Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 53
  • Ýeftahyň beren sözi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeftahyň beren sözi
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Ýeftah söz berýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýeftah Ýehowa wepalydy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 53

53-NJI HEKAÝA

Ýeftahyň beren sözi

SEN birine söz berip, soňra bolsa sözüňde durmak kyn bolupmydy? Şu suratdaky adam bilen hem şeýle boldy. Şonuň üçinem ol gamgyn görünýär. Ol Ysraýylyň Ýeftah atly edermen kazysy.

Ýeftahyň ýaşan döwründe ysraýyllylar Ýehowa sežde etmeýärdi. Olar ýene-de erbetlik edýärdi. Şonuň üçin Ýehowa ammonlylaryň olara zyýan ýetirmegine ýol berýär. Şonda ysraýyllylar Ýehowa: «Biz günä etdik. Haýyş edýäris, bizi halas et!» diýip ýalbarýar.

Adamlar erbet iş edeni üçin gynanýarlar. Şonuň üçin olar ýene-de Ýehowa sežde edip başlaýarlar. Ýehowa bu gezegem olara kömek edýär.

Ammonlylara garşy söweşmäge halk Ýeftahy saýlaýar. Ýeftah bu söweşde Ýehowanyň kömek etmegini isleýär. Şonuň üçinem ol Ýehowa: «Eger sen maňa ammonlylary ýeňmäge kömek etseň, onda öýümden çykan ilkinji adamy saňa bererin» diýip söz berýär.

Ýehowa Ýeftahyň beren sözüni eşidýär. Oňa söweşde ýeňiş berýär. Ýeftah dolanyp gelende, ony garşylamaga ilkinji kimiň çykanyny bilýäňmi? Onuň gyzy. Ol onuň ýekeje çagasydy. Ýeftah aglap: «Wah, gyzym! Sen meni gaty gynandyrdyň. Ýöne men Ýehowa söz berdim. Ony yzyna alyp biljek däl» diýýär.

Ýeftahyň gyzy onuň beren sözi barada eşidende, başda gynanýar. Sebäbi ol kakasyny we joralaryny taşlap gitmelidi. Ýöne ol galan ömrüni Şilodaky çadyrda Ýehowa gulluk edip geçirer. Şonuň üçin ol kakasyna: «Eger sen Ýehowa söz beren bolsaň, sözüňde durmaly» diýýär.

Ýeftahyň gyzy Şilo şäherine gidýär. Galan ömrüni Ýehowanyň çadyrynda gulluk edip geçirýär. Ysraýyl gyzlary her ýylda dört gün onuň ýanyna gelip, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Halk Ýeftahyň gyzyny gowy görýär, sebäbi ol Ýehowa ýürekden gulluk edýär.

Kazylar 10:6—18; 11:1—40.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş