Birinji Musa
26 Ybraýymyň döwründe bolşy ýaly, ýurtda ýene-de açlyk başlandy+. Şonda Yshak Gerardaky piliştlileriň hany Abymäligiň ýanyna gitdi. 2 Şol ýerde Ýehowa Yshaga görnüp, şeýle diýdi: «Müsüre gitmän, meniň görkezjek ýerimde ýaşa. 3 Häzirlikçe bärde gal+. Seni goldap, üstüňe bol bereket ýagdyraryn+. Kakaň Ybraýyma beren sözümde durup*, tutuş ýurdy saňa hem nesliňe bererin+. Men Ybraýyma: 4 „Nesliňi asman ýyldyzlary deý köpeldip+, tutuş ýurdy mülk edip bererin+. Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar“+ diýip ant içipdim. 5 Sebäbi ol maňa gulak asyp, bütin ömrüne tabşyryklarymy, buýruklarymy we kada-kanunlarymy berjaý edip ýaşady»+. 6 Şeýdip, Yshak Gerarda+ ýaşaberdi.
7 Şol ýurduň adamlary Rebeka hakda sorasa, Yshak: «Ol meniň uýam»+ diýerdi. Aýaly owadan+ bolany üçin, Yshak: «Rebekany aljak bolup, meni öldürerler» diýýärdi, şol sebäpli ol Rebeka aýalym diýmäge gorkýardy. 8 Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün piliştlileriň hany Abymälik penjireden seredende, Yshak bilen Rebekanyň näz-kereşme edip durandygyny gördi+. 9 Abymälik dessine Yshagy çagyryp: «Rebeka aýalyň eken-ä! Oňa näme üçin uýam diýip ýörsüň?» diýdi. Şonda Yshak: «Aýalymy aljak bolup, meni öldürerler öýdüp gorkdum»+ diýdi. 10 Abymälik: «Näme üçin beýtdiň?+ Biri aýalyň bilen ýatan bolsa, biz günä galardyk!»+ diýdi. 11 Soňra ol: «Kimde-kim şu adama ýa-da aýalyna barmagyny batyraýsa, başy ölümlidir!» diýip jar çekdirdi.
12 Yshak ýaşap ýören ýurdunda ekin ekip başlady. Şol ýyl 100 esse köp hasyl aldy, sebäbi Ýehowa oňa bereket berýärdi+. 13 Yshagyň mal-mülki artyp, juda baýady. 14 Onuň süri-süri maly, köp hyzmatkärleri bardy+. Piliştliler Yshaga göriplik edip başladylar.
15 Piliştliler Yshagyň kakasy Ybraýymyň hyzmatkärleriniň gazan ähli guýularyny gömüp çykdylar+. 16 Abymälik Yshaga: «Sen bizden güýçlenip barýaň! Gowusy, bärden git» diýdi. 17 Şonda Yshak Gerar jülgesine+ göçdi. 18 Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylan guýulary täzeden gazdy, sebäbi Ybraýym ölensoň, piliştliler olary gömüpdiler+. Yshak şol guýulara kakasynyň dakan adyny goýdy+.
19 Yshagyň hyzmatkärleri jülgede guýy gazyp ýörkäler, süýji suw tapdylar. 20 Gerardaky çopanlar: «Suw biziňki!» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşyp başladylar. Şonuň üçin Yshak şol guýa Esek* diýip at goýdy. 21 Olar başga guýy gazdylar, çopanlar oňa-da dawa etdiler. Yshak şol guýa Sitna* diýdi. 22 Soňra ol başga ýere göçüp, ýene bir guýy gazdy, ýöne dawa eden bolmady. Yshak: «Ýehowa bize giň ýaýla berip, sanymyzy köpeltdi»+ diýip, guýynyň adyna Rehobot* goýdy.
23 Soňra Yshak Beýer-şeba+ gitdi. 24 Şol gije Ýehowa oňa görnüp: «Men kakaň Ybraýymyň Hudaýy+. Gorkma+, men seni goldaryn. Gulum Ybraýymyň hatyrasyna seni ýalkap, nesliňi köpelderin»+ diýdi. 25 Yshak şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, Ýehowany şöhratlandyrdy*+. Soňra çadyryny dikip+, hyzmatkärlerine guýy gazdyrdy.
26 Biraz wagtdan Abymälik han maslahatçysy Ahuzat we goşunbaşysy Pikal+ bilen Gerardan Yshagyň ýanyna geldi. 27 Şonda Yshak: «Özüňiz-ä meni araňyza sygdyrman, ýurduňyzdan kowup goýberdiňiz. Indi nämä geldiňiz?» diýdi. 28 Olar bolsa: «Ýehowanyň seni ýalkaýandygyna göz ýetirdik+. Gel, ant içip, äht baglaşaly+. 29 Biz saňa diňe ýagşylyk etdik, sag-aman ýola salyp goýberdik. Saňa ýamanlyk etmeýşimiz ýaly, senem bize hiç hili ýamanlyk etmejekdigiňi söz ber. Sen Ýehowanyň ýalkan adamy!» diýdiler. 30 Yshak olara hezzet-hormat edip, öňlerine saçak ýazdy, olar iýip içdiler. 31 Ertesi ir bilen turup, äht baglaşdylar*+. Soňra Yshak olary sag-aman ýola salyp goýberdi.
32 Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri gelip, gazyp ýören guýularyndan+ suw çykandygyny habar berdiler. 33 Yshak şol guýa Şiba diýip at goýdy. Şol şähere häli-häzire çenli Beýer-şeba+ diýýärler.
34 Ysaw 40 ýaşyndaka, hetlerden Beýeriň gyzy Ýudite we hetlerden Elonyň gyzy Basemata öýlendi+. 35 Gelinleri Yshak bilen Rebeka görgi baryny görkezdiler+.