Ýehowanyň öýüne yhlasly boluň!
«Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» (ÝAHÝA 2:17).
1, 2. B. e. 30-njy ýylynda Isa ybadathanada näme etdi we näme üçin?
BIZIŇ eramyzyň 30-njy ýylynyň Pasha baýramy ýetip gelýär. Isanyň wagyz edip başlanyna alty aý boldy. Ol häzir Iýerusalime barýar. Isa ol ýerdäki ybadathanada «sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary görýär». Ýüpden bir dürre örüp, ähli mallary we söwdagärleri ybadathanadan kowýar. Pul çalyşýanlaryň pullaryny döküp, öňlerindäki tekjelerini ýykýar. Kepderi satýanlara kepderilerini äkitmegi buýurýar (Ýahýa 2:13—16).
2 Şeýdip, Isa ybadathananyň aladasyny edýändigini görkezdi. Ol: «Atamyň öýüni bir dükana öwürmäň» diýdi. Isanyň şägirtleri muny görüp, ýüzlerçe ýyl mundan öň mezmurçy Dawudyň: «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» diýen sözlerini ýatladylar (Ýahýa 2:16, 17; Zeb. 69:9).
3. a) Yhlas näme? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?
3 Hudaýyň öýüne bolan yhlasy we aladasy Isany aýgytly hereket etmäge höweslendirdi. Yhlas bu bir zada bolan janypkeşlik, höwes we akýürekli garaýyş. XXI asyrda ýedi milliondan gowrak mesihçiler Hudaýyň öýüne bolan yhlasyny görkezýärler. Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Men Ýehowanyň öýüne bolan yhlasymy nädip artdyryp bilerin? Bu soraga jogap bermek üçin, ilki bilen, şu günler Hudaýyň öýüniň näme aňladýandygyny bileliň. Soňra Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň öýüne bolan yhlasyny görkezen wepaly adamlaryň mysallaryna seredeliň. Olaryň mysaly bize «taglym üçin» ýazylyp, yhlasymyzy artdyrmaga kömek eder (Rim. 15:4).
Hudaýyň öýi — gadymy döwürde we şu günlerde
4. Süleýman ybadathanany näme üçin gurdy?
4 Gadymy Ysraýylda ybadathana Iýerusalimde ýerleşip, oňa Hudaýyň öýi diýilýärdi. Ýehowa, göni manyda, ol ýerde ýaşamaýardy. Ol şeýle diýýär: «Gök meniň tagtym, ýer aýaklarymyň basgançagydyr. Siz meniň üçin nähili öý gurup bilersiňiz we men onuň niresinde ýaşaýyn?» (Iş. 66:1). Muňa garamazdan, Süleýmanyň döwründe gurlan ybadathana Ýehowanyň gullukçylarynyň Hudaýa doga edip, sežde edýän ýeridi (1 Pat. 8:27—30).
5. Süleýmanyň ybadathanasy şu günler nämäni aňladýar?
5 Şu günler Ýehowanyň öýi Iýerusalimde ýa-da başga bir ýerde gurlan jaýy aňlatmaýar. Biz Isanyň töleg gurbanynyň esasynda Hudaýa ýakynlaşyp, sejde edip bilýäris. Şol ruhy ybadathanada Hudaýyň ýerdäki gullukçylarynyň ählisi agzybirlikde Ýehowa sežde edýärler (Iş. 60:4, 8, 13; Res. iş. 17:24; Ýew. 8:5; 9:24).
6. Ýahudanyň patyşalaryndan kimler hakyky seždä bolan yhlasyny erjellik bilen görkezdi?
6 B. e. öň 997-nji ýylda Ysraýyl iki patyşalyga bölünýär. Günorta Ýahudada hökümdarlyk eden 19 patyşanyň dördüsi hakyky sejdä bolan yhlasyny erjellik bilen görkezdi. Olar Asa, Ýehoşafat, Hizkiýa we Ýoşiýady. Biz olaryň göreldesinden nähili sapak edinip bileris?
Akýürekden gulluk etmek bereket berýär
7, 8. a) Ýehowa nähili gulluk edenimizde bereket berýär? b) Asa patyşanyň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?
7 Asa patyşanyň hökümdarlyk eden döwründe, Ýehowa halkyny dogry ýola ugrukdyrmak üçin, pygamberlerini iberýär. Mukaddes Ýazgylarda Asa patyşanyň Odediň ogly Azariýa pygambere gulak asandygy aýdylýar (2 Taryhlar 15:8-i okaň)a. Asa patyşanyň eden özgertmesine ähli ýehudylar we Ysraýyldan Iýerusalime gelen adamlaryň köpüsi goşuldy. Olaryň ählisi Ýehowa wepaly sežde etmegi wada berdi. Biz şeýle okaýarys: «Olar surnaý sesi bilen şatlykly kasam etdiler. Ýahudanyň ähli ýaşaýjylary edilen kasama begendiler, sebäbi ýürekden kasam edip, bütin jany bilen Hudaýy gözlediler. Ýehowa özüni tapdyrdy we olara parahatlyk berdi» (2 Tar. 15:9—15). Biz Ýehowa ak ýürekden gulluk etsek, bereket berer (Mar. 12:30).
8 Gynansak-da, soňra Asanyň Hanani pygamberiň beren maslahatyna gahary geldi (2 Tar. 16:7—10). Ýehowa ýaşulular arkaly maslahat berende, biz nähili gararys? Biz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berlen maslahaty kabul edýärismi ýa-da öýkeleýäris?
9. Ýehoşafata we ýehudylara nähili howp abandy we olar näme etdi?
9 B. e. öň X asyrda Ýahudada Ýehoşafat hökümdarlyk edýär. Şol döwürde Ammon, Moab, Seir dagynyň halklarynyň goşuny birleşip, Ýehoşafata we ähli ýehudylara howp salýar. Patyşa gorksa-da, näme etdi? Ol we onuň halky aýaly hem çagalary bilen doga etmek üçin, Ýehowanyň öýünde ýygnanyşdylar (2 Taryhlar 20:3, 4-nji aýatlary okaň)b. Ybadathana Hudaýa bagyş edilende, Süleýmanyň aýdan sözlerine laýyklykda, Ýehoşafat şeýle doga etdi: «Eý Hudaýymyz, olara höküm etmermisiň? Sebäbi üstümize gelýän köp adamlara biziň garşy durmaga güýjümiz ýok. Biz näme etjegimizi bilmeýäris, emma gözümizi saňa dikdik» (2 Tar. 20:12, 13). Ýehoşafat doga edip bolansoň, «ýygnagyň arasynda bolan» lewili Ýahaziýele Ýehowanyň ruhy inip, teselli beriji sözleri aýtdy we halky ruhlandyrdy (2 Taryhlar 20:15-i okaň)c.
10. a) Ýehoşofat bilen ýehudylara nädip görkezme berildi? b) Biz şu günler Ýehowanyň görkezmesini gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
10 Şol wagt Ýehoşofata we ýehudylara Ýehowa Ýahaziýel arkaly görkezme berdi. Şu günler «sadyk hem akylly hyzmatkär» bize teselli we görkezme berýär. Elbetde, biz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» görkezmesine eýerýän we gözegçilik etmek üçin agyr zähmet çekýän ýaşulular bilen işleşip, olary sylamaly (Mat. 24:45; 1 Sel. 5:12, 13).
11, 12. Ýehoşafat we ýehudylaryň mysalyndan biz nähili sapak edinip bileris?
11 Ýehoşafatyň halk bilen bile Ýehowanyň görkezmesini gözleýşi ýaly, biz hem dogan-uýalar bilen yzygiderli duşuşmak üçin, ýygnaga baralyň. Biz kyn ýagdaýa düşenimizde, käte näme etjegimizi bilmeýäris, şonda Ýehoşafat bilen ýehudylaryň ajaýyp göreldesine eýerip, Ýehowa bil baglap, doga etmeli (Sül. tym. 3:5, 6; Flp. 4:6, 7). Hatda ýanymyzda ruhy dogan-uýalar bolmasa-da, Ýehowa edýän dogamyz «dünýädäki doganlarymyz» bilen jebisleşdirýär (1 Pet. 5:9).
12 Ýehoşafat bilen halk Ýahaziýel arkaly Hudaýyň beren görkezmesine eýerdiler. Netijede näme boldy? Olar ýeňiş gazanyp, Iýerusalime «kirişli saz gurallary, arfa we surnaý bilen Ýehowanyň öýüne» şatlykly geldiler (2 Tar. 20:27, 28). Biz-de Ýehowanyň dürli ýol bilen berýän görkezmesine hormat goýup, agzybirlikde Hudaýy şöhratlandyrýarys.
Duşuşyk ýerimizi arassa saklalyň
13. Hizkiýa hökümdarlyk edip başlanda näme etdi?
13 Hizkiýa hökümdarlyk edip başlan badyna Ýehowanyň öýüne bolan yhlasyny görkezdi. Ol ybadathanany açmak üçin bejeriş işlerine başlady. Ol Hudaýyň öýüni arassalamak üçin, ruhanylary we lewileri belledi. Olar ybadathanany on alty günüň içinde arassalady (2 Taryhlar 29:16—18). Bu bize ýygnanyşýan ýerimizi bejermegi we arassalamagy ýatladýar. Biz bu işlerde Ýehowa gulluk etmäge bolan yhlasymyzy görkezip bileris. Siz şeýle işlerde gatnaşan dogan-uýalaryň görkezen yhlasynyň adamlara täsir edendigi barada eşidipdiňizmi? Hawa, olaryň yhlasy Ýehowany şöhratlandyrýar.
14, 15. Şu günler haýsy iş Ýehowany şöhratlandyrýar? Mysal getiriň.
14 Angliýanyň demirgazyk şäherleriniň birinde ýaşaýan bir adam öýüniň gapdalynda Patyşalyk zalynyň ýerleşýändigine gahary gelýärdi. Doganlar oňa hoşniýetli garadylar. Doganlar onuň howlusy bilen Patyşalyk zalynyň arasyndaky diwary abatlamalydygyny görüp, ony mugtuna bejerip bermegi teklip etdiler. Doganlar yhlasly zähmet çekip, diwaryň köp bölegini täzeden dikeltdiler. Şeýlelikde, onuň Güwäçilere bolan nädogry garaýşy üýtgedi. Indi, ol Patyşalyk zalynyň howlusyna gözegçilik etmäge kömek edýär.
15 Ýehowanyň halky bütin dünýäde gurluşyk işlerini alyp barýar. Ýerli dogan-uýalar halkara taslamanyň doly wagtly gullukçylaryna diňe bir Patyşalyk zallaryny däl, eýsem, Kongres zallaryny we Beýtelleri gurmaga meýletinlik bilen kömek edýär. Doganymyz Sem ýylydyjy we howa çalyşýan desgalary, kondisionerleri bejerýän hünärmen. Ol aýaly Rut bilen Ýewropanyň we Afrikanyň käbir ýurtlarynda gurluşyk işlerine kömek berdi. Şeýle-de olar ýerli ýygnaklaryň wagyzçylary bilen wagyz etdiler. Sem halkara taslama ganaşmaga näme höweslendirendigini şeýle gürrüň berýär: «Biziň ýurdumyzda we daşary ýurtdaky Beýtelde gulluk edýän doganlaryň göreldesi meni ruhlandyrdy. Hudaýa şeýle gulluk etmäge meni olaryň yhlasy we şatlygy höweslendirdi».
Hudaýyň görkezmesine tabyn boluň
16, 17. Hudaýyň halky nähili işe yhlasly gatnaşýar we netijesi nähili bolýar?
16 Hizkiýa diňe bir ybadathanany bejermän, eýsem, Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etdi, ýagny her ýyl Pasha baýramyny geçirdi (2 Taryhlar 30:1-i okaň)d. Hizkiýa we Iýerusalimiň ýaşaýjylary ähli halky, hatda demirgazyk patyşalygynyň ýaşaýjylaryny çagyrdy. Çaparlar çakylyk haty bilen ähli ýere iberildi (2 Tar. 30:6—9).
17 Biz hem soňky ýyllarda şeýle işe gatnaşýarys. Biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlara owadan çakylygy ýaýradyp, Isanyň Ýatlama agşamyna çagyrýarys. Şeýdip, onuň tabşyrygyny berjaý edýäris (Luka 22:19, 20). Wagyz duşuşygynda görkezme alyp, biz bu işe yhlasly gatnaşýarys. Muňa Ýehowa ak pata berýär! Geçen ýyl biz ýedi milliona golaý çakylyk ýaýratdyk we Ýatlama agşamyna, jemi 17 million 790 müň 631 adam geldi!
18. Näme üçin her birimiz hakyky seždä yhlasly bolmaly?
18 Hizkiýa barada şeýle diýilýär: «Ol Ysraýylyň Hudaýyna Ýehowa bil baglady, ondan öň we soň Ýahuda patyşalaryň arasynda şeýle patyşa ýokdy. Ol Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny berjaý etdi we Ýehowa ýakynlaşyp, onuň yzyna eýerdi (4 Pat. 18:5, 6). Geliň, biz hem onuň göreldesine eýereliň. Hudaýyň öýüne bolan yhlasymyz, bize ebedi ýaşaýşa umyt berip, «Ýehowa ýakynlaşmaga» kömek eder (Kanun. 30:16).
Görkezmä derrew eýeriň
19. Ýatlama agşamynyň öň ýanynda dogan-uýalar nädip yhlasyny görkezýärler?
19 Ýoşiýa hökümdarlyk eden döwründe, Pasha baýramyny bellemek üçin uly taýýarlyk görýärdi (4 Pat. 23:21—23; 2 Tar. 35:1—19). Biz hem welaýat, etrap we bir günlük ýörite geçirilýän kongreslere hem-de Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmek üçin tagalla edýäris. Käbir ýurtlarda doganlar Isanyň ölen gününi bellemek üçin janyny howp astyna salýarlar. Ýaşulular ýygnakda hiç kim idegsiz galmaz ýaly, yhlas bilen olaryň aladasyny edýär. Gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalara baýramçylyga gatnaşar ýaly kömek berilýär.
20. a) Ýoşiýanyň hökümdarlyk eden döwründe nähili waka boldy we ol näme etdi? b) Biz nämäni hiç haçan unutmaly däl?
20 Ýoşiýa patyşa Hudaýyň öýünde bejeriş işini geçiren wagty baş ruhany Hilkiýa «Ýehowanyň Musa arkaly beren Kanun kitabyny tapýar». Ol kitaby patyşanyň kätibi Şafana gowşurýar, ol hem Ýoşiýa okap berýär (2 Taryhlar 34:18-i okaň)e. Ol patyşa nähili täsir etdi? Patyşa gynanyp, hatda eşigini ýyrtýar we Ýehowanyň islegini bilmek üçin adam iberýär. Hudaý pygamber aýal Hulda arkaly Ýahudada ýaýran käbir dini däpleri ýazgarýandygyny habar berýär. Ýöne Ýehowa Ýoşiýanyň butparazlygy ýok etmek üçin eden tagallasyny görýär. Bütin halkyň betbagtçylyga uçrajagy öňünden aýdylsa-da, Ýoşiýa Ýehowanyň merhemetini gazanýar (2 Tar. 34:19—28). Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Ýoşiýa patyşa ýaly, biz hem derrew Ýehowanyň görkezmesine eýermeli. Hudaýa gulluk edenimizde imandan dänmeklige we wepasyzlyga ýol bersek, nämä eltjegini görkezýän mysaly hiç haçan unutmaly däl. Biz Ýoşiýanyňky ýaly hakyky seždä bolan yhlasymyzy Ýehowanyň makullajakdygyna ynanyp bileris.
21, 22. a) Biz näme üçin Ýehowanyň öýüne bolan yhlasymyzy görkezmeli? b) Biz indiki makalada näme serederis?
21 Ýahudanyň dört patyşasy Asa, Ýehoşafat, Hizkiýa hem Ýoşiýa Hudaýyň öýüne yhlasly bolup we oňa yhlasly gulluk edip, bize ajaýyp görelde galdyrdy. Yhlas bizi Ýehowa bil baglamaga we oňa erjellik bilen sežde etmäge höweslendirmeli. Biz Hudaýyň görkezmesine tabyn bolup, ýygnagyň we ýaşulularyň edýän mähirli aladasyny, düzedişini kabul etsek, paýhasly we bagtly bolarys.
22 Biz indiki makalada yhlasly wagyz edilişine serederis. Ol makala ýaşlary söýgüden doly Atamyza yhlasly gulluk etmäge höweslendirer. Şeýle-de bizi azdyrjak bolýan Şeýtanyň täsirinden nädip gaçyp bolýandygyna serederis. Biz Ýehowanyň şeýle ýatlatmalarynyň ählisine yhlasly eýerip, onuň ogly Isadan görelde alarys. Ol barada: «Seniň öýüňe yhlaslylyk meni iýdi» diýilýär (Zeb. 69:9; 119:111, 129; 1 Pet. 2:21).
a 2 Taryhlar 15:8 Asa bu sözleri we pygamber Odediň pygamberligini eşidip, ruhlandy hem-de bütin Ýahuda hem Benýaminiň, Ýefraimiň daglyk ýerindäki basyp alan ähli şäherleriniň nejisliklerini ýok etdi. Ýehowanyň ybadathanasynyň öňündäki gurbanlyk berilýän ýeri dikeltdi.
b 2 Taryhlar 20:3 Ýehoşafat gorkdy; Ýehowany agtarmaga başlady we bütin Ýahuda oraza tutmagy yglan etdi. 4 Ýahudanyň ähli ýaşaýjylary Ýehowadan kömek soramak üçin ýygnanyşdylar. Ýahudanyň bütin şäherlerinden-de, Ýehowadan maslahat soramaga geldiler.
c 2 Taryhlar 20:15 Ol şeýle diýdi: «Diňläň, bütin Ýahuda halky, Iýerusalimiň ýaşaýjylary we Ýehoşafat patyşa! Ine, Ýehowa size şeýle diýýär: «Bu uly märekeden gorkmaň we hopukmaň, çünki bu söweş siziňki däl, Hudaýyňkydyr».
d 2 Taryhlar 30:1 Hizkiýa Efraýym we Manasse taýpalaryna hat ýazyp, bütin Ýahuda hem Ysraýyla çapar ýollady. Olary Iýerusalime Ýehowanyň öýüne gelip, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bagyş edilen Pasha baýramyny bellemäge çagyrdy.
e 2 Taryhlar 34:18 Soňra kätip Şefan patyşa: «Ruhany Hilkiýa maňa kitap berdi» diýip, ony patyşanyň öňünde okamaga başlady.
Ýadyňyzdamy?
• Ýehowa nähili gulluk edenimizde bereket berýär we näme üçin?
• Biz Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
• Yhlas Hudaýyň görkezmesine tabyn bolmaga nädip höweslendirip biler?