Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 49
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Ammona garşy pygamberlik (1—6)

      • Edoma garşy pygamberlik (7—22)

        • Edom halky gyrlar (17, 18)

      • Damasga garşy pygamberlik (23—27)

      • Kedara we Hasora garşy pygamberlik (28—33)

      • Elama garşy pygamberlik (34—39)

Ýermeýa 49:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:36, 38; 5Ms 2:19; 2Tr 20:1
  • +1Pa 11:5; Sep 1:4, 5
  • +Ams 1:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 5/2017, sah. 1

Ýermeýa 49:2

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: esgerleriň sesi.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 21:19, 20
  • +5Ms 3:11; Ýuş 13:24, 25; Hyz 25:5; Ams 1:14
  • +Işa 14:2; Ýer 50:19; Sep 2:9

Ýermeýa 49:3

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ams 1:13, 15

Ýermeýa 49:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 36:10, 11; Hyz 25:13; Ams 1:12; Abd 8

Ýermeýa 49:8

Parallel aýatlar

  • +Işa 21:13; Ýer 25:17, 23

Ýermeýa 49:9

Parallel aýatlar

  • +Abd 5

Ýermeýa 49:10

Parallel aýatlar

  • +Abd 6, 9
  • +Mel 1:3, 4

Ýermeýa 49:12

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:27, 28; Agy 4:21; Abd 16

Ýermeýa 49:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 34:6; 63:1; Ýer 49:22; Ams 1:12
  • +Abd 18; Mel 1:3

Ýermeýa 49:14

Parallel aýatlar

  • +Abd 1

Ýermeýa 49:15

Parallel aýatlar

  • +Abd 2—4

Ýermeýa 49:17

Çykgytlar

  • *

    Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 49:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 5/2017, sah. 1

Ýermeýa 49:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:24, 25
  • +Işa 34:6, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 5/2017, sah. 1

Ýermeýa 49:19

Çykgytlar

  • *

    Edom göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 4:7
  • +Zb 76:7; Ýer 50:44—46; Nah 1:6

Ýermeýa 49:20

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: islegini.

Parallel aýatlar

  • +Abd 9
  • +Mel 1:4

Ýermeýa 49:21

Parallel aýatlar

  • +1Pa 9:26

Ýermeýa 49:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 4:13
  • +Ýer 48:40; 49:13

Ýermeýa 49:23

Parallel aýatlar

  • +Işa 17:1; Ams 1:3
  • +4Ms 13:21; 2Pa 17:24; Zek 9:1, 2

Ýermeýa 49:27

Parallel aýatlar

  • +Ams 1:4

Ýermeýa 49:28

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:13; Işa 42:11; 60:7; Hyz 27:21

Ýermeýa 49:32

Parallel aýatlar

  • +Ýer 9:25, 26; 25:17, 23

Ýermeýa 49:34

Parallel aýatlar

  • +2Pa 24:18
  • +1Ms 10:22; Işa 21:2; Ýer 25:17, 25; Hyz 32:24; Dan 8:2; Res 2:8, 9

Ýermeýa 49:35

Parallel aýatlar

  • +Işa 22:6

Ýermeýa 49:38

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:17, 25

Umumy salgylar

Ýer. 49:11Ms 19:36, 38; 5Ms 2:19; 2Tr 20:1
Ýer. 49:11Pa 11:5; Sep 1:4, 5
Ýer. 49:1Ams 1:13
Ýer. 49:2Hyz 21:19, 20
Ýer. 49:25Ms 3:11; Ýuş 13:24, 25; Hyz 25:5; Ams 1:14
Ýer. 49:2Işa 14:2; Ýer 50:19; Sep 2:9
Ýer. 49:3Ams 1:13, 15
Ýer. 49:71Ms 36:10, 11; Hyz 25:13; Ams 1:12; Abd 8
Ýer. 49:8Işa 21:13; Ýer 25:17, 23
Ýer. 49:9Abd 5
Ýer. 49:10Abd 6, 9
Ýer. 49:10Mel 1:3, 4
Ýer. 49:12Ýer 25:27, 28; Agy 4:21; Abd 16
Ýer. 49:13Işa 34:6; 63:1; Ýer 49:22; Ams 1:12
Ýer. 49:13Abd 18; Mel 1:3
Ýer. 49:14Abd 1
Ýer. 49:15Abd 2—4
Ýer. 49:17Ýer 49:13
Ýer. 49:181Ms 19:24, 25
Ýer. 49:18Işa 34:6, 10
Ýer. 49:19Ýer 4:7
Ýer. 49:19Zb 76:7; Ýer 50:44—46; Nah 1:6
Ýer. 49:20Abd 9
Ýer. 49:20Mel 1:4
Ýer. 49:211Pa 9:26
Ýer. 49:22Ýer 4:13
Ýer. 49:22Ýer 48:40; 49:13
Ýer. 49:23Işa 17:1; Ams 1:3
Ýer. 49:234Ms 13:21; 2Pa 17:24; Zek 9:1, 2
Ýer. 49:27Ams 1:4
Ýer. 49:281Ms 25:13; Işa 42:11; 60:7; Hyz 27:21
Ýer. 49:32Ýer 9:25, 26; 25:17, 23
Ýer. 49:342Pa 24:18
Ýer. 49:341Ms 10:22; Işa 21:2; Ýer 25:17, 25; Hyz 32:24; Dan 8:2; Res 2:8, 9
Ýer. 49:35Işa 22:6
Ýer. 49:38Ýer 25:17, 25
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 49:1—39

Ýermeýa

49 Ýehowa ammonlar+ barada şeýle diýýär:

«Ysraýylyň ogly ýokmy?

Onuň mirasdüşeri ýokmy?

Malkam+ näme üçin Gad+ topragyny basyp aldy?

Onuň halky näme üçin Ysraýylyň şäherlerinde ýaşady?»

 2 «Şeýle bir günler geler — muny Ýehowa aýdýar.

Ammonlaryň+ Rapa+ şäherinde söweş surnaýy* eşidiler.

Ol daş üýşmegine öwrüler,

Onuň töweregindäki galalar oda ýakylar.

Ysraýyl özüni basyp alan duşmanlarynyň ýurduny eýelär+ — muny Ýehowa aýdýar.

 3 Heşbon, ahy⁠-⁠nala çek! Sebäbi Aý şäheri weýran edildi.

Aglaň, Rapanyň töweregindäki galalar! Jul* geýniň,

Daşdan örülen agyllaryň arasynda elewräp, zar⁠-⁠zar aglaň.

Sebäbi Malkam, onuň ruhanylary,

Han⁠-⁠begleri sürgün ediler+.

 4 Eý biwepa gyz! Näme üçin jülgeleriňe,

Bol suwly sähralaryňa buýsanýarsyň?

Baýlygyňa daýanyp:

„Maňa garşy çykmaga kim milt eder?“ diýýärsiň».

 5 «Men goňşy ýurtlardan üstüňe bela getirerin».

Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

«Seni dumly⁠-⁠duşa dargadaryn.

Gaçyp giden adamlary hiç kim ýygnap bilmez.

 6 Emma men ýesirlige düşen ammonlary ýygnaryn.

Muny Ýehowa aýdýar».

7 Edom hakda Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:

«Teýmanyň+ akyly ýokmy?

Düşünjeli adamlaryň maslahaty gutardymy?

Danalygy biderek boldumy?

 8 Eý Dedan+ ilaty, yzyňyza öwrüliň, gaçyň!

Aşak inip, buky ýerlerde ýaşaň!

Ysawy jezalandyrjak günüm gelende,

Onuň başyna betbagtçylyk indererin.

 9 Üzümçiler seniň ýanyňa gelenlerinde,

Birki salkym galdyrmazmy?

Ogrular gije gelende,

Islän zadyny almazmy?+

10 Men Ysawyň eşigini sypyraryn.

Ol bukulyp bilmez,

Gizlenýän ýerlerini mälim ederin.

Ogul⁠-⁠gyzlary, dogan⁠-⁠garyndaşlary,

Goňşy⁠-⁠golamlary ýok ediler+.

Onuň özi hem weýran ediler+.

11 Ýetimleri goýup gidiň,

Men olary diri galdyraryn.

Dul hatynlaryň maňa bil baglar».

12 Ýehowa şeýle diýýär: «Höküm edilmedik halklar hem gazap käsämden içýän bolsa, onda siz temmisiz galaryn öýdýärsiňizmi? Gazap käsämden hökman içersiňiz+, temmisiz galmarsyňyz.

13 Öz adymdan ant içýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Bosra elhenç hala düşer+, derbi⁠-⁠dagyn ediler, ýaňsylanar, näletlener. Ähli şäherleri hemişelik weýran ediler»+.

14 Ýehowa meniň bilen gepleşdi,

Halklara iberilen habarçy şeýle jar çekdi:

«Toplanyň, Edoma hüjüm ediň!

Söweşe taýýar boluň!»+

15 «Seni halklaryň arasynda peseltdim.

Olaryň öňünde kemsitdim+.

16 Milletleri gorkuda sakladyň,

Tekepbir bolup, öz⁠-⁠özüňi aldadyň.

Sen gaýanyň jaýryklarynda ýaşaýarsyň,

Beýik baýyrda mesgen tutýarsyň.

Bürgüt kimin kert gaýalarda höwürtge ýasasaň⁠-⁠da,

Men seni aşak düşürerin — muny Ýehowa aýdýar.

17 Edom elhenç hala düşer+. Onuň deňinden geçen her kes haýran galyp sereder we düşen ýagdaýyny görüp, sykylyk çalar*. 18 Weýran bolan Sodom, Gomorra we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalar ýaly+, Edomda hem hiç kim ýaşamaz, janly⁠-⁠jemende galmaz+ — muny Ýehowa aýdýar.

19 Duşman Iordanyň gür baglarynyň içinden çykan ýolbars kimin+ öri meýdandaky sürä topular. Men ony* ýurtdan kowup çykararyn. Saýlan kişimi ýurduň üstünden hökümdar edip goýaryn. Maňa taý geljek barmy? Maňa garşy çykmaga kim milt eder? Haýsy çopan garşyma çykyp biler?+ 20 Şonuň üçin, eý halaýyk, Ýehowanyň Edom hakdaky kararyny*, Teýman+ ilaty baradaky niýetini eşidiň:

„Owlak⁠-⁠guzularyny sürüp äkiderler,

Halkyň derdinden ýaňa ýurt çolaryp galar+.

21 Olar ýykylarlar, gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar.

Goh⁠-⁠galmagal turar,

Olaryň sesi Gyzyl deňze+ ýeter.

22 Serediň, aşak inip gelýän bürgüt kimin+,

Duşman Bosranyň üstüne ganatyny ýaýar+.

Şol gün Edom esgerleri,

Çaga dogurýan aýal kimin ejizlär“».

23 Damask+ hakyndaky habar:

«Hamat+ bilen Arpat aňk⁠-⁠taňk boldy,

Sebäbi olar erbet habar eşitdi.

Gorkudan ýaňa ysgyny gaçdy.

Deňizde turan tupan köşeşmedi.

24 Damasgyň güýç⁠-⁠kuwwaty galmady.

Ol gaçmak isledi, ýöne aljyrap, gaçyp bilmedi.

Çaga dogurýan aýal kimin

Dert hem azap çekdi.

25 Şan⁠-⁠şöhratly şäherden näme üçin gaçmadylar?

Beýik şäherden näme üçin çykmadylar?

26 Ol gün goç ýigitleriň jesetleri köçelerde çaşyp ýatar,

Esgerler gyrlar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

27 Damasgyň diwarlaryny otlaryn,

Benhadatyň berk diňlerini ot ýalmap ýuwudar»+.

28 Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* weýran eden Kedar+ we Hasor patyşalyklary barada Ýehowa şeýle diýýär:

«Turuň, Kedara hüjüm ediň,

Gündogar halklaryny ýok ediň.

29 Olaryň çadyrlaryny, mal⁠-⁠garasyny,

Çadyrlarynyň matalaryny, ähli baýlygyny alarlar.

Düýelerini sürüp äkiderler.

Adamlar: „Daş⁠-⁠töwerek gorkunç!“ diýip gygyryşarlar.

30 Gaçyň, uzaklara gaçyň!

Hasoryň ilaty, bukularda ýatyň — muny Ýehowa aýdýar.

Sebäbi Wawilon patyşasy Nawuhodonosor

Sizi basyp almagyň küýüne düşdi.

Ol size hüjüm etmegi ýüregine düwdi.

31 Turuň, parahat ýaşaýan millete,

Asuda ýaşaýan halka garşy çykyň! — Muny Ýehowa aýdýar.

Onuň ne gapysy bar, ne⁠-⁠de kilti. Olar aýry ýaşaýarlar.

32 Olaryň düýeleri talanar,

Ähli mal⁠-⁠garasy olja alnar.

Sakgalyny gyrkýanlary+

Ýeliň ugruna kowup dargadaryn.

Men olaryň başyna ähli ýerden betbagtçylyk indererin».

Muny Ýehowa aýdýar.

33 «Hasor şagallaryň sürenine,

Ebedilik harabaçylyga öwrüler.

Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,

Janly⁠-⁠jemende galmaz».

34 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň başlarynda Ýehowa Elam+ hakda Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 35 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar: „Men Elamyň+ kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. 36 Men Elamyň üstüne ýeriň çar tarapyndan dört ýeli öwüsdirip, ýeliň ugruna kowaryn. Elamy ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasyna dargadaryn, onuň aýak basmadyk ýeri bolmaz“.

37 Men elamlary duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde derbi⁠-⁠dagyn ederin. Gahar donumy geýip, betbagtçylyk indererin — muny Ýehowa aýdýar. — Olaryň yzyndan gylyç ýollap, ählisini ýok ederin.

38 Men Elamda+ tagtymy dikerin, patyşasyny we han⁠-⁠beglerini öldürerin — muny Ýehowa aýdýar.

39 Emma men soňky günlerde Elamyň sürgün edilenlerini ýygnaryn». Muny Ýehowa aýdýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş