«Meniň yzyma düş»
«Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün» (LUKA 9:23).
1, 2. a) Isa diňleýjilerine nähili çakylyk bilen ýüzlendi? b) Sen Isanyň çakylygyna nähili seslendiň?
ISA gullugynyň ahyrynda, Iordan derýasynyň aňyrsynda Ýahudadan demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Pereýada wagyz edýärdi. Onuň ýanyna bir ýaş ýigit gelip, ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidigini sorady. Isa onuň Musanyň kanunyny ak ýürekden ýerine ýetirýändigini bilip, oňa täsin çakylyk aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Bar nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, meniň yzyma düş» (Mar. 10:21). Göz öňüne getiriň, Gudraty güýçli Hudaýyň ýeke-täk ogly Isa, yzyna eýermäge çagyrýar!
2 Bu ýigit Isanyň çakylygyny kabul etmese-de, beýlekiler kabul etdi. Mundan öň Isa Filipusa: «Meniň yzyma düş!» diýipdi (Ýahýa 1:43). Filipus şeýle-de etdi we soňra resul boldy. Isa şeýle çakylak bilen Matta hem ýüzlenipdi; ol hem kabul etdi (Mat. 9:9; 10:2—4). «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün» diýen Isanyň çakylygy dogrulygy söýýän ähli adamlara degişli (Luka 9:23). Isanyň yzyna hakykatdan düşmek isleýänleriň her biri oňa eýerip biler. Sende şeýle isleg barmy? Isanyň bu çakylygyna biziň köpümiz seslendik. Şeýle-de wagyz gullugynda bu çakylygy başgalara hem ýetirýäris.
3. Biz Isanyň yzyna eýermekden daşlaşmaz ýaly näme etmeli?
3 Ýöne gynansak-da, käbir adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen gyzyklanyp başlasa-da, soňra höwesi gaçýar. Olar gowşap, «daşlaşýar» we Isanyň yzyna eýermeýärler (Ýew. 2:1). Biz bu duzaga düşmez ýaly näme etmeli? Biz şeýle soraglaryň üstünde oýlansak, peýdaly bolar: «Aslynda, men näme üçin Isanyň yzyna eýermek kararyna geldim? Onuň yzyna düşmek nämäni aňladýar?» Bu iki soraga jogap bersek, bize saýlan ýolumyzda galmaga kömek eder. Şeýle-de bize başgalary Isanyň yzyna eýermäge höweslendirmekde ýardam berer.
Näme üçin Isanyň yzyna eýermeli?
4, 5. Näme üçin Isa adamlara hökümdarlyk etmäge mynasyp?
4 Ýeremiýa pygamber şeýle diýdi: «Bilýärin, ýa Reb, ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däldir» (Ýerem. 10:23). Onuň sözleriniň hakykatdygyny taryh subut edýär. Bikämil adamlaryň üstünlikli höküm sürüp bilmeýändigi gün-günden aýdyň bolýar. Biz Isanyň yzyna eýermek çakylygyny kabul etdik, çünki adamlarda bolmadyk Serdara mahsus häsiýetleriniň bardygyny bildik. Hiç kimi Isa bilen deňäp bolmaz. Isanyň adamlaryň üstünden hökümdarlyk etmäge mynasypdygynyň birnäçe sebäplerine seredeliň.
5 Birinjiden, Mesihi Ýolbaşçy hökmünde Isany Ýehowanyň özi saýlady. Şeýle jogapkärli ýumşy kime tabşyrmalydygyny Ýaradyjymyzdan başga kim gowy biler? Ikinjiden, Isada bizi haýran galdyrýan we eýermäge mynasyp häsiýetler bar (Işaýa 11:2, 3-nji aýatlary okaň)a. Ol kämil görelde görkezdi (1 Pet. 2:21). Üçünjiden, Isa yzyna eýerýänleriň ak ýürkeden aladasyny edýär. Muny ol janyny gurban berip subut etdi (Ýahýa 10:14, 15-nji aýatlary okaň). Ol şu günler bizi bagtly edýän we gelejekde ajaýyp ebedi durmuşa eltmek üçin, öz janyny girew berip, alada edýän çopandygyny subut etdi (Ýahýa 10:10, 11; Ylh. 7:16, 17). Biz şu we başga sebäplere görä, onuň yzyna eýermegi ýüregimize düwüp, paýhasly hereket etdik. Isanyň yzyna eýermek nämäni aňladýar?
6. Isanyň yzyna eýermek nämäni aňladýar?
6 Isanyň şägirdi bolmak üçin özüňe hristian diýmek ýeterlikli däldir. Adamlaryň iki milliarda golaýy özlerini hristian hasaplaýar, emma olaryň edýän işleri «betkärdigini» görkezýär (Matta 7:21—23-nji aýatlary okaň). Kimdir biri Isanyň yzyna eýermek çakylygy bilen gyzyklananda, mesihçiler Isanyň taglymmatyna we göreldesine eýerýändigini düşündirýäris. Mesihçiler her gün onuň taglymatyna görä ýaşaýarlar. Bu nämeden görünýär? Isanyň käbir häsiýetlerine seredeliň.
Isa ýaly akyldar boluň
7, 8. a) Akyldarlyk näme we Isanyň akyldarlygy kimdendi? b) Isanyň akyldarlygy nämede aýan boldy we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
7 Isanyň birnäçe ajaýyp häsiýetleri bar, emma biz olaryň dördüsine: akyldarlyk, pesgöwünlilik, yhlas we söýgüsine serederis. Ilki bilen, onuň durmuşda bilimini we düşünjesini ulanyp bilmek ukybyna, ýagny paýhaslygyna seredeliň. Pawlus resul Isada: «Akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalary gizlenendir» diýdi (Kol. 2:2). Isanyň akyldarlygy kimdendi? Bu barada Isa şeýle diýdi: «Men... Atanyň öwredenlerini aýtdym» (Ýahýa 8:28). Onuň akyldarlygy Ýehowadan, şonuň üçin Isanyň akyldar bolandygy geň zat däl.
8 Meselem, Isa ýaşaýyş ýolyny saýlanda akyldarlygyny görkezdi. Ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin ýönekeý ýaşamak kararyna geldi. Ol Hudaýyň Patyşalygy üçin wagtyny we güýjüni paýhasly sarp edýär. Biz «gözüň sag bolmagyna» tagalla edip, güýjümizi we ünsümizi biderek zatlara sarp etmän Isanyň göreldesine eýerýäris (Mat. 6:22). Mesihçileriň köpüsi wagyz gullugyna köp wagt sarp etmek üçin ýaşaýşyny ýönekeýleşdirdiler. Olaryň käbiri pioner bolup gulluk edip başladylar. Eger sen hem şeýle gulluk edýän bolsaň, onda öwgä mynasypsyň. «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny» agtarsak, uly kanagatlanma tapyp, bagtly bolarys (Mat. 6:33).
Isa ýaly pesgöwünli boluň
9, 10. Isa pesgöwünliligini nädip görkezdi?
9 Geliň, Isanyň ikinji bir häsiýetine, ýagny pesgöwünliligine seredeliň. Bikämil adamlara hökümdarlyk ygtyýary berlende, köpleç, olar ulumsylyk edýär. Isa olardan, gör, nähili tapawutlanýar! Ýehowanyň niýetinde Isanyň uly ähmiýeti bolsa-da, hiç bir ulumsylyk etmedi. Biz onuň göreldesine eýermeli. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi» (Flp. 2:5—7). Bu nämäni aňladýar?
10 Isa gökde Atasy bilen ýaşamak uly hormata mynasyp bolsa-da, «özüni hiç etmäge» taýyndy. Isanyň jany ýehudy gyzyň göwresine geçirildi we dokuz aýdan soň, ejizje bäbek bolup, ýönekeý agaç ussasy Ýusubyň maşgalasynda dünýä indi. Ol ýöremegi öwrendi, önüp-ösüp, ýetginjeklik ýaşyna ýetdi. Isa günäsizdi. Muňa garamazdan, ol bikämil günäli ata-enesine ýaşlyk ýyllarynda tabyn boldy (Luka 2:51, 52). Gör, nähili ajaýyp pesgöwünligiň göreldesi!
11. Biz pesgöwünlilikde Isanyň göreldesine nädip eýerýäris?
11 Biz hormatsyz hasaplanylýan işi ýerine ýetirmek bilen, Isanyň pesgöwünligine eýerýäris. Meselem, hoş habary wagyz etmek işine seredeliň. Aýratynam, wagyzda adamlar üstüňden gülüp, sowuk-sala ýa-da duşmançylykly garanynda, bu iş abraýsyz görünmegi mümkin. Emma biz hoş habary gaýduwsyzlyk bilen wagyz edip, adamlara Isanyň yzyma düşüň diýen çakylygyna seslenmäge kömek edýäris. Şeýtmek bilen, biz adamlaryň halas bolmagyna ýardam berýäris (2 Timoteos 4:1—5-nji aýatlary okaň). Ýene-de bir mysala, Patyşalyk zalyny arassalamak işine seredeliň. Muňa zir-zibili aýyrmak, poly ýuwmak we hajathanalary arassalamak ýaly hormat hasaplanmaýan işler degişli. Biz ýaşaýan ýerimizdäki hakyky seždäniň merkezi bolan Patyşalyk zalyny arassalamak, mukaddes gullugymyzyň bir bölegidigine düşünýäris. Bu işi höwes bilen ýerine ýetirip, biz pesgöwünligimizi görkezýäris, şeýdip, Isanyň yzyna eýerýäris.
Isa ýaly yhlasly boluň
12, 13. a) Isa nädip yhlasly wagyz edýärdi we ony yhlasly bolmaga näme höweslendirdi? b) Wagyzda yhlasly bolmaga bizi näme höweslendirmeli?
12 Geliň, indi Isanyň yhlasly wagyz edişine seredeliň. Isa ýer ýüzünde köp zähmet çekdi. Ol ýaşka agaç ussasy bolup, atalygy Ýusup bilen işlän bolmaly. Isa wagyz edende keselleri bejerip, ölüleri direldip, gudrat görkezdi. Emma onuň esasy işi hoş habary wagyz edip, höwes bilen diňleýän adamlara öwretmekdi (Matta 4:23). Bize-de onuň şägirtleri hökmünde şeýle işi ýerine ýetirmek tabşyryldy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Bizde Isanyňky ýaly niýetler bolmaly.
13 Esasanam, Isa Hudaýy söýýändigi üçin wagyz edip, adamlara öwredýärdi. Şeýle-de öwredýän hakykatyny gowy görýärdi. Hakykat onuň üçin gymmat hazynady we ony adamlar bilen paýlaşmak isleýärdi. Mugallymlar hökmünde bizde hem şeýle duýgular bar. Mukaddes Ýazgylardan bilen gymmatly hakykat barada oýlanyp görüň! Biz hökümdarlyk baradaky jedelli meseläni we onuň nähili çözüljegini bilýäris. Biz ölen adamlaryň ýagdaýy we Hudaýyň täze dünýäsinde aljak bereketlerimiz barada Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilýäris. Biz hakykaty mundan birnäçe ýyl öň ýa-da ýaňy-ýakynda bilsek-de, onuň hiç haçan gadyr-gymmaty gaçmaýar (Matta 13:52-ni okaň). Biz hoş habary yhlasly wagyz edip, Ýehowadan öwrenen söýgimizi adamlara ýetirýäris.
14. Isanyň öwretmek ukybyna biz nädip eýerip bileris?
14 Şeýle-de Isanyň nädip öwredenine üns bereliň. Ol hemişe diňleýjileriň ünsüni Mukaddes Ýazgylara gönükdirýärdi. Ol köplenç esasy pikirleri: «Ýazylgydyr» diýip, nygtap geçýärdi (Mat. 4:4; 21:13). Ol Töwrat, Zebur we Pygamberler kitaplaryndan aýatlary getirýärdi ýa-da öz sözi bilen aýdýardy. Biz hem Isanyň göreldesine eýerip, wagyzda hemişe Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, her bir mümkinçilikden peýdalanýarys we adamlaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara gönükdirýäris. Şeýle etmek bilen, biz öz pikirimizi däl-de, Hudaýyň pikirini öwredýändigimize ak ýürekli adamlaryň göz ýetirmegine kömek edýäris. Kimdir biri Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okamaga we Hudaýyň Sözüniň gymmaty hem ähmiýeti barada pikir alyşmaga razylaşanda, biz örän begenýäris! Haçan-da bir adam Isanyň yzyna eýermek çakylygyny kabul edende, biziň şatlygymyzyň çägi ýok.
Isa eýermek başgalary söýmekdir
15. Isa haýsy häsiýeti bilen tapawutlanýardy we ol häsiýet barada oýlansak, bize nähili täsir eder?
15 Biziň seretjek ýene bir häsiýetimiz, Isanyň adamlara bolan söýgüsi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär» (2 Kor. 5:14). Biz Isanyň adamlara we bize aýratynlykda görkezen söýgüsi barada oýlansak, ýüregimize täsir edip, Isanyň göreldesine eýermäge höweslendirer.
16, 17. Isa adamlara bolan söýgüsini nädip görkezdi?
16 Isa adamlara bolan söýgüsini nädip görkezdi? Ol adamlar üçin janyny gurban berdi (Ýahýa 15:13). Şeýle-de ol söýgüsini başga usul bilen hem görkezdi. Mysal üçin, ol ejir çekýänlere duýgudaşlyk bildirdi. Lazar ölende Merýemiň we dogan-garyndaşlarynyň aglaýanyny görüp, gaty gynandy. Isa Lazary direldip boljagyny bilse-de, «aglady» (Ýahýa 11:32—35).
17 Isanyň gulluk edip başlan döwri bir heýwere keselli adam onuň ýanyna gelip: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýdi. Isa näme etdi? «Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, oňa elini degirdi. Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy». Musanyň kanuny boýunça heýwere keselli adam arassa hasaplanmaýardy. Elbetde, Isa oňa elini degirmänem sagaldyp bilerdi. Emma ol şeýtmek bilen, köp ýylyň içinde birinji gezek başga adamyň eliniň degirmegini duýmaga mümkinçilik berdi. Bu duýgudaşlygyň nähili ajaýyp usuly! (Mar. 1:40—42).
18. Biz nädip «dertdeş» bolup bileris?
18 Biz Isanyň şägirtleri hökmünde «dertdeş» bolup, söýgimizi bildirmäge çalyşmaly (1 Pet. 3:8). Bize ötüşen keselli ýa-da göwnüçökgün imandaşymyzyň ýagdaýyna düşünmek kyn bolýar, esasanam, şeýle ýagdaýy başdan geçirmesek. Isa hiç haçan kesellemedik bolsa-da, keselli adamlara duýgudaşlyk bildirýärdi. Şeýle duýgudaşlygy biz nädip görkezip bileris? Keselli adam derdini aýdanda, ony ünsli diňlemek wajypdyr. Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Eger-de men şeýle ýagdaýa düşsem, özümi nähili duýardym?» Biz başgalaryň duýgusyny duýmagy başarsak, göwnüçökgünlere has gowy «göwünlik berip» bileris (1 Sel. 5:14). Şeýtmek bilen, biz Isanyň yzyna eýereris.
19. Isanyň göreldesi bize nähili täsir edýär?
19 Isanyň aýdan sözlerini we eden işlerini öwrenmek, örän gyzykly! Isa barada näçe köp bilsek, bize onuň göreldesine eýermek we beýlekilere-de şeýle etmäge kömek bermek islegi artar. Geliň, Isa Patyşa häzir we ebedi şatlykly eýereliň!
a Işaýa 11:2 Onda Ýehowanyň ruhy, akyldarlyk hem düşünje ruhy, nesihat hem kuwwat ruhy, bilim hem Ýehowadan gorky ruhy bolar. 3 Ol Ýehowadan gorkup, şatlyk tapar. Ol diňe gözüniň görenine görä höküm etmez we diňe gulagynyň eşidenine görä käýemez.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Biz akyldarlygy nädip Isa ýaly görkezip bileris?
• Biz pesgöwünligimizi nädip görkezip bileris?
• Wagza bolan yhlasymyzy artdyrmaga bize näme kömek edýär?
• Biz Isanyň adamlara söýgüsini bildirmeginden nädip görelde alyp bileris?
[5-nji sahypadaky çarçuwa/surat]
ISA MESIHE EÝERMÄGE KÖMEK EDÝÄN KITAP
2007-nji ýylyň welaýat kongresinde 192 sahypaly «Gel, meniň yzyma düş» atly kitabyň (rusça) çykandygy yglan edildi. Bu edebiýat mesihçileriň ünsüni Isa, aýratynam onuň häsiýetlerine we eden işlerine gönükdirýär. Iki giriş bapdan soň, birinji bölümde Isanyň pesgöwünlik, mertlik, paýhaslylyk, gulak asmak we çydamlylyk ýaly esasy häsiýetlerine seredilýär.
Birinji bölümden soňky bölümlerde Isanyň mugallym we hoş habaryň wagyzçysy hökmünde eden işleri hem-de uly söýgüsini nädip görkezendigi beýan edilýär. Kitapdaky maglumat mesihçilere Isa Mesihiň göreldesine eýermäge kömek edýär.
Biz bu edebiýatyň ähli mesihçileriň özüne şeýle soraglary bermäge höweslendirjekdigine ynanýarys. «Men, hakykatdan-da, Isanyň göreldesine eýerýärinmi? Men onuň göreldesine has gowy nädip eýerip bilerin?» Şeýle-de bu kitap «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň barysyna» Isanyň yzyna düşmäge kömek eder (Res. iş. 13:48).