Hoşeýa
8 «Surnaý çalyň!+
2 Halkym: „Hudaýym, seni tanaýarys“+ diýip gygyrýar.
3 Ysraýyl ýagşylykdan ýüz öwürdi+.
Goý, indi ony duşman yzarlasyn.
4 Menden soraman patyşa bellediler.
Menden rugsatsyz han-begleri goýdular.
5 Eý Samariýa, ýasan göle butuňy kül-owram ederin+.
Olara garşy gaharym lowlaýar+.
Olar haçana çenli günäden tämizlenmän ýörerler?
6 Ol Ysraýylyň işidir.
Ussanyň ýasan buty Hudaý däldir.
Samariýanyň ýasan göle butuny kül-owram ederin.
Bugdaý baş çykarmaz+.
Sümmülden un alynmaz.
Alynaýsa-da, kesekiler ýalmap ýuwudar+.
8 Ysraýyly weýran ederler+,
Olar halklaryň arasynda+
Dereksiz küýze kimin bolarlar.
9 Olar ýeke gezýän gulan kimin Assiriýa+ gitdi.
Efraýym hak töläp, ahlaksyz aýallar bilen ýatdy+.
10 Olar hak töläp, başga milletli ahlaksyz aýallar bilen ýatdy,
Indi men olary bir ýere ýygnaryn.
Olar patyşanyň, han-begleriň agyr ýükünden ezilerler+.
11 Efraýym gurbanlyk ojaklaryny* köpeldip, günä etdi+.
Gurbanlyk ojaklary günä batyrdy+.
12 Halkyma köp kanunlary berdim.
Emma olar äsgermezçilik etdiler+.
13 Maňa gurbanlyk berip, etini özleri iýdiler.
Ýehowa olardan razy däldir+.
Indi Alla ýazyklaryny ýatlar, günäleri üçin jeza berer+.
Men olaryň şäherlerini oda ýakaryn.
Diňlerini ýakyp kül ederin»+.