HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 25—28
Ýermeýa pygamber ýaly batyrgaý boluň
Ýermeýa pygamber Iýerusalimiň Şilo ýaly harabaçylyga öwrüljekdigini duýdurdy
- Ýehowanyň barlygyny görkezýän äht sandygy Şiloda saklanýardy. 
- Ýehowa piliştlilere äht sandygyny alyp gitmäge ýol berdi we şondan soň ol hiç haçan Şilo getirilmedi. 
Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Ýermeýa pygamberi öldürmekçi boldular
- Ýermeýa pygamber Iýerusalimiň we ybadathananyň weýran boljakdygy barada pygamberlik edýändigi üçin, adamlar ony tutup, daşyny gabadylar. 
- Ýermeýa ýan bermedi we gaçyp gitmedi. 
Ýehowa Ýermeýa pygamberi gorady
- Ýermeýa pygamber batyrgaýdy we Ýehowa ony terk etmedi. 
- Hudaý batyrgaý Ahykam arkaly Ýermeýa pygamberi gorady. 
Ýehowa Ýermeýa pygamberi goldady we ruhlandyrdy. Şol sebäpli ol 40 ýyllap adamlaryň eşitmek islemeýän habaryny wagyz etdi.