňzeşligi bar? Olaryň hemmesi haýynlyk etdiler. Delile Şimşon kaza, Abşalom kakasy Dawut patyşa, Iuda Iskariot bolsa Isa Mesihe haýynlyk etdi. Olaryň eden dönükligi ýakynlarynyň ýüregine ýara saldy we ejir çekdirdi. Biz näme üçin olaryň mysaly barada oýlanmaly?

2 Bir ýazyjynyň aýtmagyna görä, şu günler adamlaryň köpüsi haýynlyk edýärler. Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Isa «ahyrzamanyň alamaty» barada aýdanda: «Köpler... biri-birlerine haýynlyk eder» diýdi (Mat. 24:3, 10). «Haýynlyk etmek» — birine dönüklik edip, duşmanyň eline bermegi aňladýar. Şol häsiýetiň köpelmegi biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýär. Pawlus resul hem adamlaryň «dönük» boljagyny öňünden aýdypdy (2 Tim. 3:1, 4). Kitaplarda we filmlerde biwepalylyk köplenç gyzykly zat ýa-da söýgi hökmünde suratlandyrylsa-da, aslynda, ol agyr degýär we ejir çekdirýär. Hawa, bu häsiýet soňky günleriň alamaty!

3 Mukaddes Ýazgylarda haýynlyk eden adamlar barada aýdylýar. Biz olaryň mysalyndan näme öwrenip bileris? Haýsy wepaly adamlaryň göreldesine eýerip bileris? Biz kime wepaly bolmaly? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

SAPAK EDINMELI MYSALLAR

4. Delile Şimşona nädip ikilik etdi we bu näme üçin ýigrenç döredýär?

4 Birinjiden, Deliläniň Şimşon kazyny aldaýşyna seredeliň. Şimşon Hudaýyň halkyny goramak üçin filistililere garşy söweşýärdi. Delile Şimşony ýürekden söýmeýärdi, filistilileriň bäş patyşasy bolsa Şimşony öldürmek isleýärdi. Olar Şimşonyň güýjüniň syryny bilmek üçin, Delilä köp pul hödürleýärler. Açgöz Delile olara kömek etmäge razy bolýar. Emma ol üç gezek soranda-da, Şimşonyň güýjüniň syryny bilmedi. Şonda Delile «ýalbaryp, sözleri bilen Şimşonyň ýüregine düşdi». Ol ahyry Şimşonyň «janyna degdi». Şimşon Delilä saçynyň hiç haçan kesilmändigini we ony kesseň, güýjüni ýitirjekdigini aýtdya. Delile syry bilip, Şimşony dyzynda ukladýar-da, bir adama saçyny kesdirýär. Soňra ol Şimşony duşmanlaryň eline berdi (Kaz. 16:4, 5, 15—21). Delile açgözlügi sebäpli ýakyn adamyna ikilik etdi. Onuň eden ikiligi diňe ýigrenç döredýär!

5. a) Abşalom Dawuda nädip haýynlyk etdi? b) Abşalomyň biwepalygy Dawuda nähili täsir etdi?

5 Indi haýynlyk eden Abşalomyň mysalyna seredeliň. Onuň at-abraý gazanmaga güýçli höwesi bardy. Abşalom atasy Dawudyň tagtyna geçip, patyşa bolasy gelýärdi. Ol adamlara boş wadalar berip, ýüreklerini awlady. Ol adamlary garşy alanda, gujaklap, ogşaýardy, aladasyny edensirän bolýardy (2 Sam. 15:2—6). Hatda Abşalom Dawudyň ynamdar dosty Ahitofeli haýynlyk etdirip, pitne turuzdy (2 Sam. 15:31). Dawut pygamber Zeburyň 3 we 55-nji mezmurlarynda şol haýynlygyň nähili agyr degendigini ýazýar (Zeb. 3:1—8; Zebur 55:12—14-nji aýatlary okaň). Abşalom Ýehowanyň mesh eden patyşasyna garşy gitdi. Şeýdip, ol Hudaýyň patyşa saýlamaga haklydygyny şübhä goýdy (1 Tar. 28:5). Abşalomyň turzan pitnesi başa barmady, Dawut bolsa Ýehowanyň mesh eden patyşasy bolup höküm sürmegini dowam etdi.

6. Iuda Isa nädip haýynlyk etdi? Şu günler Iudanyň adyny nähili ýagdaýda tutýarlar?

6 Indi bolsa Isa Mesihe haýynlyk eden Iudanyň mysaly hakynda oýlanalyň. Isa soňky Pasha baýramynda 12 resulyna: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi (Mat. 26:21). Soňra şol gije Isa Getsemani bagynda Petrus, Ýakup we Ýahýa: «Ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi. Şol pursatda Iuda uly märeke bilen baga gelip Isa: «Salam, mugallym!» diýip, ony mähir bilen öpdi (Mat. 26:46—50; Luka 22:47, 52). Iuda Isany duşmanlaryň eline berende, «ýazyksyz gana haýynlyk etdi». Açgöz Iuda Isany näçe kümüş pula satdyka? Bary-ýogy 30 kümüş pula! (Mat. 27:3—5). Şondan bäri adamlar kimdir birine, esasanam, dostuna haýynlyk edende, oňa Iuda diýýärler.

7. a) Abşalom bilen Iudanyň mysalyndan näme öwrenýäris? b) Deliläniň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

7 Biz ýokardaky mysallardan nähili sapak edinip bileris? Abşalom bilen Iuda öldi, sebäbi olar Ýehowanyň mesh edenlerine haýynlyk etdiler (2 Sam. 18:9, 14—17; Res. iş. 1:18—20). Adamlar Deliläniň adyny eşitse, ýalan söýgi we biwepalyk ýadyna düşýär (Zeb. 119:158). Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyzy bozýan açgözlük we at-abraýa kowalaşmak ýaly erbet höweslerden gaça durmak, gör nähili wajyp! Şu mysallar barada oýlanyp, haýynlyk etmäge iterýän ähli zatdan uzakda durmak isleýäris.

WEPALY ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

8, 9. a) Ýonatan näme üçin Dawuda wepaly bolmagy wada berdi? b) Biz nädip Ýonatanyň göreldesine eýerip bileris?

8 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda wepaly adamlaryň mysaly hem getirilýär. Biz olaryň ikisine we olardan näme öwrenip bolýandygyna serederis. Ilki bilen, Dawuda wepaly bolan adamyň mysalyna seredeliň. Ýonatan Saul patyşanyň uly ogludy. Ol atasyndan soň Ysraýylda indiki patyşa bolmalydy. Emma Ýehowa Dawudy saýlady. Ýonatan Ýehowanyň kararyna hormat goýup, Dawuda göripçilik etmeýärdi. Ýonatan «Dawut bilen jana-jan dost bolup», wepaly boljakdygyny söz berdi. Hatda ol Dawuda eşigini, gylyjyny, ýaýyny we guşagyny berip, ony sylaýandygyny görkezdi (1 Sam. 18:1—4). Ýonatan ähli zatda Dawudy goldaýardy. Hatda bir sapar Dawudy Sauldan gorajak bolup, janyny howp astyna saldy. Ýonatan Dawuda wepalydy, şol sebäpli: «Sen Ysraýylda patyşa bolarsyň, men bolsa senden soň ikinji adam bolaryn» diýdi (1 Sam. 20:30—34; 23:16, 17). Ýonatan ölende bolsa, Dawudyň ýüregi gyýylyp, dostuna bolan söýgüsini wasp edip, aýdym düzdi (2 Sam. 1:17, 26).

9 Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny bilýärdi. Ol Älemiň Hökümdary Ýehowa ýürekden tabyn bolýardy we Hudaýyň mesh edeni Dawudy doly goldaýardy. Şoňa meňzeşlikde, bize ýygnakda jogapkärli borçlar berilmese-de, biz aramyzda gözegçi edip bellenen doganlary höwes bilen goldap bileris (1 Sel. 5:12, 13; Ýew. 13:17, 24).

10, 11. a) Petrus Isa näme üçin wepalydy? b) Biz nädip Petrusyň göreldesine eýerip bileris we bu bizi nämä höweslendirýär?

10 Isa Mesihe wepaly bolan Petrus resul hem gowy görelde galdyrdy. Isa gurban berjek bedenine we ganyna iman etmegiň wajypdygyny mysal arkaly düşündirende, şägirtleriniň köpüsi geň galyp, ony terk etdiler (Ýahýa 6:53—60, 66). Isa 12 resulyndan: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady. Şonda Petrus: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik» diýipdi (Ýahýa 6:67—69). Eýsem, Petrus Isanyň berjek gurbany barada aýdan ähli sözlerine düşünýärdimi? Düşünen däldir. Ýöne Petrus Hudaýyň mesh edilen Ogluna wepaly bolmagy ýüregine düwüpdi.

11 Petrus Isa şol sözleri ýalňyşyp aýdandyr we biraz wagtdan aýdanyna öküner öýtmedi. Gaýtam, ol «ebedi ýaşaýyş sözleriniň» Isadadygyny kiçigöwünli boýun aldy. Şu günler «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlarynda düşünmesi kyn ýa-da biziň düşünjämize gabat gelmeýän pikiri okasak, özümizi nähili alyp barýarys? Wagty gelende şol pikiri biziň düşünjämize görä üýtgederler öýdüp garaşmaly däl-de, onuň manysyna düşünjek bolmaly (Luka 12:42-ni okaň).

ÝANÝOLDAŞYŇYZA WEPALY BOLUŇ

12, 13. Näme üçin ýanýoldaşyna ikilik edýärler? Adamyň ýaşy näme üçin bahana bolmaly däl?

12 Dönükligiň ähli görnüşi-de namartlykdyr. Şol häsiýet mesihçi maşgalanyň hem-de ýygnagyň parahatlygyny hem agzybirligini bozmaly däldir. Geliň, indi ýanýoldaşyňa we Hudaýa wepaly bolmagy öwreneliň.

13 Zyna etmek — dönükligiň iň nejis görnüşidir. Zyna edýän adam ýanýoldaşyna ikilik edip, ýüregini başga birine berýär. Bigünä ýanýoldaşynyň durmuşynda bolsa harasat gopýar. Eýsem, bir wagtlar birek-biregi ýürekden söýen adamlara näme bolduka? Köplenç ilki bilen är-aýal biri-birinden sowaşyp başlaýar. Sosiologiýa boýunça professor Gabriýella Turnaturiniň aýtmagyna görä, eger är-aýal söýgüsini berkitmek üçin tagalla etmese, biwepalyk etmegi ahmal. Hatda ençeme ýyllap är-aýal bolup ýaşan adamlar hem ikilik edip biler. Meselem, 50 ýaşly adam 25 ýyl bile ýaşan wepaly aýaly bilen aýrylyşyp, başga bir aýala aşyk bolup öýlenýär. Belki, käbirleri onuň ýaşyndaky adamyň şeýle etmegi adaty zatdyr öýdýändir. Ýöne zyna edip, soňra ýaşyňy bahana edip bolmaz. Ýanýoldaşyňa ikilik etmek nädogry. Muňa dönüklik ýa biwepalyk diýilýärb.

14. a) Ýehowa ýanýoldaşyna biwepalyk edýän adamlara nähili garaýar? b) Isa är-aýal biwepalygy barada näme diýdi?

14 Ýehowa Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşýan adamlara nähili garaýar? Hudaýymyz Ýehowa «maşgalanyň bozulmagyny ýigrenýär». Ýanýoldaşyna ýamanlyk edip, aýrylyşýan adamlara käýeýär (Malaki 2:14, 16-njy aýatlary okaň)c. Atasynyň aýdan sözlerine laýyklykda, Isa hem bigünä ýanýoldaşyňy taşlap ýa aýrylyşyp, soňra özüňi hiç zat bolmadyk ýaly alyp barmagyň nädogrudygyny aýtdy (Matta 19:3—6, 9-njy aýatlary okaň).

15. Är-aýal nädip gatnaşygyny has-da berkidip biler?

15 Är-aýal bir-birine wepaly bolmak üçin näme edip biler? Hudaýyň Sözünde: «Ýaşlykda öýleneniňe (öýlenen aýalyňa ýa durmuşa çykan äriňe) guwan» we «Söýgüli aýalyň (äriň) bilen durmuşyňa şatlan» diýilýär (Sül. tym. 5:18; Wag. 9:9). Ýyllar geçdigiçe, är-aýal bir-birine has-da ýakynlaşmaga hem ysnyşmaga çalyşmaly. Olara näme kömek eder? Är-aýal birek-birege mähirli bolup, bir-biriniň aladasyny etmeli hem-de bile wagt geçirmeli. Olar Ýehowa bilen dostlugyny hem-de maşgalasyny berkitmäge tagalla etmeli. Munuň üçin olar bilelikde Mukaddes Ýazgylary okamaly, bile yzygiderli wagyz etmeli hem-de bilelikde Ýehowa doga edip, ak patasyny dilemeli.

ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ

16, 17. a) Maşgalada we ýygnakda Ýehowa wepalylygymyz nädip synalyp biler? b) Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaş bilen gatnaşmasak, nähili bereketler alarys? Mysal getiriň.

16 Agyr günä eden ýygnak agzasyna «imanda sagdyn bolmagy üçin» berk käýinç berilýär (Titus 1:14). Käbirleri bolsa eden işine toba etmäni üçin gatnaşykdan kesildi. Şeýle «terbiýe» netijesinde, olar Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip bildiler (Ýew. 12:11). Eger dogan-garyndaşymyz ýa-da ýakyn dostumyz gatnaşykdan kesilse, näme ederis? Diýmek, indi adama däl-de, diňe Ýehowa wepaly bolmagyň wagty. Ýehowa bizi synlap, gatnaşykdan kesilen islendik adam bilen gatnaşma diýen tabşyrygyny berjaý edişimizi görmek isleýär (1 Korintoslylar 5:11—13-nji aýatlary okaň).

17 Maşgala agzalary Ýehowanyň tabşyrygyny wepaly berjaý edip, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşy bilen gatnaşmasalar, köp bereketler alar. Geliň, bir mysala seredeliň. Bir ýaş ýigit on ýyllap ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Şol döwrüň dowamynda kakasy, ejesi we dört dogany onuň bilen gatnaşmady. Käte ol maşgalasy bilen wagt geçirmäge bahana gözlese-de, olaryň hiç biri hatda sözem gatmady. Ony ýygnaga yzyna kabul edenlerinde, ol maşgalasyny elmydama, ylaýta-da, agşamlaryna ýeke mahaly, küýsändigini boýun aldy. Onuň aýtmagyna görä, eger maşgalasy birazajyk gatnaşan bolsa-da, oňa şol ýeterlik bolardy. Ýöne maşgala agzalary onuň bilen hiç hili gatnaşyk saklamady. Şeýlelikde, ýene-de maşgalasy bilen bolmak islegi gitdigiçe güýjäp, bu Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge iterdi. Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşyň bilen gatnaşasyňyz gelse, şol ýaş ýigidiň mysaly hakda oýlanyň.

18. Wepaly we biwepa adamlaryň mysalyna seredip, sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

18 Häzir biwepalyk hem dönüklik edýän adamlar gitdigiçe köpelýär. Muňa garamazdan, mesihçileriň ýygnagynda wepaly adamlar köp. Biz olaryň göreldesine eýerip bileris. Olaryň durmuşy «Hudaýy Rebbi bütin ýüregi, bütin jany, bütin düşünjesi bilen söýýändigini» hem-de «goňşusyny özi ýaly söýýändigini» görkezýär (Mat. 22:37—39). Geliň, Ýehowa hem-de birek-birege wepaly bolmak üçin güýjümizi gaýgyrmalyň.

a Şimşonyň güýji saçyna däl-de, nezir hökmünde Ýehowa bilen aýratyn dostlugyna baglydy. Saçy bolsa şol dostlugyň alamatydy.

b Bu barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» 15-nji iýun 2010-njy ýylda çykan sanyndaky «Ýanýoldaşyň biwepalygyna döz gelmek» (sah. 29—32) diýen makala serediň.

c Malaki 2:14. «Ýehowa ýaşlygyňy bile geçiren aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol seniň wada beren aýalyň hem joraň bolsa-da, oňa haýynlyk etdiň... 16. Men maşgalanyň bozulmagyny ýigrenýärin» diýip, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa aýdýar.

[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Käbirleri Isany terk etseler-de, Petrus Hudaýyň mesh edilen Ogluna wepaly boldy

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş