Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 30
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Müsüre garşy pygamberlik (1—19)

        • Nawuhodonosor hüjüm eder (10)

      • Faraonyň goly döwler (20—26)

Hyzkyl 30:3

Parallel aýatlar

  • +Abd 15
  • +Hyz 32:7
  • +Zb 110:6

Hyzkyl 30:4

Parallel aýatlar

  • +Hyz 32:11, 12

Hyzkyl 30:5

Çykgytlar

  • *

    Müsür bilen äht baglaşan ysraýyllar göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Sep 2:12
  • +Nah 3:8, 9

Hyzkyl 30:6

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:18
  • +Ýer 44:1
  • +Hyz 29:10

Hyzkyl 30:7

Parallel aýatlar

  • +Ýer 46:19; Hyz 29:12; 32:18

Hyzkyl 30:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:19; 32:11

Hyzkyl 30:11

Parallel aýatlar

  • +Hab 1:6
  • +Hyz 29:5

Hyzkyl 30:12

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:3
  • +Hyz 31:12

Hyzkyl 30:13

Çykgytlar

  • *

    Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

  • *

    Ýa-da: Memfisiň.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 43:12; 46:14
  • +Ýer 46:5

Hyzkyl 30:14

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Fiwy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:13, 14; Ýer 44:1
  • +Ýer 46:25

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)»,

    8/2017, sah. 1

Hyzkyl 30:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)»,

    8/2017, sah. 1

Hyzkyl 30:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Memfise.

Hyzkyl 30:17

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Heliopolis.

Hyzkyl 30:18

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:8
  • +Ýer 46:20; Hyz 31:18
  • +Ýer 46:19

Hyzkyl 30:20

Çykgytlar

  • *

    Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we beýleki ýehudylaryň sürgündäki 11-nji ýyly göz öňünde tutulýar.

Hyzkyl 30:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 46:25; Hyz 29:3
  • +2Pa 24:7; Ýer 46:2
  • +Ýer 46:21

Hyzkyl 30:23

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:12

Hyzkyl 30:24

Parallel aýatlar

  • +Ýer 27:6
  • +Hyz 32:11, 12

Hyzkyl 30:25

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:19, 20

Hyzkyl 30:26

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:12

Umumy salgylar

Hyz. 30:3Abd 15
Hyz. 30:3Hyz 32:7
Hyz. 30:3Zb 110:6
Hyz. 30:4Hyz 32:11, 12
Hyz. 30:5Sep 2:12
Hyz. 30:5Nah 3:8, 9
Hyz. 30:6Hyz 30:18
Hyz. 30:6Ýer 44:1
Hyz. 30:6Hyz 29:10
Hyz. 30:7Ýer 46:19; Hyz 29:12; 32:18
Hyz. 30:10Hyz 29:19; 32:11
Hyz. 30:11Hab 1:6
Hyz. 30:11Hyz 29:5
Hyz. 30:12Hyz 29:3
Hyz. 30:12Hyz 31:12
Hyz. 30:13Ýer 43:12; 46:14
Hyz. 30:13Ýer 46:5
Hyz. 30:141Ms 10:13, 14; Ýer 44:1
Hyz. 30:14Ýer 46:25
Hyz. 30:18Hyz 30:8
Hyz. 30:18Ýer 46:20; Hyz 31:18
Hyz. 30:18Ýer 46:19
Hyz. 30:22Ýer 46:25; Hyz 29:3
Hyz. 30:222Pa 24:7; Ýer 46:2
Hyz. 30:22Ýer 46:21
Hyz. 30:23Hyz 29:12
Hyz. 30:24Ýer 27:6
Hyz. 30:24Hyz 32:11, 12
Hyz. 30:25Hyz 29:19, 20
Hyz. 30:26Hyz 29:12
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 30:1—26

Hyzkyl

30 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Halklar, aglap: „Waý halymyza, ol gün ýetip gelýär!“ diýiň.

 3 Ol gün ýakyndyr, hawa, Ýehowanyň güni ýakyndyr+.

Şol gün asmany gara bulut bürär+.

Şol gün halklar höküm ediler+.

 4 Müsüriň başyndan gylyç inende,

Jesetler pytrap ýatanda, hazynasy talananda,

Ýurt ýykan-ýumran edilende+, Efiopiýa howsala düşer.

 5 Efiopiýa+, Put+, Lud we ýat halklardan adamlar gyrlar.

Kup we äht ýurdunyň ogullary* gylyçdan geçiriler“.

 6 Ýehowa şeýle diýýär:

„Müsüri goldanlar hem ýok bolarlar,

Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+.

Migdoldan+ Siwene+ çenli her kes gylyçdan geçiriler. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 7 — Dünýäde Müsür ýaly haraba bolup ýatan ýurt bolmaz, tozap ýatan şäherleri ýaly şäher bolmaz+. 8 Müsürde ot ýakanymda, goldanlary heläk edenimde, meniň Ýehowadygymy bilerler. 9 Şol gün hondanbärsi efiopiýalylary gorkuzmak üçin, gämilerde çapar ýollaryn. Olar Müsüre injek betbagtçylyk barada eşidip, huşuny ýitirerler. Ol gün hökman geler“.

10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eli bilen Müsür goşunyny kül-peýekun ederin+. 11 Ol goşuny bilen halklaryň iň zalymydyr+. Olar gelip Müsür ýurduny weýran eder, gylyjyny gynyndan çykaryp, ýurdy jesetden doldurar+. 12 Men Nil derýasynyň+ şahalaryny guradaryn. Müsür ýurduny erbet adamlara sataryn. Men ýat halklaryň eli bilen tutuş ýurdy we ähli zadyny dargadaryn+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“.

13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men nejis butlary* ýok ederin. Nopyň* dereksiz taňrylaryny derbi-dagyn ederin+. Indi Müsürden serdar çykmaz. Tutuş Müsür ýurdy gorka düşdi+. 14 Patrosy+ weýran edip, Suwany oda ýakaryn, Noga* höküm çykararyn+. 15 Müsüriň Sin galasyna gazabymy dökerin, Noguň ilatyny gyryp taşlaryn. 16 Müsüri otlaryn, Siniň zähresi ýarylar, Noga duşmanlar kürsäp girerler, Nopa* gündiziň güni çozarlar. 17 Ohan* we Pibeset ýigitleri gylyçdan geçiriler, şäheriň ilaty sürgün ediler. 18 Tahpanesde Müsüriň boýuntyrygyny döwenimde+ gündiziň güni tüm-garaňky bolar. Tekepbir Müsüriň güýjünden nam-nyşan galmaz+, ony gara bulutlar gaplar, şäheriň ilaty sürgün ediler+. 19 Men Müsüre çykaran hökümimi amala aşyraryn. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

20 Ýehowa 11-nji ýylda*, birinji aýyň ýedisine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21 «Ynsan ogly, men Müsür faraonynyň elini döwdüm. Elini daňan bolmaz, gylyç tutar ýaly elini saran tapylmaz».

22 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men Müsür faraony bilen söweşerin+, onuň gollaryny, güýçli we şikesli goluny döwerin+. Elindäki gylyjy ýere gaçar+. 23 Soňra müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. 24 Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin+ we oňa gylyjymy berip+, faraonyň goluny döwerin. Şonda ol patyşanyň öňünde agyr ýaralanan adam kimin zar-zar aglar. 25 Men Wawilon patyşasynyň goluna güýç bererin, faraonyň goluny bolsa ysmaz ederin. Wawilon patyşasynyň goluna gylyjymy bererin. Ol gylyjyny Müsür ýurduna garşy göterer. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler+. 26 Men müsürlileri halklaryň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň içine dargadaryn+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş