Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň
«Oglum... öz ataň Hudaýyny tana we oňa bütin ýüregiň bilen gulluk et» (1 TAR. 28:9).
1, 2. a) Hudaýyň Sözünde haýsy beden agzasy has köp agzalýar? b) Göçme manydaky ýüregiň manysyna düşünmek näme üçin wajyp?
MUKADDES ÝAZGYLARDA köplenç adamyň beden agzalary göçme manyda ulanylýar. Mysal üçin, Ýakup: «Dil otdur» diýdi. Süleýman patyşa: «Hoş habar bolsa süňküňe kuwwat berýär» diýdi. Isa pygamber: «Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla... Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla» diýdi. Pawlus resula bolsa: «Sen biziň gulagymyza käbir ýat zatlary getirýärsiň» diýdiler (Ýakup 3:6; Sül. tym. 15:30; Matta 5:29, 30; Res. iş.17:20).
2 Ýöne Hudaýyň Sözünde bir beden agzasy beýleki beden agzalaryna seredeniňde göçme manyda has köp ulanylýar. Meselem, hudaýhon Anna: «Meniň ýüregim Ýehowada şatlanýar» diýip doga etdi (1 Sam. 2:1). Hakykatdan-da, Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» sözi müňlerçe sapar agzalýar; hemişe diýen ýaly göçme manyda gelýär. Hudaýyň Sözünde ýüregi goramak maslahat berilýändigi üçin onuň nämedigine düşünmek örän wajyp (Süleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň).
GÖÇME MANYDAKY ÝÜREK NÄME AŇLADÝAR?
3. Mukaddes Ýazgylardaky «ýürek» sözüniň manysyna nädip düşünmeli? Mysal getir.
3 Mukaddes Ýazgylar göçme manydaky «ýürek» söze kesgitleme bermese-de, onuň manysyna düşünmäge kömek edýär. Nädip? Mysal üçin, ýaprakly agajy göz öňüne getiriň. Haçan-da agaja golaý dursak, bary-ýogy birnäçe ýapragyny göreris. Eger biraz yza ätlesek, agajy bütinleý göreris. Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylardan «ýürek» sözi bilen bagly birnäçe wakalara seretsek, onuň nämedigine doly göz ýetireris.
4. a) «Ýürek» diýmek näme? b) Isanyň Matta 22:37-de aýdan sözleri näme aňladýar?
4 Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» diýlende, adamyň içki dünýäsi göz öňünde tutulýar. Meselem, islegi, pikiri, gylyk-häsiýeti, düşünjesi, ukyby, niýeti we maksady (Kanun taglymaty 15:7; Süleýmanyň tymsallary 16:9; Zebur 119:111-nji aýatlary okaň). Käte «ýürek» sözüniň onçakly giň manysy bolmaýar. Ýadyňyzda bolsa, Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» diýipdi (Mat. 22:37). Şu aýatdaky «ýürek» sözi adamyň duýgusyny, islegini aňladýar. Isa ýüregi, jany we düşünjäni aýratynlykda agzamak bilen Hudaýy duýgularyň, ýaşaýşyň we akylyň bilen söýmelidigini aýtjak boldy (Ýahýa 17:3; Efes. 6:6). Şeýlelikde, «ýürek» sözi ýeke gelse, adamyň içgi dünýäsi göz öňünde tutulýar.
BIZ NÄME ÜÇIN ÝÜREGIMIZI GORAMALY?
5. Biz näme üçin Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmek isleýäris?
5 Dawut patyşa ýürek barada ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, öz ataň Hudaýyny tana we oňa bütin ýüregiň, janyň bilen gulluk et, sebäbi Ýehowa ähli ýürekleri barlaýandyr we her bir pikiri bilýändir» (1 Tar. 28:9). Hawa, Ýehowa ähli ýürekleri şol sanda biziň hem ýüregimizi barlaýan Hudaýdyr (Sül. tym. 17:3; 21:2). Eger Ýehowa ýüregimizdäki zatlary halasa, onda onuň dosty bolup bileris we bagtly gelejegimiz bolar. Şoňa görä-de Dawudyň maslahatyna eýerip, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edeliň.
6. Hudaýa gulluk etmek islegimize nämeler täsir edip biler?
6 Ýehowanyň halky tabşyrylan işe yhlasly ýapyşyp, Hudaýa bütin ýürekden gulluk etmek isleýändigini görkezýär. Emma Şeýtanyň zalym dünýäsi we günäli höweslerimiz bize güýçli täsir edip, Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek islegimizi gowşadyp biler (Ýerem. 17:9; Efes. 2:1, 2). Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin, biz ýüregimizi wagtal-wagtal barlap durmaly. Nädip?
7. Ýüregimizi näme aýan edýär?
7 Agajyň özenini hiç kimiň görüp bilmeýşi ýaly, biziň içki dünýämizi hem hiç kim görüp bilmeýär. Emma Isanyň Dagdaky wagzynda aýdyşy ýaly, agajy miwelerinden tanap bolýar. Biziň edýän işlerimiz hem ýüregimizi aýan edýär (Mat. 7:17—20). Geliň, şolaryň birine seredeliň.
ÝÜREGIMIZI BARLAMAGYŇ GOWY USULY
8. Isanyň Matta 6:33-de aýdan sözleriniň ýüregimiz bilen näme baglanyşygy bar?
8 Isa şol Dagdaky wagzynda diňleýjilerine Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek üçin näme etmelidigini aýtdy: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Mat. 6:33). Biz durmuşymyzda birinji orunda goýan zatlarymyz bilen ýüregimizdäki islegi, pikiri we niýeti aýan edýäris. Diýmek, Hudaýa bütin ýürekden gulluk edýändigimizi bilmek üçin durmuşymyzda nämäniň wajypdygy hakynda oýlanmaly.
9. Isa birnäçe adamy näme etmäge çagyrdy we olar näme etdi?
9 Isa şägirtlerine «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň» diýenine biraz wagt geçensoň bir waka boldy. Bu wakadan adamyň durmuşynda birinji orunda goýan zadynyň ýüregini aýan edýändigi görünýär. Lukanyň aýtmagyna görä, agyr synaglar garaşýandygyna garamazdan, «Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi». Isa we şägirtleri «ýol bilen barýarkalar» birnäçe adama duşýarlar. Isa olaryň her birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Şol adamlar Isanyň yzyna düşmek isleýärdi, ýöne belli bir şert bilen. Olaryň biri: «Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. Beýlekisi bolsa: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi» (Luka 9:51, 57—61). Isa aýgytly hem dogumly hereketi bilen şol gowşak hem bahana gözleýän adamlardan nähili tapawutlanýar! Olar Hudaýyň Patyşalygynyň bähbitlerini däl-de, öz gaýgy-aladalaryny birinji orunda goýup, Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmek islemeýändigini görkezdiler.
10. a) Biz Isanyň çakylygyna nähili seslendik? b) Isa nähili mysal getirdi?
10 Şol ikigöwünli adamlardan tapawutlykda, biz Isa Mesihiň çakylygyny kabul edip, şägirdi bolduk we Ýehowa her gün gulluk edýäris. Bu biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan edýär. Ýöne Ýehowa yhlasly gulluk edýän bolsak-da, ýüregimize abanýan howpuň bardygyny hem unutmaly däl. Ol nämekä? Isa ýokarda agzalan adamlara şol howp barada aýdypdy: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» (Luka 9:62). Bu mysal bize näme öwredýär?
«ÝAGŞYLYGA ÝAPYŞÝARYSMY»?
11. Isanyň mysalyndaky daýhan işini nähili ýerine ýetirdi we näme üçin?
11 Isanyň mysalyna düşünmek üçin daýhany göz öňüne getireliň. Daýhan ýeri sürüp ýör. Şol wagtyň özünde-de öýünde göwün açýan dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, näz-nygmatlar, aýdym-saz we şadyýan gülküler we salkyn howa barada pikir edip, arzuw edýär. Daýhan biraz işlese-de, şeýle pikirler gününe goýman, göwün açmaga islegi has-da möwjäp, «yzyna seredýär». Edilmeli iş köp bolsa-da, daýhanyň ünsi sowuldy we işine erbet täsir etdi. Elbetde, daýhanyň tutanýerli däldigini görüp, hojaýyny lapykeç bolýar.
12. Isanyň mysalyndaky daýhan bilen käbir mesihçileriň näme meňzeşligi bar?
12 Indi biziň günlerimize dolanalyň. Daýhany ruhy taýdan berk ýaly, ýöne howp abanýan mesihçä meňzedip bolar. Geliň, yhlasly gulluk edýän dogany göz öňüne getireliň. Ol ýygnaklara yzygiderli barsa-da, yhlasly wagyz etse-de, bu dünýädäki käbir zatlar barada hemişe oýlanýar. Ýüreginiň töründe şol zatlary küýseýär. Birnäçe ýyl gulluk edýändigine garamazdan, şol pikirler gününe goýman, ahyry dünýädäki käbir zatlara höwesi şeýle güýjeýär welin, hatda «yzyna seredýär». Gullukda edilmeli iş köp bolsa-da, ol «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaýar», Hudaýa indi öňküsi ýaly gulluk edenok (Flp. 2:16). «Hasyl eýesi» Ýehowa mesihçiniň erjellik bilen gulluk etmeýänine gynanýar (Luka 10:2).
13. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek näme aňladýar?
13 Biziň üçin edinmeli sapak mese-mälim. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek üçin yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we wagyz etmek ýeterlikli däl (2 Tar. 25:1, 2, 27). Eger mesihçi ýüreginiň töründe dünýädäki käbir zatlary söýýän bolsa, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyna howp abanyp biler (Luka 17:32). Diýmek, Hudaýa bütin ýürek bilen gulluk etmek üçin «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmaly» (Rim. 12:9; Luka 9:62). Şol sebäpli Şeýtanyň dünýäsinde käbir zatlar peýdaly hem ýakymly görünse-de, Hudaýyň Patyşalygyna ak ýürekden gulluk etmäge päsgel bermez ýaly habardar bolmaly (2 Kor. 11:14; Filipililer 3:13, 14-nji aýatlary okaň).
HÜŞGÄR BOLUŇ!
14, 15. a) Şeýtan ýüregimize täsir etmek üçin näme edýär? b) Şeýtanyň usulynyň mekirdigini mysal arkaly düşündiriň.
14 Biz Ýehowany söýüp, özümizi oňa bagyş etdik. Şondan bäri ençeme ýyllardyr Ýehowa tüýs ýürekden gulluk edip gelýäris. Emma Şeýtan bizi öz günümize goýmaýar. Ol henizem ýüregimizi awlamak isleýär (Efes. 6:12). Elbetde, ol biziň Ýehowa gulluk etmegi birden goýmajagymyzy bilýär. Şol sebäpli ol yhlasymyzy kem-kemden gowşatmak üçin «dünýä» arkaly mekirlik bilen täsir edýär (Markus 4:18, 19-njy aýatlary okaň). Şeýtanyň bu usuly näme üçin başa barýarka?
15 Bir mysal bu soraga jogap bermäge kömek eder. Aýdaly, siz 100 watly çyranyň ýagtylygynda kitap okaýarsyňyz, birdenem çyra köýýär. Siz tüm garaňkylygyň sebäbine düşünip, çyrany çalyşýarsyňyz. Otag ýene-de ýagty bolýar. Ertesi agşam siz şol çyranyň yşygynda kitap okaýarsyňyz. Emma kimdir biriniň 100 watly çyrany 95 watla çalşandygyndan habarsyz. Siz munuň tapawudyny bilersiňizmi? Bilmeseňiz gerek. Ertesi biri indi 90 watly çyra çalyşsa näme? Munuň tapawudyny hem siz saýgaryp bilmersiňiz. Näme üçin? Sebäbi çyranyň ýagtylygy gün-günden sähelçe peselýär. Şonuň ýaly Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri arkaly yhlasymyz kem-kemden gowşap biler. Eger yhlasymyz gowşaýan bolsa, onda Şeýtan göçme manyda Ýehowa gulluk etmek yhlasymyzy 100 watdan pes kuwwata düşürýär. Mesihçi hüşgär bolmasa, kem-kemden bolýan bu üýtgeşiklige üns bermezligi mümkin (Mat. 24:42; 1 Pet. 5:8).
DOGA ETMEK WAJYP
16. Biz özümizi Şeýtanyň hilelerinden nädip gorap bileris?
16 Biz özümizi nädip Şeýtanyň hilelerinden gorap, ak ýürekden Ýehowa gulluk edip bileris? (2 Kor. 2:11). Munuň üçin doga etmek wajypdyr. Pawlus resul mesihçilere: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly... Her hili doga we dileg bilen, hemişe... doga ediň» diýdi (Efes. 6:11, 18; 1 Pet. 4:7).
17. Biz Isanyň doga edişinden näme öwrenip bileris?
17 Şeýtana garşy durmak üçin Isa ýaly doga etmeli. Onuň eden dogasyndan bütin ýüregi bilen Ýehowa gulluk etmek isleýändigi görünýär. Mysal üçin, hoş habarçy Luka Isanyň ölmezinden öňki gije «agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga edendigini» ýazýar (Luka 22:44). Isa öňem erjellik bilen doga edýärdi, emma ýer ýüzünde agyr synaga uçranda, «gaty yhlas» bilen doga etdi. Ýehowa hem dogasyny eşitdi. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly dogalar her hili bolýar. Şol sebäpli synag näçe agyr, Şeýtanyň hileleri näçe mekir bolsa, biz Ýehowa şonça-da «gaty yhlas» bilen doga etmeli.
18. a) Doga babatda özümize nähili sorag bermeli we näme üçin? b) Ýüregimize näme täsir edýär we nädip? (16-njy sahypadaky çarçuwa seret).
18 Şeýle dogalar bize nähili täsir etmeli? Pawlus resul: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» diýýär (Flp. 4:6, 7). Hawa, ikigöwünli bolmaz ýaly ýygy-ýygydan we gyzgyn doga etmeli (Luka 6:12). Şonuň üçin özüňize şeýle sorag beriň: «Men ak ýürekden we ýygy-ýygydan doga edýärinmi?» (Mat. 7:7; Rim. 12:12). Şu soraga berýän jogabyňyz tüýs ýürekden Ýehowa gulluk etmek isleýändigiňizi görkezer.
19. Sen Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek üçin näme etmekçi?
19 Durmuşymyzda birinji orunda goýýan zatlarymyz ýüregimiziň nähilidigini aýan edýändigine göz ýetirdik. Şeýlelikde, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmek islegimizi yzda galan zatlar ýa-da Şeýtanyň mekir hileleri gowşatmasyn (Luka 21:19, 34—36-njy aýatlary okaň). Şonuň üçin Dawut pygamber ýaly Ýehowa: «Ýüregimi ýeke Özüňe bagla» diýip doga edeliň (Zeb. 86:11).
[16-njy sahypadaky çarçuwa]
ÝÜREGIMIZE TÄSIR EDÝÄN ÜÇ ÝAGDAÝ
Biz göni manydaky ýüregimiz barada alada edişimiz ýaly, göçme manydaky ýüregimiziň hem aladasyny etmeli. Geliň, üç wajyp ýagdaýa seredeliň.
1 Iýmitlenmek. Ýüregi ýokumly maddalar bilen üpjün etmeli. Şoňa meňzeşlikde, göçme manydaky ýürek sagdyn bolar ýaly, yzygider şahsy okuw geçirmek, oýlanmak we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak wajyp (Zeb. 1:1, 2; Sül. tym. 15:28; Ýew. 10:24, 25).
2 Türgenleşmek. Ýürek sagdyn bolar ýaly käwagt maşk etmeli. Edil şonuň ýaly, biz yhlasly wagyz etsek, mümkin bolsa bu işe köpräk gatnaşmagy maksat edinsek, göçme manydaky ýüregimiz sagdyn bolar (Luka 13:24; Flp. 3:12).
3 Gatnaşýan adamlarymyz. Biz hudaýsyz adamlar bilen işlemeli we ýaşamaly bolýarys, şol sebäpli-de göni we göçme manydaky ýüregimize agram düşýär. Eger aladamyzy edýän we Ýehowa bütin ýürekden gulluk edýän imandaşlarymyz bilen köpräk gatnaşsak, ýüregimize kän bir agram düşmez (Zeb. 119:63; Sül. tym. 13:20).