Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 27
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýakup Yshakdan ak pata alýar (1—29)

      • Ysaw ak pata dileýär, ýöne ýürekden toba etmeýär (30—40)

      • Ysaw Ýakuby ýigrenýär (41—46)

1 Musa 27:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:28

1 Musa 27:3

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:27

1 Musa 27:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:30

1 Musa 27:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:28

1 Musa 27:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:30, 31

1 Musa 27:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:13, 43

1 Musa 27:11

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:25; 27:23

1 Musa 27:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:21

1 Musa 27:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:8, 43

1 Musa 27:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:23, 26

1 Musa 27:16

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:25; 27:11

1 Musa 27:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:9

1 Musa 27:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:31—33; Rim 9:10—12
  • +1Ms 27:4

1 Musa 27:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:11, 12

1 Musa 27:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:16

1 Musa 27:23

Parallel aýatlar

  • +Ýew 11:20

1 Musa 27:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 48:10

1 Musa 27:27

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:27; 27:15

1 Musa 27:28

Parallel aýatlar

  • +5Ms 11:11
  • +4Ms 13:26, 27
  • +1Ms 27:37; 5Ms 7:13

1 Musa 27:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:23
  • +1Ms 12:1, 3; 28:1, 3; 31:42; Hyz 25:12, 13

1 Musa 27:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 27:3

1 Musa 27:32

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:25, 31; Ýew 12:16

1 Musa 27:34

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:16, 17

1 Musa 27:36

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ökjä ýapyşýan; biriniň ýerini alýan.

  • *

    Ýa-da: hiç hili ak pata ýokmy?

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:26; 32:28; Hoş 12:3
  • +1Ms 25:32—34
  • +1Ms 27:28

1 Musa 27:37

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:23; 27:29; Rim 9:10, 12
  • +5Ms 33:28

1 Musa 27:38

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:16, 17

1 Musa 27:39

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 24:4; Ýew 11:20

1 Musa 27:40

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: gerdeniňe goýan boýuntyrygyny döwersiň.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 32:6; 4Ms 20:18
  • +1Ms 25:23; 2Şm 8:14; Mel 1:2, 3
  • +2Pa 8:20; 2Tr 28:17

1 Musa 27:41

Parallel aýatlar

  • +Ams 1:11
  • +1Ms 35:28, 29

1 Musa 27:42

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: seni öldürerin diýip, özüni köşeşdirip ýör.

1 Musa 27:43

Parallel aýatlar

  • +1Ms 28:5

1 Musa 27:46

Parallel aýatlar

  • +1Ms 26:34, 35; 28:8
  • +1Ms 24:2, 3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/9/2006, sah. 21, 22

Umumy salgylar

1 Mus. 27:11Ms 25:28
1 Mus. 27:31Ms 25:27
1 Mus. 27:51Ms 27:30
1 Mus. 27:61Ms 25:28
1 Mus. 27:71Ms 27:30, 31
1 Mus. 27:81Ms 27:13, 43
1 Mus. 27:111Ms 25:25; 27:23
1 Mus. 27:121Ms 27:21
1 Mus. 27:131Ms 27:8, 43
1 Mus. 27:151Ms 25:23, 26
1 Mus. 27:161Ms 25:25; 27:11
1 Mus. 27:171Ms 27:9
1 Mus. 27:191Ms 25:31—33; Rim 9:10—12
1 Mus. 27:191Ms 27:4
1 Mus. 27:211Ms 27:11, 12
1 Mus. 27:221Ms 27:16
1 Mus. 27:23Ýew 11:20
1 Mus. 27:261Ms 48:10
1 Mus. 27:271Ms 25:27; 27:15
1 Mus. 27:285Ms 11:11
1 Mus. 27:284Ms 13:26, 27
1 Mus. 27:281Ms 27:37; 5Ms 7:13
1 Mus. 27:291Ms 25:23
1 Mus. 27:291Ms 12:1, 3; 28:1, 3; 31:42; Hyz 25:12, 13
1 Mus. 27:301Ms 27:3
1 Mus. 27:321Ms 25:25, 31; Ýew 12:16
1 Mus. 27:34Ýew 12:16, 17
1 Mus. 27:361Ms 25:26; 32:28; Hoş 12:3
1 Mus. 27:361Ms 25:32—34
1 Mus. 27:361Ms 27:28
1 Mus. 27:371Ms 25:23; 27:29; Rim 9:10, 12
1 Mus. 27:375Ms 33:28
1 Mus. 27:38Ýew 12:16, 17
1 Mus. 27:39Ýuş 24:4; Ýew 11:20
1 Mus. 27:401Ms 32:6; 4Ms 20:18
1 Mus. 27:401Ms 25:23; 2Şm 8:14; Mel 1:2, 3
1 Mus. 27:402Pa 8:20; 2Tr 28:17
1 Mus. 27:41Ams 1:11
1 Mus. 27:411Ms 35:28, 29
1 Mus. 27:431Ms 28:5
1 Mus. 27:461Ms 26:34, 35; 28:8
1 Mus. 27:461Ms 24:2, 3
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
Mukaddes Kitap
1 Musa 27:1—46

Birinji Musa

27 Yshagyň ýaşy bir çene ýetipdi, gözi kütelip, hiç zat saýgarmaýardy. Ol: «Oglum!» diýip, uly ogly Ysawy+ çagyrdy. Ysaw: «How, kaka!» diýip, ýanyna geldi. 2 Şonda Yshak: «Oglum, men⁠-⁠ä indi garrapdyryn, bir aýagym görde. 3 Ok⁠-⁠ýaýyňy al⁠-⁠da, çöle gidip, maňa aw awlap gel+. 4 Soňam gowy görýän naharymy bişir, naharyňdan iýip, ölmänkäm, saňa ak pata bereýin» diýdi.

5 Şeýlelikde, Ysaw kakasy üçin aw awlamaga gitdi+. Yshagyň Ysawa aýdanlaryny Rebeka⁠-⁠da eşitdi. 6 Ol ogly Ýakuba+: «Ýaňyja kakaň bilen Ysawyň gürrüňini diňledim. Kakaň: 7 „Aw awlap gel⁠-⁠de, maňa gowy görýän naharymy bişirip ber. Nahardan iýip, ölmänkäm, Ýehowanyň öňünde saňa ak pata bereýin“+ diýdi. 8 Oglum, meni gowuja diňle⁠-⁠de, aýdanymy et+. 9 Git⁠-⁠de, sürüden iki sany semiz owlak alyp gel. Men kakaň halaýan naharyny bişireýin. 10 Senem eltip ber, kakaň ölmänkä, saňa ak pata bersin» diýdi.

11 Şonda Ýakup ejesine: «Men doganym Ysaw ýaly tüýlek+ däl. 12 Kakam meni elläp, tanasa näme?+ Onuň üstünden gülen ýaly bolaryn, ak pata almaga derek gargyşa galaýmasam» diýdi. 13 Ejesi bolsa: «Goý, şol gargyş maňa siňsin, oglum. Aýdanymy et⁠-⁠de, ýaňky diýenimi getir»+ diýdi. 14 Ýakup gidip, ejesiniň diýen zatlaryny getirip berdi. Rebeka äriniň halaýan naharyny bişirdi. 15 Soňra içerden uly ogly Ysawyň iň gowy eşigini aldy⁠-⁠da, Ýakuba geýdirdi+. 16 Elini we boýnuny owlak derisi bilen ýapdy+. 17 Bişiren nahary bilen çöregini hem Ýakuba berdi+.

18 Ýakup Yshagyň ýanyna baryp: «Kaka!» diýdi. Ol: «Hä, oglum, sen Ýakupmy ýa Ysaw?» diýdi. 19 Ýakup: «Men uly ogluň Ysaw+. Hemme zady aýdyşyň ýaly etdim, kaka. Hany, dikelip otur⁠-⁠da, getiren aw etimden iý. Soň maňa ak pata berersiň»+ diýdi. 20 Şonda Yshak: «Oglum, awdan gaty çalt gelipsiň⁠-⁠le» diýdi. Ýakup: «Ýehowa Hudaýyň awumy öňüme çykardy» diýip jogap berdi. 21 Yshak: «Golaýyma gel, oglum, seni elläp göreýin, dogrudanam, Ysawmykaň»+ diýdi. 22 Ýakup kakasynyň ýanyna süýşdi, Yshak ony elläp görüp: «Ses⁠-⁠ä Ýakubyňky welin, eli Ysawyňky»+ diýdi. 23 Ýakubyň eli edil dogany Ysawyňky ýaly tüýlekdi. Kakasy Ýakuby tanaman, ak pata berdi+.

24 Yshak ondan: «Dogrudanam, sen Ysawmy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa» diýdi. 25 Şonda Yshak: «Hany, maňa nahar guýup ber, aw etiňden iýip, ak pata bereýin» diýdi. Ýakup kakasynyň öňünde nahar bilen şerap goýdy, ol hem iýip içdi. 26 Soňra Yshak: «Oglum, gel, meni ogşa»+ diýdi. 27 Ýakup baryp, kakasyny ogşady. Yshak oglunyň eşigini ysgady+. Ol Ýakuba ak pata berip:

«Oglumyň ysy Ýehowanyň bereketli sährasynyňky ýaly ýakymlydyr. 28 Goý, hak Hudaý saňa asmanyň çygyny+, mes topraklary+ bersin, gallaňy we täze şerabyňy köpeltsin+. 29 Halklar saňa hyzmat etsin, milletler öňüňde baş egsin. Doganlaryň üstünden hojaýyn bol, goý, olar seniň öňüňde dyz epsin+. Saňa gargana gargyş siňsin, alkyşlana alkyş bolsun»+ diýdi.

30 Şeýdip, Yshak Ýakuba ak pata berdi. Ýakup kakasynyň ýanyndan çykan badyna, Ysaw awdan geldi+. 31 Ol kakasyna nahar bişirip getirdi⁠-⁠de: «Kaka, tur hany, ogluň getiren aw etinden iý. Soň maňa ak pata berersiň» diýdi. 32 Şonda Yshak: «Sen kim?» diýip sorady. Ol: «Men uly ogluň Ysaw»+ diýdi. 33 Yshak sandyr⁠-⁠sandyr edip: «Onda senden öň maňa aw etinden nahar getiren kimdi? Men nahardan iýip, oňa ak pata berdim⁠-⁠ä! Wah, indi etjek alajym ýok!» diýdi.

34 Muny eşiden Ysaw naýynjar ses bilen gygyryp, kakasyna: «Maňa⁠-⁠da ak pata beräý, kaka, maňa⁠-⁠da!» diýip ýalbaryp başlady+. 35 Emma Yshak: «Iniň meni aldap, saňa berjek patamy aldy» diýdi. 36 Şonda Ysaw: «Onuň adyna ýöne ýere Ýakup* goýulmandyr. Ol eýýäm ikinji gezek paýymy elimden aldy+. Öň⁠-⁠ä nowbaharlyk hakymy aldy+, indem ak patamy!»+ diýdi. Soňra ol kakasyna: «Indi maňa ak pata berjek dälmi?*» diýdi. 37 Yshak: «Iniňi üstüňden hojaýyn edip goýdum+. Ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär etdim. Galla bilen täze şeraby hem berdim+. Oglum, saňa berer ýaly zat galdymy?!» diýdi.

38 Ysaw bolsa: «Kaka, sen ýekeje gezek ak pata berip bilýäňmi? Maňa⁠-⁠da pata ber, maňa⁠-⁠da!» diýip özelendi. Soňra ol möňňürip aglady+. 39 Şonda Yshak:

«Seniň ýaşajak ýeriňde mes toprak hem, asmanyň çygy hem bolmaz+. 40 Gylyç bilen günüňi görersiň+, iniňe hyzmat edersiň+. Emma sabyr käsäň dolanda, oňa garşy aýaga galyp, golastyndan azat bolarsyň*»+ diýdi.

41 Kakasyndan ak pata alandygy üçin, Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi+. Ol içinden: «Kakamyň ölümine az wagt galdy+. Şondan soň Ýakubyň ýoguna ýanaryn» diýýärdi. 42 Ysawyň niýetini Rebeka habar berenlerinde, ol dessine Ýakuby çagyryp: «Oglum, doganyň seni öldürip, ar aljak bolýar*. 43 Maňa gulak as⁠-⁠da, bärden gaç, Harandaky Laban daýyňlara git+. 44 Agaň gahary ýatyşýança, şol ýerde bol. 45 Ol biraz köşeşsin, eden zatlaryň ýadyndan çykyşsyn. Soň adam iberip, seni getirderin. Bir günüň içinde ikiňizi hem ýitiresim gelenok» diýdi.

46 Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna baryp: «Het gyzlaryndan ýaňa durmuşdan doýdum+. Indi Ýakubam şu ýurtdaky hetleriň gyzyna öýlenäýse, dat günüme!»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş