Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/5 sah. 28—32
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa has-da ýakynlaşmak
  • Ýehowanyň göreldesine doly eýermek
  • Isa Ýehowanyň Mesh edeni
  • Diňe Isa gutulyş ýoludyr
  • Isa Mesihe gulak asmak tabşyrygy
  • Isa Mesih kim?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Meniň yzyma düş»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Isa pygamber kim?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowanyň sesine gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/5 sah. 28—32

Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?

«Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa... yzyma düşsün» (LUKA 9:23).

1, 2. Isanyň yzyna eýermeginiň sebäbine seretmek näme üçin wajyp?

ÝYGNAKLARDAKY gyzyklanýan adamlary we ýaşlary görüp, Ýehowa örän begenýär! Siz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp we Hudaýyň Sözündäki halas ediji hakykat barada bilim alýan bolsaňyz, onda Isanyň çakylygy hakynda çuňňur oýlanmaly bolar. Ol şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün» (Luka 9:23). Isanyň sözlerine görä, onuň şägirdi bolmak üçin, özüňi inkär etmeli. Şol sebäpli, näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermelidigini bilmek wajyp (Mat. 16:13—16).

2 Isanyň yzyna eýerýänler barada näme diýse bolar? Bize «has köp ilerlemek» maslahat berilýär (1 Sel. 4:1, 2). Biz ýaňy-ýakynda ýa-da birnäçe ýyl öň hakykaty bilsek-de, gündelik durmuşda Isanyň yzyna eýermäge Pawlusyň beren maslahaty kömek eder. Geliň, näme üçin Isanyň yzyna eýermelidiginiň bäş sany sebäbine seredeliň.

Ýehowa has-da ýakynlaşmak

3. Haýsy iki usul bilen Ýehowany tanap bolýar?

3 Pawlus afinylylara ýüzlenip, «mejlisiň ortasynda durup», şeýle diýdi: «Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi; muňa garamazdan, Ol siziň hiç birimizden uzakda däldir» (Res. iş. 17:22, 26, 27). Biz Hudaýy gözlesek, hakykatdan-da, ony tanarys. Meselem, biz Hudaýyň ýaradan zatlaryna syn etsek, onuň häsiýetlerini we ukyplaryny bileris. Ýaradylan zatlar barada çuňňur oýlanyp, Ýaradyjy barada köp zatlary bileris (Rim. 1:20). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa özi barada giňişleýin gürrüň berýär (2 Tim. 3:16, 17). Ýehowanyň eden işleri barada näçe köp oýlansak, şonça-da ony gowy tanarys (Zeb. 77:12).

4. Biz Isa Mesihiň yzyna eýersek, nädip Ýehowa ýakynlaşarys?

4 Ýehowany has gowy tanamagyň iň ajaýyp usuly — Isa Mesihiň yzyna eýermek. «Dünýä döremezden öň» Atasynyň huzurynda Isanyň şöhraty barada oýlanyp görüň! (Ýahýa 17:5). Ol «Hudaýyň ýaradanlarynyň başydy» (Ylh. 3:14). «Ýaradylyşyň ilkinji doglany» Isa gökde Atasy bilen ençeme ýyl ýaşady. Ol gudratygüýçli Hudaý bilen işleşip, onuň bilen aragatnaşygyny berkitdi. Isa diňe bir Atasynyň eden işlerine, duýgularyna, häsiýetlerine syn etmän, eýsem, olaryň ählisini öwrendi. Ol Atasyna şeýle meňzedi welin, hatda Mukaddes Ýazgylarda oňa «Hudaýyň keşbi» diýilýär (Kol. 1:15). Biz Isa doly eýersek, Ýehowa has-da ýakynlaşarys.

Ýehowanyň göreldesine doly eýermek

5. Bize Ýehowanyň göreldesine doly eýermäge näme kömek eder we näme üçin?

5 Biz Hudaýyň «suratyna we meňzeýşine görä» ýaradylandygymyz üçin, onuň häsiýetlerini görkezip bilýäris (Gel. çyk. 1:26). Pawlus resul mesihçilere «Hudaýdan görelde almagy» maslahat berdi (Efes. 5:1). Isa Mesihe eýermek gökdäki Atamyzdan görelde almaga kömek edýär, sebäbi diňe Isa Hudaýyň garaýşyny, duýgusyny we häsiýetini görkezdi; şeýle-de Hudaý barada ähli zady gürrüň berdi. Isa ýerde ýaşan mahaly Ýehowanyň adyny yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol ady göterýäniň Kimdigini tanatdy (Matta 11:27-ni okaň). Isa muny sözde, iş ýüzünde, taglymaty we göreldesi bilen görkezdi.

6. Isanyň taglymaty Ýehowa barada nämäni görkezýär?

6 Isa taglymaty arkaly Hudaýyň bizden näme talap edýändigini we gullukçylaryna nähili garaýandygyny görkezdi (Mat. 22:36—40; Luka 12:6, 7; 15:4—7). Meselem, Isa On tabşyrygyň birini aýdyp — «zyna etme» diýende— zyna etmezden öň ýürekde döreýän duýga Hudaýyň nähili garaýandygyny düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Müs. çyk. 20:14; Mat. 5:27, 28). Isa «goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren» diýip, Musanyň kanunyny nädogry düşündirýän fariseýlere: «Duşmanlaryňyzy söýüň... sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» diýip, Hudaýyň pikirini aýan etdi (Mat. 5:43, 44; Müs. çyk. 23:4; Lew. 19:18). Biz Hudaýyň pikirine, duýgusyna we näme talap edýändigine düşünsek, onuň göreldesine doly eýerip bileris.

7, 8. Biz Isanyň göreldesinden Ýehowa barada näme bilýäris?

7 Isa Atasynyň nähilidigini öz göreldesi bilen hem görkezdi. Biz Injilden Isanyň garyplara we horluk çekýänlere haýpy gelendigi barada, şägirtleri onuň ýanyna çagalary goýbermände, gahary gelendigi hakynda okanymyzda, onuň Atasynda hem şeýle duýgularyň bardygyna düşünýärismi? (Mar. 1:40—42; 10:13, 14; Ýahýa 11:32—35). Isanyň eden işleri Hudaýyň esasy häsiýetlerini bilmäge kömek edýändigi barada oýlanyp görüň. Isanyň görkezen gudratlary Hudaýyň beren uly güýjüni aýan etmeýärmi näme? Emma Isa şol güýji öz bähbidine ýa-da başgalara zyýan ýetirmek üçin ulanmady (Luka 4:1—4). Onuň ybadathanadan açgöz söwdagärleri kowmagy, adalatlylyga bolan duýgusyny görkezýär! (Mar. 11:15—17; Ýahýa 2:13—16). Onuň taglymatlary we diňleýjileriň ýüregine täsir etmek üçin aýdan mähirli sözleri «Süleýmandan-da uly» paýhasynyň bardygyny görkezdi (Mat. 12:42). Isanyň adamlar üçin janyny berip görkezen söýgüsi barada näme diýse bolar? Onuň söýgüsinden «uly söýgi hiç kimde ýokdur» (Ýahýa 15:13).

8 Hudaýyň ogly sözde we iş ýüzünde Ýehowanyň häsiýetini kämillikde görkezip: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9—11-nji aýatlary okaň). Isa Mesihe eýermek — Ýehowanyň göreldesine eýermekdir.

Isa Ýehowanyň Mesh edeni

9. Isa haçan we nädip Hudaýyň Mesh edileni boldy?

9 B. e. 29-njy ýylynyň güýz aýynda, Isa otuz ýaşynda Ýahýa Çokundyryjynyň ýanyna baranda näme bolanyna seredeliň. «Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň gögerçin kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi». Isa şonda Mesih boldy. Ýehowa Isany Mesh edendigini aýan edip, şeýle diýdi: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» (Mat. 3:13—17). Bu bize Isa Mesihe eýermäge, gör, nähili gowy sebäp!

10, 11. a) «Mesih» diýen titul Isanyň ady bilen baglylykda nädip ulanylýar? b) Näme üçin biz hökman Isa Mesihe eýermeli?

10 Mukaddes Ýazgylarda «Mesih» diýen titulyň diňe özi ulanylýar ýa-da Isanyň ady bilen, Isa Mesih, Mesih Isa diýip ulanylýar. Ilkinji gezek «Isa Mesih» diýen tituly, Isanyň özi aýtdy. Ol Atasyna doga edip, şeýle diýdi: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Bu Isany Hudaýyň iberendigini we Mesh edendigini görkezýär. «Mesih Isa» diýip, titul atdan öň gelende, şahsyýetini däl-de, Isanyň tutýan ornuny görkezýär (2 Kor. 4:5). «Mesih» diýen titulyň diňe özi ulanylanda, Isanyň wezipesini nygtaýar (Res. iş. 5:42).

11 Isa bilen bagly «Mesih» titulyny ulanmak wajyp hakykaty aýan edýär: Hudaýyň Ogly ýer ýüzüne ynsan kimin gelip, Atasynyň islegini mälim etse-de, ony diňe bir ynsan we pygamber hökmünde kabul etmeli däl, çünki ol Ýehowa tarapyndan Mesh edilmäge geldi. Biz onuň yzyna hökman eýermeli.

Diňe Isa gutulyş ýoludyr

12. Isanyň Tomas resula aýdan haýsy sözleri bize-de degişli?

12 Isa Mesihiň ölmeziniň öň ýanynda wepaly resullaryna aýdan sözleri onuň yzyna eýermegiň ýene-de bir wajyp sebäbini görkezýär. Tomas Isanyň nirä barýanyny we olara nirede ýer taýýarlajagyny bilmek üçin soranda, Isa şeýle jogap berdi: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:1—6). Isa bu sözleri wepaly on bir resulyna aýdypdy. Isa olara gökde ýer taýýarlamagy wada berse-de, onuň sözleri ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlarada degişli (Ylh. 7:9, 10; 21:1—4). Näme üçin?

13. Isa haýsy manyda «ýol»?

13 Isa Mesih — «ýol». Biz diňe ol arkaly Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris. Bu doga edenimizde degişli, çünki Hudaýyň islegine görä, Isa arkaly näme dilesek alarys (Ýahýa 15:16). Şeýle-de Isa başga manyda hem «ýoldur». Günä adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýar (Iş. 59:2). Isa «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Mat. 20:28). Mukaddes Ýazgylarda: «Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändigi» barada aýdylýar (1 Ýahýa 1:7). Ol Hudaý bilen ýaraşmaga ýol açdy (Rim. 5:8—10). Biz Isa iman edip we gulak asyp, Ýehowa bilen gowy gatnaşykda bolup bileris (Ýahýa 3:36).

14. Haýsy manyda Isa «hakykat» diýilýär?

14 Isanyň hemişe hakykaty aýdandygy we şoňa görä ýaşandygy üçin däl-de, Mesih baradaky ähli pygamberlikleriň onda berjaý bolandygy sebäpli, oňa «hakykat» diýilýär. Pawlus resul: «Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr» diýdi (2 Kor. 1:20). Musanyň kanunda pygamberlik edilen «geljekki oňat zatlaryň» kölegesi Isa Mesihde berjaý boldy (Ýew. 10:1; Kol. 2:17). Ähli pygamberlikler Isa barada aýdýar. Olar Ýehowanyň niýetinde onuň ähmiýetini görkezýär (Ylh. 19:10). Adamlar baradaky Hudaýyň niýeti berjaý bolanda, bize-de peýdaly bolar ýaly, Isa eýermeli.

15. Haýsy manyda Isa «ýaşaýyş»?

15 Isa — «ýaşaýyş»; sebäbi ol adamlar üçin janyny gurban etdi. Ýehowa «Mesih Isada» ebedi ýaşaýyş sowgadyny berer (Rim. 6:23). Isa ölen adamlara-da «ýaşaýyş» berýär (Ýahýa 5:28, 29). Şeýle-de, Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda Baş ruhany hökmünde etjek işleri barada oýlanyp görüň. Şonda ol ýerdäki raýatlaryny günäden we ölümden ebedi azat eder! (Ýew. 9:11, 12, 28).

16. Biz näme üçin Isa eýermeli?

16 Isanyň Tomasa beren jogabynyň bize-de uly ähmiýeti bar. Isa ýol, hakykat we ýaşaýyşdyr. Hudaý dünýäni ol arkaly halas etmek üçin, ony ýere iberipdi (Ýahýa 3:17). Onsuz hiç kim Hudaýa ýakynlaşyp bilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Başga hiç kimde gutulyş ýokdur; biz ol arkaly gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berlen gaýry at ýokdur» (Res. iş. 4:12). Biz öň nämä iman eden bolsak-da, indi Isa Mesihe iman edip, oňa eýersek paýhasly bolar, çünki ol ýaşaýşa eltýär (Ýahýa 20:31).

Isa Mesihe gulak asmak tabşyrygy

17. Hudaýyň Ogluna gulak asmak näme üçin wajyp?

17 Petrus, Ýahýa we Ýakup Isanyň görnüşiniň üýtgändigini gördüler. Şonda olar gökden şeýle sözleri eşitdi: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» (Luka 9:28, 29, 35). Isa Mesihe gulak asmak örän wajyp! (Resullaryň işleri 3:22, 23-nji aýatlary okaň).

18. Biz Isa Mesihe nädip gulak asyp bileris?

18 Isa Mesihe gulak asmak bu nazarymyzy oňa dikmegi hem-de ol hakda çuňňur oýlanmagy aňladýar (Ýew. 12:2, 3). Biz Isa barada Mukaddes Ýazgylardan we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän edebiýatlaryndan okan hem-de ýygnak duşuşyklarynda eşidýän zatlarymyza «has köp üns bermeli» (Ýew. 2:1; Mat. 24:45). Biz Isanyň goýunlary kimin, oňa gulak asmaly we yzyna eýermeli (Ýahýa 10:27).

19. Bize Mesih Isanyň yzyna hemişe eýermäge näme kömek eder?

19 Biz kynçylyklara garamazdan, hemişe Isa Mesihe eýerip bilerismi? Hawa. Biz «imany, Mesih Isa bolan söýgini», bilimi durmuşda ulansak, «sagdyn sözleri... gaýym saklarys» (2 Tim. 1:13).

Siz näme öwrendiňiz?

• Näme üçin Isa Mesihe eýersek, Ýehowa ýakynlaşýarys?

• Näme üçin Isa Mesihe eýermek Ýehowanyň göreldesine eýermegi aňladýar?

• Isa haýsy manyda «ýol, hakykat we ýaşaýyş»?

• Biz näme üçin Ýehowanyň Mesh edenine gulak asmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş