Ýehowa — iň gowy Dostumyz
«(Ybraýyma) Hudaýyň dosty diýildi». ÝAKUP 2:23
1. Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlarda nähili ukyplar bar?
«OGUL ata meňzemese, gapyda at kişňemez...» Bu sözler çagalaryň köplenç ata-enelerine meňzeýändigini görkezýär. Şeýle-de çagalar ata-enesinden nesilden-nesle geçýän käbir aýratynlyklary miras alýarlar. Gökdäki Atamyz Ýehowa — ýaşaýşyň gözbaşy (Zeb. 36:9). Biz Hudaýyň ýerdäki çagalary hökmünde Oňa köp zatda meňzeýäris. Ol adamlary Öz keşbine görä ýaratdy, şol sebäpli biz oýlanyşykly karara gelip we dostlukly gatnaşyklary ösdürip bilýäris (Gel. çyk. 1:26).
2. Biz Ýehowa bilen nädip dostlaşyp bileris?
2 Ýehowa — iň gowy Dostumyz. Şeýle dostlukly gatnaşyk Hudaýyň bize bolan söýgüsine we biziň Oňa hem-de Ogluna bolan imanymyza esaslanýar. Isa şeýle diýdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa bilen dostlugyny saklan ençeme adamlar hakda gürrüň berilýär. Geliň, häzir olaryň ikisine seredeliň.
«DOSTUM YBRAÝYM»
3, 4. Ybraýym pygamberiň hem-de ysraýyllylaryň Ýehowa bilen dostlugy nämede tapawutlanýardy?
3 Ýehowa ysraýyl halkynyň atasy Ybraýyma «dostum» diýdi (Iş. 41:8). 2 Ýyl ýazgylary 20:7-de hem Ybraýyma Hudaýyň dosty diýilýär. Bu adam Ýaradyjysy bilen nädip dostlaşdy? Onuň berk imany bardy (Gel. çyk. 15:6; Ýakup 2:21—23-nji aýatlary okaň).
4 Gadymy ysraýyl halky-da Ýehowa öz Atasy hem-de Dosty hökmünde ýüzlenip bilýärdi. Gynansak-da, olar Hudaý bilen dostlukly gatnaşyklarynyň gadyryny bilmediler. Näme üçin? Sebäbi olar Ýehowanyň wadalaryna iman etmediler.
5, 6. a) Siz Ýehowa bilen nädip dostlaşdyňyz? b) Biz özümize nähili soraglary bermeli?
5 Ýehowa hakda bilimiň çuňlaşdygyça, Oňa bolan imanyň berkeýär we söýgiň artýar. Siz Hudaýy tanap we Onuň bilen dostlaşyp bolýandygy barada ilkinji gezek eşiden wagtyňyzy ýadyňyza salyň. Siz Adam atanyň gulak asmazlygy sebäpli ähli adamlaryň günäli bolandygyny we şol sebäpli adamzat nesliniň Hudaýdan daşlaşandygyny bilensiňiz (Kol. 1:21). Muňa garamazdan, gökdäki Atamyz biziň aladamyzy edýär. Biz Isanyň töleg gurbanyna iman edenimizde, Hudaý bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimleri ädip başladyk.
6 Biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men Hudaý bilen dostlugymy berkidýärinmi? Dostum Ýehowa bolan söýgim hem-de ynamym gün-günden artýarmy? Oňa has köp bil baglaýarynmy?» Ýehowa bilen dostlugyny saklan adamlaryň ýene biri — Gedegon. Geliň, häzir onuň görkezen ajaýyp göreldesi hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWA PARAHATLYK HUDAÝY
7—9. a) Gedegon bilen nähili täsin waka bolup geçdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme edip bileris?
7 Gedegon kazynyň döwründe ysraýyl halkynyň ýagdaýy agyrdy. Serdarlar kitabynyň 6-njy babyna görä, Ýehowa Opra galasyndaky Gedegonyň ýanyna perişdesini iberýär. Şol wagtlar ysraýyl halkyna midýanlar agalyk edýärdi. Gedegon bugdaýyny elinden aldyrmazlyk üçin, ony gizlinlikde üzüm sykylýan sokuda döwüp durdy. Perişde onuň ýanyna gelip: «Eý, edermen urşujy!» diýende, Gedegon muňa örän geň galýar. Ol perişdeden ysraýyllylary Müsürden azat eden Ýehowanyň näme üçin häzir kömek etmeýändigini soraýar. Perişde Gedegona ýüzlenip, Hudaýyň oňa kömek etjekdigini aýdýar.
8 Gedegon «ysraýyllylary midýanlaryň elinden halas edip» biljekdigine şübhelenýär. Şonda Ýehowa oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýýär (Ser. 6:11—16). Gedegon Hudaý bilen gepleşýändigine göz ýetirmek üçin, Ondan bir alamat görkezmegi haýyş edýär. Hawa, Gedegon Ýehowany hakyky Şahsyýet hasaplaýardy.
9 Şondan soňky bolan waka Gedegonyň imanyny has-da berkidýär. Gedegon Ýehowanyň perişdesi üçin nahar taýýarlaýar; perişde iýmite hasasyny degrende, ol ýanyp kül bolýar. Şonda Gedegon perişdäniň Ýehowanyň wekilidigine düşünýär. Ol gorkudan ýaňa: «Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrýar (Ser. 6:17—22). Bu waka Gedegonyň Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirdimi? Elbetde, ýok! Gaýtam, ol Ýehowanyň parahatlyk Hudaýydygyna göz ýetirdi. Şol sebäpli Gedegon gurbanlyk sypasyny gurup, ony «Ýehowa — parahatlyk Hudaýy» diýip atlandyrdy (Ser. 6:23, 24; TD). Eger biz her gün Ýehowanyň öz halky üçin edýän işleri barada oýlansak, Onuň hakyky Dostumyzdygyna göz ýetireris. Ýehowa näçe köp doga etsek, şonça-da kalbymyzda rahatlyk duýarys we Onuň bilen dostlukly gatnaşygymyz has-da berkär.
ÝEHOWANYŇ «ÇADYRYNDA KIM MESGEN TUTAR?»
10. Ýehowanyň dosty bolmak üçin näme talap edilýär?
10 Ýehowanyň dosty bolmak üçin özüňi mynasyp alyp barmaly. Dawut patyşa Ýehowanyň «çadyrynda mesgen tutmak», ýagny Hudaýyň dosty bolmak üçin näme etmelidigini aýtdy (Zeb. 15:1). Geliň, şol talaplaryň ikisine seredeliň: myjabatdan, ýagny töhmetden gaça durmaly we ähli zatda dogruçyl bolmaly. Dawut Ýehowanyň çadyrynda mesgen tutýan adam barada şeýle diýdi: «Ol dili bilen myjabat ýapýan däldir... ýazyksyza garşy para alýan däldir» (Zeb. 15:3, 5).
11. Töhmet atmakdan näme üçin gaça durmaly?
11 Başga bir mezmurda: «Diliňi ýamanlykdan... sakla» diýilýär (Zeb. 34:13). Eger biz oňa äsgermezlik etsek, gökdäki Atamyz bilen dostlugymyza zyýan ýetireris. Aslynda, töhmet atmak Ýehowanyň ganym duşmany Şeýtana mahsus häsiýetdir. Grek dilinden terjime edilen «Iblis» sözi «töhmetçi» diýmegi aňladýar. Başgalara töhmet atmakdan gaça durmak Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy saklamaga kömek edýär. Esasan-da, ýygnaga gözegçilik edýän doganlara dogry garaýyşda bolmaly (Ýewreýler 13:17; 1 Selanikliler 5:12-ni okaň).
12, 13. a) Biz näme üçin ähli zatda dogruçyl bolmaly? b) Biziň dogruçyllygymyz adamlara nähili täsir edýär?
12 Ýehowanyň gullukçylary öz bähbidini gözlemeýärler; olar dogruçyllygy bilen tapawutlanýarlar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat (dogruçyl, TD) gezmegi isleýändigimizi bilýäris» (Ýew. 13:18). Hawa, biz «her babatda dogruçyl gezmegi» ýüregimize düwdük we imandaşlarymyzdan peýdalanmak islemeýäris. Meselem, eger biz dogan-uýalary işe kabul etsek, olar bilen özümizi dogruçyl alyp barmaly we öňünden şertleşilen möçberde olara aýlyk hakyny wagtynda bermeli. Biz işgärlerimiz we başga adamlar bilen özümizi dogruçyl alyp barýarys. Eger başlygymyz imandaşymyz bolsa, onda ol goşmaça ýeňillikleri bermäge borçludyr öýtmek nädogry bolar.
13 Dogan-uýalarymyz hakda öwgüli sözleri eşitmek örän ýakymly! Meselem, bir uly edaranyň başlygy Ýehowanyň Şaýatlarynyň beren sözünde durýandygyna göz ýetirip: «Siz agzalan şertleri hiç haçan bozmaýarsyňyz» diýdi (Zeb. 15:4). Biz özümizi dogruçyl alyp baryp, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkidýäris we Ony şöhratlandyrýarys.
ADAMLARA ÝEHOWA BILEN DOSTLAŞMAGA KÖMEK EDIŇ
Biz adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris (14, 15-nji abzaslara serediň)
14, 15. Biz adamlara Hudaýyň dosty bolmaga nädip kömek edip bileris?
14 Biz wagyzda Hudaýa iman edýän adamlara köp duş gelýäris. Emma olaryň köpüsi Hudaý bilen dostlaşyp bolýandygyna ynanmaýarlar. Şeýle adamlara nädip kömek etse bolar? Geliň, Isanyň 70 şägirdine görkezme berip, soňra olary iki-ikiden wagyz etmäge iberende, aýdan sözlerine seredeliň: «Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Bu öýe parahatlyk!“ diýiň. Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler» (Luka 10:5, 6). Biz wagyzda adamlar bilen özümizi dostlarça alyp barsak, olary hakykata çekip bileris. Hatda garşylyk görkezenlerinde-de, biziň ýumşak sözlerimiz olara köşeşmäge kömek eder. Mümkin, olar pikirini üýtgedip, indiki sapar diňlärler.
15 Biz ýalan dine uýýan ýa-da Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlara eýerýän adamlara wagyz edenimizde-de, özümizi ýumşak we parahat alyp barmaga çalyşýarys. Biz ýygnak duşuşygyna gelýän adamlary, esasan-da, dünýäniň ýagdaýy sebäpli lapykeç bolanlary mähirli garşylaýarys, çünki olar biziň sežde edýän Hudaýymyz Ýehowa hakda köpräk bilmek isleýärler. Şeýle adamlaryň hakykata gelşi barada «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» atly makalalarda gürrüň berilýär.
IŇ GOWY DOSTUMYZ BILEN IŞLEŞÝÄRIS
16. Biz Ýehowanyň nädip dosty hem-de «işdeşleri» bolup bileris?
16 Adatça, bir işi bile edýän adamlaryň dostlugy berkeýär. Özüni Ýehowa bagyş eden adamlaryň ählisinde hem Hudaýyň dosty, hem Onuň «işdeşi» bolmaga mümkinçiligi bar (1 Korintoslylar 3:9-y okaň). Dogrudan-da, biz wagyz we şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, gökdäki Atamyzyň ajaýyp häsiýetlerine has gowy düşünýäris hem-de mukaddes ruhuň kömegini duýýarys.
17. Kongresler Ýehowanyň Dostumyzdygyny nädip subut edýär?
17 Biz wagza köp gatnaşdygymyzça, Ýehowanyň bu işi goldaýandygyna we duşmanlara ony togtatmaga ýol bermeýändigine göz ýetirýäris. Bu bize Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär. Eýsem, biz Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigini duýmaýarysmy? Ol ýygnak duşuşyklary we edebiýatlar arkaly tälim bermegini dowam edýär. Geçirilýän kongresler hem söýgüli Atamyzyň kynçylyklarymyza we zerurlyklarymyza düşünýändigini görkezýär. Bu babatda bir maşgala minnetdarlyk bildirip, şeýle ýakymly sözleri ýazdy: «Kongres bize güýçli täsir etdi. Biz Ýehowanyň söýgüsini we ruhy taýdan ösmegimizi isleýändigini duýýarys». Germaniýada ýaşaýan bir är-aýal Irlandiýada geçirilen ýörite kongrese gatnaşdylar. Olar mähirli garşylan we aladasyny eden dogan-uýalara minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdiler: «Biz Ýehowa we Patyşamyz Isa Mesihe örän minnetdardyrys. Olar bizi agzybir halkynyň agzasy bolmaga çagyrdylar. Biz bu agzybirligi her gün duýýarys. Siziň bilen bile beýik Hudaýa gulluk etmek uly hormat! Muny bize Dublinde geçirilen ýörite kongres elmydama ýatladyp durar».
DOSTLUKLY GATNAŞYK
18. Biz özümize nähili sorag bermeli?
18 Gowy gürrüňdeşlik dostlugy berkidýär. Şu günler adamlar köp wagtyny Internete we SMS ýazmaga sarp edýärler. Iň gowy Dostumyz Ýehowa sarp edýän wagtymyz barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «dogalary eşidýän» Hudaý diýilýär (Zeb. 65:2). Biz Onuň bilen gepleşmäge näçe wagt sarp edýäris?
19. Ýehowa dogada ýüregiňi dökmäge näme kömek eder?
19 Käbir adamlar Ýehowa doga edende, ýüregini döküp we duýgularyny açyk aýdyp bilmeýärler. Emma Ol biziň hut şeýle etmegimizi isleýär (Zeb. 119:145; Ýer. ag. 3:41). Eger bize duýgularymyzy söz bilen aýtmak kyn bolsa, ruhdan düşmäliň. Pawlus resul Rimdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer; çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Öz aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir» (Rim. 8:26, 27). Biz Mukaddes Ýazgylaryň Eýýup, Zebur we Süleýmanyň tymsallary atly kitaplaryny çuňňur özleşdirsek, dogada ýüregimizi dökmäge kömek eder.
20, 21. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlar bize nädip teselli berýär?
20 Agyr ýagdaýlarda Pawlusyň filipililere ýazan şu sözlerini unutmalyň: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň». Iň gowy Dostumyz bilen açyk gürrüňdeş bolsak, bu bize hakyky teselli we rahatlyk berer, çünki Pawlus şeýle diýdi: «Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Flp. 4:6, 7). Geliň, ýüregimizi we düşünjämizi goraýan «Hudaýyň parahatçylygyny» elmydama gymmat saýalyň.
Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge doga nädip kömek edýär? (21-nji abzasa serediň)
21 Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmekde doga wajyp orun tutýar. Şol sebäpli «dyngysyz doga edeliň» (1 Sel. 5:17). Bu makaladaky maslahatlar bize Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge we Onuň talaplaryny berjaý etmäge kömek eder. Geliň, Atamyz, Hudaýymyz we Dostumyz Ýehowanyň berýän bereketleri barada oýlanmaga wagt sarp edeliň.