Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Fewral sah. 21—25
  • Ýehowa wepaly boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa wepaly boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • YGTYÝARLY ADAMLARA HORMAT GOÝUŇ
  • KIME WEPALY BOLMALY?
  • BIR ZADA DÜŞÜNMÄNIŇDE ÝA-DA NÄDOGRY DÜŞÜNENIŇDE
  • ÖZ BÄHBIDIŇE ÇAPMAK ÝA-DA WEPALY BOLMAK
  • Ýonatan batyrgaý hem wepaly
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Biri-biriňizi ýürekden söýüň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Hudaýyň söýýänlerini söý
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Fewral sah. 21—25
Ýonatan Dawut bilen gepleşýär

Ýehowa wepaly boluň

«Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun». 1 ŞAM. 20:42

AÝDYMLAR: 43, 31

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Şawul patyşanyň ogly Ýonatan Ýehowa wepalydygyny nädip subut etdi?

  • Biz ygtyýarly adamlara hormat goýmak bilen nädip Hudaýa wepaly bolup bileris?

  • Bir zada düşünmesek ýa-da ýalňyş düşünsek Ýehowa wepalylygymyzy nädip subut edýäris?

1, 2. Näme üçin Ýonatan bilen Dawudyň dostlugyna hakyky wepalylyk diýse bolar?

ÝONATAN ýaş Dawudyň Jalut pälwanyň garşysyna çykanyna haýran galan bolmaly. Häzir Dawut Ýonatanyň kakasy Şawulyň öňünde durdy, «piliştliniň kellesi hem onuň elindedi» (1 Şam. 17:57). Ýonatan Dawudy batyrgaý bolany üçin gowy gören bolmaly. Hudaýyň Dawudy goldaýandygy mese-mälimdi. «Dawudy... Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi» (1 Şam. 18:1—3). Ol bütin ömrüne Dawuda wepaly boldy.

2 Ýonatan Hudaýyň Dawudy Ysraýylyň geljekki patyşasy edip belländigini bilse-de, oňa wepaly boldy. Şawul Dawudy öldürmegiň küýüne düşende, Ýonatan biynjalyk bolýar. Ýonatan dostuny goldamak üçin Ýahudanyň çölünde köp ýoly söküp, Dawudyň bolýan ýerine Horeşe gelýär. Ol «Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy». Ýonatan oňa: «Sen... gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn» diýdi (1 Şam. 23:16, 17).

3. Ýonatanyň durmuşynda näme birinji ýerde durýardy we biz muny nireden bilýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Wepalylygy ähli adamlar gowy görýärler. Emma biz diňe Ýonatanyň Dawuda bolan wepalylygyna üns bersek, onda wajyp zady unutmagymyz mümkin. Näme üçin Ýonatan Dawuda bäsdeşi däl-de, dosty hökmünde garaýardy? Ýonatan öz bähbidini gözlemän, gaýtam Dawudy «Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy». Bu Ýonatanyň Allatagala bolan wepalylygyny birinji ýerde goýandygyny görkezýär. Ol Ýehowa wepaly bolany üçin Dawuda-da wepaly boldy. Olaryň ikisi-de «özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun» diýen ähtine görä ýaşadylar (1 Şam. 20:42).

4. a) Kime wepaly bolsak şatlyk we kanagat taparys? b) Bu makalada näme barada gürrüň ederis?

4 Mesihçiler adamlaryň biri-birine wepalylygyna buýsanman, maşgala agzalaryna, dostlaryna we dogan-uýalara wepaly bolmaly (1 Sel. 2:10, 11). Emma biz kime ýürekden wepaly bolmaly? Elbetde, bizi ýaradan Hudaýa! (Ylh. 4:11). Şeýle wepalylyk bize durmuşda şatlyk we kanagat tapmaga kömek edýär. Biz synaglara garamazdan, hemişe Allatagala wepaly bolmaly. Ýonatan şu dört ýagdaýda Ýehowa wepalylygyny subut etdi: 1) ygtyýarly adamlara hormat goýmak, 2) kime wepaly bolmaly, 3) bir zada düşünmäniňde ýa-da nädogry düşüneniňde, 4) öz bähbidine çapmak ýa-da wepaly bolmak. Bu makalada biz onuň galdyran göreldesi barada gürrüň ederis.

YGTYÝARLY ADAMLARA HORMAT GOÝUŇ

5. Şawulyň gol astyndaky adamlaryň Ýehowa bolan wepalylygy nädip synaldy?

5 Hudaý Ýonatanyň kakasy Şawuly patyşa edip belledi. Emma Ýehowa Şawuly gulak asmandygy üçin terk etdi (1 Şam. 15:17—23). Muňa garamazdan, Hudaý Şawuly derrew tagtdan düşürmedi. Şol sebäpli onuň gol astyndaky adamlaryň hem Hudaýa bolan wepalylygy synaldy. Sebäbi «Rebbiň beren tagtynda» Ýehowa gulak asmaýan patyşa otyrdy (1 Ýyl. 29:23).

6. Ýonatanyň Ýehowa wepaly bolandygy nämeden görünýär?

6 Kakasy Şawul Ýehowa tabyn bolmasa-da, Ýonatan Hudaýa wepaly boldy (1 Şam. 13:13, 14). Şonda Şamuwel pygamber: «Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez» diýdi (1 Şam. 12:22). Piliştliler 30 müň1 söweş arabalary bilen Ysraýyla hüjüm edende, Ýonatan bu sözlere ynanýandygyny görkezdi. Şonda Şawulyň bary-ýogy 600 adamdan ybarat gowşuny bardy we diňe ogly Ýonatan ikisinde ýarag bardy. Hawa, Ýonatan ýaragyny göterýän nökeri bilen piliştlileriň goşunyna tarap ýöräp: «Köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur» diýdi. Şeýdip, olar iki bolup 20 piliştlini öldürdi. Soňra «ýer titredi» we piliştlileri «Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy». Netijede, piliştliler biri-birini gyryp başladylar. Şeýlelikde, Ýonatan Ýehowa iman edendigi üçin ysraýyllylar ýeňiş gazandylar (1 Şam. 13:5, 15, 22; 14:1, 2, 6, 14, 15, 20).

7. Ýonatan kakasyna nädip hormat goýdy?

7 Şawul Hudaýdan daşlaşsa-da, Ýonatan kakasyna hormat goýdy. Meselem, olar Hudaýyň halkynyň hatyrasy üçin bilelikde söweşdiler (1 Şam. 31:1, 2).

8, 9. Biz ygtyýarly adamlara hormat goýmak bilen nädip Hudaýa wepaly bolýarys?

8 Ýonatan ýaly bizem ygtyýarly adamlara hormat goýmak bilen Ýehowa wepalylygymyzy görkezýäris. Meselem, häkimiýetler parahor bolsalar hem, biz olara hormat goýýarys. Sebäbi biz «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmalydygyna» düşünýäris (Rimliler 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Hawa, biz ygtyýarly adamlara hormat goýsak, Ýehowa wepaly bolýarys (1 Kor. 11:3; Ýew. 13:17).

Uýa iki ogly bilen gulluga gitmezden öň, golf oýnamaga barýan ýanýoldaşy bilen hoşlaşýar

Hudaýa iman etmeýän ýanýoldaşymyza hormat goýsak, Ýehowa wepaly bolarys (9-njy abzasa serediň)

9 Günorta Amerikada ýaşaýan Olga2 uýa kyn ýagdaýlarda-da ýanýoldaşyna hormat goýmak bilen Ýehowa wepaly boldy. Ol aýalynyň Ýehowanyň Şaýady bolandygyna gahary gelýärdi. Ol aýalyny kemsidip, üstünden gülýärdi, çagalaryna haýbat atýardy. Bu ýagdaý birnäçe ýyl dowam edýär we ol maşgalasyny taşlap gidýär. Emma Olga ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermedi. Ol ýanýoldaşyna nahar bişirýärdi, egin-eşiklerini ýuwýardy we maşgalasynyň aladasyny edýärdi. Şeýdip, ol wepalydygyny subut etdi (Rim. 12:17). Uýa ýanýoldaşynyň dogan-garyndaşlary we işgärleri bilen gowy gatnaşykda bolmaga jan edýärdi. Bir gezek uýanyň gaýynatasy aradan çykanda, ýanýoldaşy kakasynyň ýaşaýan şäherine gitmeli bolýar. Uýa ýol üçin gerekli zatlary taýýarlap, çagalary bilen derrew ýola düşýär. Tä merhumy jaýlamak däbi tamamlanýança, ol buthananyň gapysynyň agzynda ýanýoldaşyna garaşyp durýar. Ençeme ýyl geçensoň, Olganyň ýanýoldaşy kem-kemden garaýşyny özgerdýär. Sebäbi uýa sabyrly bolup, ärine hormat goýýardy. Wagtyň geçmegi bilen, ol aýalyny Patyşalyk zalyna alyp gidýär, hatda ony ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirýär. Käte bolsa onuň özi-de barýar (1 Pet. 3:1).

KIME WEPALY BOLMALY?

10. Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny nädip bildi?

10 Şawul patyşa Dawudy öldürmegiň küýüne düşýär. Şol sebäpli Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny saýlamalydy. Ol Dawut bilen äht baglaşan hem bolsa, kakasyna hormat goýýardy. Emma Ýonatan Hudaýyň kakasy Şawuly däl-de, Dawudy goldaýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol kakasyna däl-de, Dawuda wepaly boldy. Ol Dawuda gaçyp gitmelidigini duýdurdy we kakasyna Dawut barada ýagşy zatlary aýtdy (1 Şamuwel 19:1—6-njy aýatlary okaň)a.

11, 12. Hudaýa bolan söýgi wepalylyk meselesinde dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?

11 Awstraliýada ýaşaýan Elis uýa Hudaýa wepaly bolmak bilen adamlara hormat goýmalydygyna göz ýetirdi. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we öwrenen zatlaryny maşgala agzalaryna gürrüň berýärdi. Bir gezek Elis olara Isanyň doglan güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyga gatnaşmajakdygyny aýdýar. Elis munuň sebäbini düşündirende, olar gahar-gazaba münýär. Olar Elis maşgalasyndan ýüz öwürýändir öýtdüler. Elis şeýle ýatlaýar: «Ejem maňa sen meniň gyzym däl diýende, men gaty ünjä düşdüm. Şonda meniň ýüregime pyçak sanjylan ýaly boldy. Sebäbi men maşgalamy ýürekden söýýärdim. Muňa garamazdan, men Ýehowa we onuň Ogluna wepaly bolmagy ýüregime düwdüm. Şeýdip, men indiki kongresde suwa çümdürildim» (Mat. 10:37).

12 Eger biz seresap bolmasak, Hudaýa däl-de, watanymyza, mekdebimize we sport toparyna wepaly bolarys. Meselem, Genri küşt oýnamagy halaýardy. Bir gezek ol mekdepde geçirilen küşt ýaryşynda ýeňiş gazanyp, baýraga eýe bolýar. Indi ol has ökde küştçi bolmaga jan edýärdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Wagtyň geçmegi bilen, Hudaýa wepaly bolmagyň deregine, mekdebe wepaly bolup başladym. Dynç günleri geçirilýän ýaryşlar sebäpli yzygiderli wagyz edip bilmeýärdim. Şol sebäpli men topardan gitmegi ýüregime düwdüm» (Mat. 6:33).

13. Hudaýa bolan wepalylyk bize maşgalada döreýän kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär?

13 Şeýle kynçylyk maşgalada hem döräp bilýär. Ken şeýle gürrüň berýär: «Men ejemiň aladasyny etmek we onuň wagtal-wagtal bize gelip durmagyny isleýärdim. Emma ejem bilen aýalym oňuşmaýardy. Men kime ýaranjagymy bilmeýärdim. Ýöne men şu ýagdaýda ilki aýalyma wepaly bolmalydygyma düşündim. Şol sebäpli men aýalymyň göwnüni tapjak bolýardym». Ken Hudaýa wepalydy we onuň Sözüne hormat goýýardy. Bu ony aýalyna hem-de ejesine bir-biri bilen oňşukly ýaşamalydygyny we mähirli bolmalydygyny düşündirmäge höweslendirdi (Gelip çykyş 2:24b; 1 Korinfliler 13:4, 5-nji aýatlary okaň).

BIR ZADA DÜŞÜNMÄNIŇDE ÝA-DA NÄDOGRY DÜŞÜNENIŇDE

14. Ýonatan nähili synaga düşdi we näme etdi?

14 Eger jogapkärli adamlaryň biri bize nädogry düşünse, Ýehowa bolan wepalylygymyz synalyp biler. Ýonatan hem şeýle synaga düşüpdi. Onuň kakasy Şawul Allatagalanyň bellän patyşasydy. Ol oglunyň Dawut bilen näme üçin dostlaşýandygyna düşünmeýärdi. Üstesine-de, Şawul Ýonatana awuly sözleri aýdyp, kemsidýärdi, ýöne ol hiç hili jogap gaýtarmaýardy. Gaýtam, Hudaýa we Ysraýylyň gelejekki patyşasy Dawuda wepaly galdy (1 Şam. 20:30—41).

15. Bir zada nädogry düşünsek näme etmeli?

15 Şu günlerem Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle ýagdaýlar bolup biler. Sebäbi ýygnakda jogapkärçilik berlen adamlar bikämil we olar biziň edýän işlerimize nädogry düşünmekleri mümkin (1 Şam. 1:13—17). Biz bir zada düşünmesek-de, nädogry düşünsek-de, geliň, hemişe Ýehowa wepaly bolalyň!

ÖZ BÄHBIDIŇE ÇAPMAK ÝA-DA WEPALY BOLMAK

16. Haýsy ýagdaýlarda Hudaýa wepalylygymyz synalyp biler?

16 Şawul ogly Ýonatany öz bähbidine çapmaga höweslendirdi (1 Şam. 20:31). Emma Ýonatan Hudaýa wepaly bolany üçin patyşa bolmak hukugyndan ýüz öwrüp, Dawudy goldady. Bizem Ýonatandan görelde alyp, özüňi bilmeklige garşy göreşip bileris. Biz «eden kasamy öz zyýanyna-da bolsa, ondan dänmeýän» adamy Ýehowanyň kabul edýändigini ýatdan çykarmaly däl (Zeb. 15:4). Ýonatan Dawuda «eden kasamyndan» dänmedi; bizem beren sözümizde durmaly. Meselem, söwda-satyk işleri bilen bagly şertnama baglaşanymyzda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa-da, beren sözümizde durup, Hudaýyň Sözüne hormat goýýarys we Oňa wepaly galýarys. Eger maşgalada garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa näme? Hudaýa bolan söýgi bize ýanýoldaşymyza wepaly bolmaga kömek eder (Malaky 2:13—16-njy aýatlary okaň)c.

Bir adam är-aýal bilen täjirçilik işi bilen bagly şertnama baglaşýar. Soňra garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykyp, ol şertnamany berjaý etmegiň kyndygyna göz ýetirýär

Söwda-satyk bilen bagly işlerde Hudaýa bolan wepalylygymyz synalyp biler (16-njy abzasa serediň)

17. Siz bu makaladan wepalylyk barada näme öwrendiňiz?

17 Eýsem, Ýonatanyň galdyran göreldesi bizi Hudaýa wepaly galmaga höweslendirmeýärmi näme?! Geliň, hiç haçan öz bähbidimize çapmalyň! Dogan-garyndaşlarymyz eden tamamyzy ödemese-de, geliň, bizem Ýonatan ýaly Ýehowa we onuň bellän adamlaryna wepaly bolalyň! Biz kynçylyklara duş gelenimizde, Ýehowa Hudaýa wepaly galsak, Onuň ýüregini şatlandyrarys we kalbymyz rahat bolar (Sül. tym. 27:11). Eger biz hemişe Ýehowa wepaly bolsak, Onuň özüni söýýänlere ýagşylyk edýändigini göreris. Indiki makalada Dawudyň döwründe ýaşan wepaly bolan we bolmadyk adamlar barada gürrüň ederis.

^ 1) (6-njy abzas). Käbir gadymy golýazmalarda «30 müň söweş arabalary», käbirinde bolsa «3 müň» diýilýär.

^ 2) (9-njy abzas). Käbir atlar üýtgedildi.

[Çykgytlar]

a 1 Şamuwel 19:1 Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. Emma Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi. 2 Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen. 3 Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi. 4 Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň. 5 Ol başyny etegine salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok». 6 Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi.

b Gelip çykyş 2:24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.

c Malaky 2:13 Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: Siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14 Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň. 15 Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň. 16 Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men - Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş