Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 26
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Ýermeýa haýbat atýarlar (1—15)

      • Ýermeýa halas bolýar (16—19)

        • Mikaýyň pygamberligi (18)

      • Uryýah pygamber (20—24)

Ýermeýa 26:1

Parallel aýatlar

  • +2Pa 23:34; 2Tr 36:4; Ýer 25:1; 35:1; 36:1

Ýermeýa 26:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: tagzym.

Ýermeýa 26:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Parallel aýatlar

  • +Işa 55:7; Ýer 18:7, 8; 36:3; Hyz 18:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 86

Ýermeýa 26:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: görkezmäme eýermeseňiz.

Ýermeýa 26:5

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:13, 14; Ýer 7:12—14; 25:3

Ýermeýa 26:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 78:60
  • +Ýer 24:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    4/2017, sah. 7

Ýermeýa 26:7

Parallel aýatlar

  • +Ýer 26:2

Ýermeýa 26:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 36:10

Ýermeýa 26:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 18:19, 20
  • +Ýer 38:4

Ýermeýa 26:12

Parallel aýatlar

  • +Ýer 1:17

Ýermeýa 26:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 7:3; 36:3; Hyz 18:32; Ýun 3:9

Ýermeýa 26:18

Parallel aýatlar

  • +2Tr 29:1
  • +Mik 1:1
  • +Zb 79:1; Ýer 9:11
  • +Mik 3:12

Ýermeýa 26:19

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ýüzüni ýumşatjak bolmadymy?

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 32:26

Ýermeýa 26:20

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:20, 60; 18:11, 14; 1Şm 7:2

Ýermeýa 26:21

Parallel aýatlar

  • +2Pa 23:34; 2Tr 36:5
  • +2Tr 16:10

Ýermeýa 26:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 36:11, 12

Ýermeýa 26:23

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:30

Ýermeýa 26:24

Parallel aýatlar

  • +2Pa 22:10
  • +2Pa 22:12, 13; Ýer 39:13, 14; 40:5
  • +1Pa 18:4

Umumy salgylar

Ýer. 26:12Pa 23:34; 2Tr 36:4; Ýer 25:1; 35:1; 36:1
Ýer. 26:3Işa 55:7; Ýer 18:7, 8; 36:3; Hyz 18:27
Ýer. 26:52Pa 17:13, 14; Ýer 7:12—14; 25:3
Ýer. 26:6Zb 78:60
Ýer. 26:6Ýer 24:9
Ýer. 26:7Ýer 26:2
Ýer. 26:10Ýer 36:10
Ýer. 26:11Ýer 18:19, 20
Ýer. 26:11Ýer 38:4
Ýer. 26:12Ýer 1:17
Ýer. 26:13Ýer 7:3; 36:3; Hyz 18:32; Ýun 3:9
Ýer. 26:182Tr 29:1
Ýer. 26:18Mik 1:1
Ýer. 26:18Zb 79:1; Ýer 9:11
Ýer. 26:18Mik 3:12
Ýer. 26:192Tr 32:26
Ýer. 26:20Ýuş 15:20, 60; 18:11, 14; 1Şm 7:2
Ýer. 26:212Pa 23:34; 2Tr 36:5
Ýer. 26:212Tr 16:10
Ýer. 26:22Ýer 36:11, 12
Ýer. 26:23Ýer 2:30
Ýer. 26:242Pa 22:10
Ýer. 26:242Pa 22:12, 13; Ýer 39:13, 14; 40:5
Ýer. 26:241Pa 18:4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 26:1—24

Ýermeýa

26 Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ patyşalygynyň başynda Ýehowadan maňa habar geldi: 2 «Ýehowa aýdýar: „Ýehowanyň öýüniň howlusynda dur, Ýahudanyň şäherlerinden Ýehowanyň öýüne sežde* etmäge gelýän ähli adamlara saňa tabşyran sözlerimiň hemmesini, ýekejesini⁠-⁠de gaçyrman aýt. 3 Belki⁠-⁠de, olar gulak asyp, zalym ýolundan dönerler. Men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň eden zalym işleri üçin başlaryna betbagtçylyk indermerin+. 4 Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eger maňa gulak asmasaňyz, kanunlarymy berjaý etmeseňiz*, 5 gaýta⁠-⁠gaýta* iberen pygamberlerimi diňlemeseňiz+, 6 onda men ybadathanany Şilo+ ýaly ederin we ýer ýüzüniň ähli halklary şäheriňizi näletlärler“»+.

7 Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Ýermeýanyň Ýehowanyň öýünde aýdan sözlerini eşitdiler+. 8 Ýermeýa Ýehowanyň tabşyran sözlerini halka aýdan badyna, ruhanylar, pygamberler, ähli adamlar ony tutup, şeýle diýdiler: «Sen hökman ölersiň. 9 Näme üçin Ýehowanyň adyndan pygamberlik edip: „Ybadathana Şilo ýaly bolar, şäher haraba öwrüler, janly⁠-⁠jemende galmaz“ diýýärsiň?» Ýehowanyň öýündäki ähli adamlar Ýermeýanyň daşyna üýşdüler.

10 Ýahudanyň hanlary muny eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Ýehowanyň öýüne geldiler we Ýehowanyň öýüniň täze derwezesiniň öňünde oturdylar+. 11 Ruhanylar bilen pygamberler hanlara we tutuş halka ýüzlenip: «Ýermeýa ölüm jezasyna mynasyp+. Eşidişiňiz ýaly, ol şäherimize garşy pygamberlik edýär»+ diýdiler.

12 Şonda Ýermeýa ähli hanlara we halka şeýle diýdi: «Ybadathana we şäher barada pygamberlik etmäge Ýehowanyň özi iberdi. Siz Hudaýyň aýdan ähli sözlerini gulagyňyz bilen eşitdiňiz+. 13 Indi öz ýollaryňyzdan dönüň we işleriňizden el çekiň. Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyň. Şonda Ýehowa pikirini üýtgedip*, başyňyza betbagtçylyk indermez+. 14 Ine men siziň eliňizde, nämäni makul bilseňiz, şony⁠-⁠da ediň. 15 Emma şuny bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, şäherem, onuň ilatam, sizem bigünä adamyň ganyna galarsyňyz. Sebäbi meni Ýehowanyň özi şu habary aýtmaga iberdi».

16 Hanlar bilen halk bolsa ruhanylara we pygamberlere: «Ol Ýehowa Hudaýymyzyň adyndan gepleýär, ölüme laýyk iş etmändir» diýdiler.

17 Ýurduň ýaşulularynyň käbirleri ýerinden turup, halka şeýle diýdiler: 18 «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ günlerinde moreşetli Mikaý+ pygamberlik edip, tutuş ýahuda halkyna: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar:

„Sion mellek kimin sürler,

Iýerusalim harabaçylyga döner+.

Dagyň depesindäki ybadathana jeňňele öwrüler“+ diýipdi.

19 Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa we ýahuda halky ony öldürdimi? Patyşa Ýehowadan gorkup, Ýehowanyň rehim etmegini dilemedimi?* Ýehowa hem pikirinden el çekip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermedi+. Biz bolsa öz başymyza özümiz bela satyn aljak bolýarys.

20 Kirýat⁠-⁠ýegarimli+ Şemaýanyň ogly Uryýah hem Ýehowanyň adyndan pygamberlik edýärdi. Ol hem Ýermeýa ýaly şähere we ýurdumyza garşy welilik edýärdi. 21 Ýehoýakym+ patyşa, onuň batyr esgerleri we hanlary muny eşidenlerinde, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Şonda Uryýah gorkup, Müsüre gaçyp gitdi. 22 Ýehoýakym patyşa Ahboryň ogly Elnatany+ başga adamlar bilen bile Müsüre iberdi. 23 Olar Uryýahy Müsürden alyp gaýtdylar we Ýehoýakym patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa ony gylyjy bilen öldürdi+, jesedini garyplaryň gonamçylygyna zyňdyrdy».

24 Şapanyň+ ogly Ahykam+ Ýermeýanyň arkasyny aldy we öldürilmegine ýol bermedi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş