Terjimehal
Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn
Lenard Smit gürrüň berdi
Men ýetginjekkäm, Mukaddes Ýazgylaryň iki aýady maňa örän täsir etdi. Şondan bäri, 70 ýyl geçse-de, men Zakarýa 8:23-üň manysyna doly düşünendigim henizem ýadymda. Ol aýatda şeýle diýilýär: «On adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik diýerler».
«Ýehudy» mesh edilen mesihçileri aňladýan bolsa, «on adam» bolsa «başga goýunlary», öňki aýdylyşy ýaly «Ýonadab toparyny» aňladýara (Ýahýa 10:16). Men muňa düşünenimde, ebedi ýaşamak üçin, mesh edilen mesihçileri wepaly goldamalydygyma göz ýetirdim.
Isanyň Matta kitabynyň 25:31—46-njy aýatlaryndaky «goýunlar» we «geçiler» diýen tymsaly-da maňa güýçli täsir etdi. «Goýunlar» bu soňky günlerde ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçilere ýagşylyk edip, höküme edilende aklanjak adamlary aňladýar. Men ýaş Ýonadab hökmünde, özüme: «Len, sen Mesihiň goýny bolasyň gelse, onuň mesh edilen doganlaryny goldap, baştutanlygyna boýun bolmalysyň, sebäbi Hudaý olar bilendir» diýdim. Men muňa ýetmiş ýyldan gowrak eýerýärin.
«MENIŇ ÝERIM NIREDE?»
Ejem 1925-nji ýylda Beýtelde, ýygnak geçirilýän zalda suwda çokundyryldy. Bu ýere London çadyry diýilýärdi we onda Londonda hem-de töwereginde ýaşaýan doganlar ýygnanýardy. Men 1926-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda doguldym. 1940-njy ýylyň mart aýynda Angliýanyň kenarynda ýerleşýän Duwr şäherinde geçirilen kongresde suwda çokundyryldym. Meniň hakykata bolan söýgim gitdigiçe artýardy. Ejem mesh edilen mesihçi bolandygy üçin, meniň birinji tutan «ýehudynyň etegi» ejemiňkidi. Şol wagt kakam bilen uly gyz doganym Ýehowa gulluk etmeýärdiler. Biz Angliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Jillingem şäherindäki ýygnaga barýardyk, şol ýygnakda kän mesh edilen dogan-uýalar bardy. Ejem yhlasly wagyz edip, ajaýyp görelde görkezýärdi.
1941-nji ýylyň sentýabrynda Lester şäherinde geçirilen kongresde «Aýypsyzlyk» diýen doklatda Älem jahanyň hökümdarlygy baradaky meselä seredildi. Şol doklad maňa Şeýtan we Ýehowanyň arasyndaky jedelli meselä biziň hem degişlidigimize düşünmäge kömek etdi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň tarapyny tutup, Älemiň hökümdarynyň öňünde aýypsyzlygymyzy saklamaly.
Bu kongresde pioner gullugyna köp üns berlip, ýaşlar pioner gullugyna başlamaga höweslendirildi. Men «Guramada pioneriň orny» diýen doklady diňläp, «Meniň ýerim niredekä?» diýen sorag barada oýlandym. Şol kongres maňa Ýonadab hökmünde mesh edilen mesihçilere wagyz işinde bar güýjüm bilen kömek etmelidigime düşünmäge ýardam etdi. Men edil şol ýerde Lester şäherinde pionerler üçin resmikagyzy doldurdym.
URUŞ DÖWRI PIONER GULLUGY
1941-nji ýylyň 1-nji dekabrynda 15 ýaşymdakam, meni ýörite pioner edip bellediler. Ejem meniň ilkinji ýoldaşym boldy, emma ol bir ýyldan saglyk ýagdaýy sebäpli pioner gullugyny goýmaly boldy. Şonda Londonyň filialy meniň bilen bile gulluk eder ýaly, häzir Puerto-Rikonyň filialynyň komitetinde gulluk edýän Ron Parkini belledi.
Bizi Kent graflygynyň kenar ýakasyndaky Brodsters we Ramsgit şäherlerine iberdiler. Biz kireýine alnan otagda ýaşadyk. Şol wagt ýörite pioner her aýda 40 şilling (8 dollara golaý) alýardy. Otagymyz üçin pul töländen soň, birazajyk pulumyz galýardy we biz indiki sapar haçan çörek iýjekdigimizi bilmeýärdik. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa ähli gerek zatlarymyzyň hemişe aladasyny edýärdi.
Biz köplenç tigirli aýlanýardyk. Biz Demirgazyk deňzinden öwüsýän şemala garşy agyr ýükli tigirleriň pedalyny zordan aýlaýardyk. Şeýle-de biz samolýotlaryň hüjümini we Kent şäheriniň üstünden Londona tarap barýan gaty pesden uçýan Fau—1 nemes raketalaryny gördük. Bir sapar edil meniň üstümden bomba geçende, men tigrimden böküp, özümi ýaba zyňmaly boldum. Bomba golaýymdaky meýdanda ýaryldy. Her niçik-de bolsa, Kentde pioner bolup gulluk edenimde, şatlygymy ýitirmeýärdim.
BEÝTELÇI BOLDUM
Ejem hemişe Beýtel barada höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol: «Men şeýle bir seniň beýtelçi bolmagyňy isleýärin» diýerdi. Göz öňüne getiriň, 1946-njy ýylyň ýanwarynda Londondaky Beýtele üç hepde işlemäge çagyrylanymda, begenjimiň çägi bolmady. Üç hepdeden soň filialda gulluk edýän Praýs Hýuz atly dogan Beýtelde galmagymy haýyş etdi. Şol ýerde öwrenen zatlarym maňa şu çaka çenli kömek edýär.
Şonda Londonyň Beýtelinde 30 adam, esasanam, ýaş öýlenmedik doganlar gulluk edýärdi. Şeýle-de birnäçe mesh edilen mesihçiler, şol sanda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bolan Praýs Hýuz, Edgar Kleý we Jek Barr gulluk edýärdi. Meniň ýaly oglanjyk üçin, Mesihiň doganlaryny goldap, şeýle «diregleriň» ruhy gözegçiliginde gulluk etmek uly hormatdy! (Gal. 2:9).
Beýtelde bir sapar dogan ýanyma gelip, bir uýanyň gapynyň agzynda garaşýandygyny aýtdy. Onuň ejemdigini bilenimde, haýran galdym. Ejemiň elinde bir dolangy zat bardy. Ol meniň işime päsgel bermez ýaly, girmejekdigini aýtdy. Ejem şol dolangy zady berdi-de, gitdi. Onda ýylyja palto bardy. Ejemiň şeýle mähirli aladasy maňa kiçijik Samuel mukaddes çadyrda gulluk edende, Annanyň oňa eşik getirişini ýatlatdy (1 Sam. 2:18, 19).
GILEAD MEKDEBINDE ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSATLAR
1947-nji ýylda Beýtelimizden bäş adam ABŞ-da geçirilýän Gilead mekdebiniň 11-nji klasyna çagyryldy. Biz indiki ýyl oňa okamaga gitdik. Mekdep geçirilýän ýere Nýu-Ýork ştatynyň demirgazygyna baranymyzda, gaty sowukdy. Men ejemiň sowgat eden ýylyja paltosy üçin, diýseň begenýärdim!
Gilead mekdebinde geçiren alty aýymy hiç haçan ýatdan çykarmaryn. 16 ýurtdan gelen dogan-uýalar bilen ýakyn gürrüňdeş bolup, gözýetimim giňedi. Mekdepde alan ruhy dürdänelerden başga-da, ýetişen mesihçiler bilen gürrüňdeş bolmak maňa örän peýdaly boldy. Klasdaşym Lloýd Berri, mugallymym Albert Şrýoder, şeýle-de patyşlyk fermasynyň (şol ýerde Gileat ýerleşýärdi) gözegçisi Jon But soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy boldular. Bu doganlaryň maňa söýgi bilen beren maslahatlary we olaryň Ýehowa hem-de guramasyna wepaly göreldesi üçin örän minnetdar.
AÝLANÝAN GÖZEGÇI WE ÝENE-DE BEÝTELDE
Gilead mekdebini gutaranymdan soň, Ogaýo ştatyna (ABŞ) aýlanýan gözegçi bellendim. Men bary-ýogy 21 ýaşymda bolsam-da, doganlar hyjuwyma dogry garap, mähirli garşyladylar. Bu welaýatda men uly ýaşly tejribeli doganlardan köp zady öwrendim.
Birnäçe aýdan soň meni Bruklindäki Beýtele ýene-de okamaga çagyrdylar. Şol ýerde men dürli wagtda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk eden Milton Henşel, Karl Kleýn, Neýtan Norr, Tomas (Bat) Salliwan we Laýman Suingl ýaly «diregler» bilen tanyşdym. Men olaryň zähmet çekişine we özüni alyp barşyna syn edip, köp zatlary öwrendim. Ýehowanyň guramasyna bolan ynamym ýüz esse artdy. Meni okuwdan soň Ýewropa iberdiler.
1950-nji ýylyň fewral aýynda ejem aýryldy. Ony jaýlanymyzdan soň, kakam we aýal doganym Dora bilen aç-açan gürrüňdeş boldum. Men olardan: «Ejemem ýok, menem öýden daşda gulluk edýärin, hakykat babatda indi pikiriňiz nähili?» diýip soradym. Olar bir gartaşan mesh edilen Harri Brauning atly dogany tanaýardylar we hormatlaýardylar. Şol sebäpli onuň bilen hakykat barada gürüňdeş bolmaga razy boldular. Bir ýyl geçip geçmänkä, kakam we Dora suwda çokundyryldy. Soňra kakam Jillingemdäki ýygnakda gulluk kömekçisi bellendi. Kakam aýrylandan soň, Dora ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän Roý Morton atly dogana durmuşa çykdy. Dora ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly gulluk edip, 2010-njy ýylda aradan çykdy.
FRANSIÝADA GULLUK EDÝÄRIN
Men hususy orta mekdepde fransuz, nemes we latyn dillerini öwrendim. Maňa fransuz dilini öwrenmek kyn düşdi. Şol sebäpli Pariždäki Beýtele gidip kömek etmegi haýyş edenlerinde, men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Meniň üçin ol ýerde gartaşan mesh edilen Anri Žiže dogan bilen gulluk etmek uly bagtdy. Maňa tabşyrylan bu ýumuş aňsat bolmady, şonuň üçin köp ýalňyşlar goýberdim, ýöne adamlaryň arasyndaky gatnaşyk barada kän zatlara düşündim.
Uruşdan soň, 1951-nji ýylda halkara kongresi Parižde geçirilmelidi we men ony taýýarlamaga kömekleşdim. Maňa kömek etmek üçin Beýtele ýaş aýlanýan gözegçi Leopol Žontes geldi. Soňra Leopol filialyň gözegçisi bellenildi. Kongres Eýfel diňiniň golaýyndaky Sport köşgünde geçirildi. Kongrese 28 ýurtdan delegatlar gatnaşdy. Soňky gün 6 000 sany fransuz Güwäçileri kongrese 10 456 adam gelendigini bilende, çäksiz begendiler!
Men Fransiýa gelenimde, fransuzçany gowy bilemokdym. Onuň üst-üstüne-de men diňe hemme zady dogry gürlejekdigime ynamym bolanda, agzymy açjakdygymy ýüregime düwüp, ýalňyşlyk goýberdim. Emma ýalňyşmasaň, seni hiç haçan düzetmezler we dogry gürlemegi hiç haçan öwrenmersiň.
Men ýalňyşymy düzeder ýaly başga ýurtdan gelenler üçin fransuz dili öwrenilýän mekdebe ýazyldym. Men ýygnak geçirilmeýän günleri agşamyna öwrenmäge gidýärdim. Şeýdip fransuz dilini gowy görüp başladym we ýyl-ýyldan oňa bolan söýgim artdy. Bu gullukda-da peýdaly boldy, çünki men fransuz filialynda terjime işine kömek edip bildim. Wagtyň geçmegi bilen, terjimeçi bolup, iňlis dilinden fransuz diline terjime edip başladym. Bütin dünýäde fransuz dilinde gepleýän dogan-uýalar sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän gymmatly ruhy iýmitini alar ýaly, terjime etmek meniň üçin uly hormatdy! (Mat. 24:45—47).
ÖÝLENDIM WE ALAN BEREKETLERIM
1956-njy ýylda men köp ýyldan bäri tanaýan Ester atly şweýsariýaly pioner uýa öýlendim. Biz London Beýteliniň ýanynda ýerleşýän Patyşalyk zalynda (ejemiň suwda çokundyrylan ýeri bolan köne London çadyrynda) toý tutduk. Toýda Hýuz dogan doklad bilen çykyş etdi. Esteriň ejesi hem meniň ejem ýaly mesh edilen mesihçidi. Men öýlenip diňe bir wepaly we ajaýyp kömekçi edinmän, eýsem, ruhy taýdan berk gaýynenem bilen birnäçe sagat ruhy gürrüňler edip, bereketler aldym. 2000-nji ýylda gaýynenemiň ýerdäki ömri tamamlandy.
Durmuş guranymyzdan soň, Ester bilen Beýtelde ýaşamadyk. Muňa garamazdan, men Beýtelde terjime işimi dowam etdim, Ester bolsa Parižiň golaýynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ol birnäçe adama Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etdi. 1964-nji ýylda bizi Beýtelde ýaşamaga çagyrdylar. Soňra 1976-njy ýylda Fransiýada filial komiteti ilki döredilende, men onuň agzasy boldum. Ester meni ýyllar boýy hemişe goldaýar.
«MEN HEMIŞE SIZIŇ ÝANYŇYZDA BOLMARYN»
Men Nýu-Ýorkdaky bütindünýä baş edara käte baryp bilýändigime begenýärin. Şol ýere baranymda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk edýän doganlardan peýdaly maslahatlary alýandygyma örän şat. Meselem, men bir gezek biynjalyklanyp, wagtynda işimi ýerine ýetirip bilmeýändigimi aýtdym. Şonda Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!» Şondan bäri ençeme gezek dürli işlerim köpelende, howsala düşmän, ilki bir işi edýän, soňra başgasyny we hemme iş öz wagtynda bitýär.
Isa ölüminiň öňüsyrasy şägirtlerine şeýle diýdi: «Men hemişe siziň bilen bolmaryn» (Mat. 26:11). Şeýle-de biz, başga goýunlar Mesihiň mesh edilen doganlarynyň ýerde hemişe bolmajakdygyny bilýäris. Şol sebäpli men 70 ýyldan gowrak mesh edilen mesihçiler bilen eginme-egin işleşýändigimi deňsiz-taýsyz hormat saýýaryn we şatlyk bilen ýehudynyň eteginden tutýaryn.
[Çykgyt]
a «Ýonadab topary» barada bilmek üçin «Garawul diňiniň» 2010 ý. 15-nji fewral sah. 5 abz. 8—10 serediň.
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!»
[19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
(Çepde) Ejem we kakam
(Sagda) Gilead mekdebinde ejemiň sowgat eden ýylyja paltosynda. 1948-nji ýyl
[20-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Fransuz filialy bagyş edilende, Lloýd Berriniň dokladyny terjime edýärin. 1997-nji ýyl
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
(Çepde) Ester bilen toý güni
(Sagda) Bile wagyzda