52-NJI HEKAÝA
Gideon we 300 esgeri
BU ÝERDE näme bolýanyny görýäňmi? Olar Ysraýyl goşuny. Olar eglip suw içýärler. Olaryň ýanynda Gideon atly kazy dur. Gideon olaryň suw içişini synlaýar.
Bu adamlaryň suwy içişlerine üns ber. Olaryň käbiri suwdan eglip içýär. Biri bolsa daş-töweregine seredip, suwy eli bilen içýär. Olaryň suwy nädip içişi wajypdy. Sebäbi Ýehowa Gideona seresaplyk bilen suw içýän adamlary saýlap, beýlekileri bolsa öýüne ibermegi tabşyrypdy. Gel, sebäbini bileli.
Ysraýyllylar ýene-de kyn ýagdaýa düşýär. Olar ýene-de Ýehowa gulak asmadylar. Şonda moablylar olary gul edýär. Şonuň üçin ysraýyllylar ahy-nala bilen Ýehowadan kömek soraýarlar, Ýehowa-da olaryň dilegini eşidýär.
Ýehowa Gideona goşun ýygnamagy tabşyrýar. Ol 32 müň esger ýygnaýar. Ysraýyla garşy bolsa 135 müň esgerli goşun ýygnanýar. Muňa garamazdan, Ýehowa Gideona: «Seniň ýanyňda adam gaty köp» diýýär. Ýehowa näme üçin beýle diýdikä?
Eger ysraýyllylar söweşde ýeňseler, onda özleri ýeňiş gazanandyrys öýderdiler. Şol sebäpli Ýehowanyň kömegi gerek bolmady diýmekleri mümkindi. Şonda Ýehowa Gideona: «Gorkýan adamlara aýt, öýlerine dolansyn» diýýär. Soňra ýene-de 22 müň esger öýüne dolanýar. Şeýlelikde, duşmanyň 135 müň esgerine garşy söweşmäge Gideonyň ýanynda 10 müň esger galýar.
Onda bu näme?! Ýehowa Gideona: «Seniň ýanyňda henizem adam köp. Sen olary suwuň ýanyna eltip, kim suwy eglip içse, şony öýüne iber» diýýär. Ýehowa oňa: «Men saňa suwy seresaply içen 300 esger bilen ýeňiş bererin» diýýär.
Söweşmeli wagt gelip ýetdi. Gideon 300 esgerini üç topara bölýär. Her esgere surnaý bilen içi çyraly küýze berýär. Olar ýary gije duşmanyň düşelgesiniň daşyny gabaýar. Şondan soň deň surnaý çalyp, küýzeleri döwüp: «Ýehowanyň we Gideonyň gylyjy!» diýip gygyrýarlar. Oýanan duşmanlar bolsa aljyrap, howsala düşüp gaçýarlar. Şeýdip ysraýyllylar ýeňýär.
Kazylar 6—8-nji baplar.