Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 54
  • Iň güýçli adam

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iň güýçli adam
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Şimşona güýç berdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Şimşon serdar ýaly Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Serdarlar kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Dönüklik — duşmandan beter
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 54

54-NJI HEKAÝA

Iň güýçli adam

DÜNÝÄDE iň güýçli adamyň adyny bilýäňmi? Ol Ysraýylyň kazysy Şimşon. Oňa güýji Ýehowa berdi. Entek Şimşon dogulmanka, Ýehowa onuň ejesine: «Sen basym ogul dograrsyň. Ol Ysraýyly filistililerden azat eder» diýdi.

Filistililer Kengan ýurdunda ýaşaýan erbet halkdy. Olaryň esgeri köpdi. Olar ysraýyllylara azar berýärdiler. Bir gezek Şimşon filistilileriň ýanyna barýarka, onuň öňünden bir uly ýolbars arlap çykýar. Ýöne Şimşon ony ýaragsyz öldürýär. Şeýle-de ol ýüzlerçe erbet filistilileri öldürýär.

Birnäçe wagtdan Şimşon Delile atly gyzy söýýär. Eger-de Delile Şimşonyň güýjüniň syryny bilse, filistili baştutanlaryň her biri 1 100 kümüş teňňe berjek diýipdi. Deliläniň şol pullary alasy gelýär. Ol Şimşonyň we Hudaýyň halkynyň hakyky dosty däldi. Şonuň üçinem ol Şimşondan güýjüniň syryny birnäçe gezek soraýar.

Ahyry Delile Şimşonyň güýjüniň syryny bilýär. Şimşon: «Meniň saçymy hiç haçan gyrkmadylar. Doglanymdan bäri Hudaý meni özüniň aýratyn gullukçysy, ýagny neziri edip saýlady. Eger-de meniň saçymy gyrksalar, onda men güýjümi ýitirerin» diýýär.

Delile muny bilende, Şimşony dyzynda ukladýar. Soňra bir adamy çagyryp, Şimşonyň saçyny gyrkdyrýar. Şimşon oýananda güýjüni ýitiripdi. Şonda filistililer ony ýesir alýarlar. Olar onuň iki gözüni oýup, gul edýärler.

Bir gezek filistililer Dagon taňrysy üçin uly baýramçylyk edende, Şimşonyň üstünden güljek bolup, ony türmeden çykardylar. Şondan bäri Şimşonyň saçy ýene-de ösdi. Şimşon elinden tutup barýan oglana: «Bu jaýyň sütünlerini elläp göreýin» diýýär. Şonda Şimşon Ýehowadan güýç diläp, sütünleri tutýar-da: «Goý, men filistililer bilen öleýin!» diýip gygyrýar. Bu baýramçylykda 3 000 filistili bardy. Şimşon sütünleri gozganda, jaý ýykylýar. Erbet adamlaryň hemmesi ölýär.

Kazylar 13—16-njy baplar.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş