Işaýa
3 Indi hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,
Iýerusalimiň we Ýahudanyň ähli daýanjyny ýok eder.
Olary azykdan, çörekden we suwdan keser+.
2 Olaryň pälwanlaryny, esgerlerini,
Kazylaryny, pygamberlerini+, palçylaryny, ýaşulularyny,
3 Ellibaşylaryny+, abraýly adamlaryny, maslahatçylaryny,
Ökde jadygöýlerini we ussat gözbagçylaryny ýok eder+.
4 Men oglanjyklary halkyň han-begi ederin,
Durnuksyz adamlar il-güne hökümdarlyk eder.
5 Adamlar biri-birini ezer,
Goňşy goňşusyna sütem eder+.
Ýaşlar garrylary kemsider,
Garamaýaklar abraýly adamlary sylamaz+.
6 Her kes atasynyň öýünde süýtdeş doganyna asylyşyp:
«Bize serdar bol! Seniň ýapynjaň bar.
Haraba bolup ýatan ýurda baştutan bol» diýer.
7 Emma şol gün dogany şeýle jogap berer:
«Siziň ýaraňyzy sarap bilmerin*,
Öýümde ne çörek bar, ne-de ýapynja bar.
Men halkyň serdary bolup bilmerin».
8 Iýerusalim büdredi,
Ýahuda ýykyldy.
Sebäbi olar sözleri we işleri bilen Ýehowa garşy gidýär,
Şöhratly Hudaýy äsgermezlik edýär+.
9 Olaryň ýüz-gözleri öz-özüni paş edýär.
Olar Sodom ýaly günälerini aç-açan gürrüň berýär+,
Aýybyny ýaşyrjak hem bolmaýar.
Waý halyna! Olar öz başyna bela-beter inderýärler.
11 Erbet adamlaryň waý halyna!
Olaryň başyna bela-beter iner,
Öz gazan çukuryna özleri düşer.
12 Baştutanlar halkyma sütem edýärler,
Aýallar üstünden höküm sürýärler.
Eý halkym, han-begleriňiz sizi azaşdyrýar,
Sizi dogry ýoldan çykarýar+.
13 Ýehowa dawany çözmek üçin ýerinden turar.
Olara hökümini yglan etmek üçin aýaga galar.
14 Ýehowa halkynyň ýaşulularyny, han-beglerini höküm eder.
«Siz üzüm baglaryňyzy ýakyp kül etdiňiz.
Garyp-gasarlardan alan oljaňyz bilen öýüňizi doldurdyňyz+.
15 Halkyma sütem etmäge,
Garyplary ezmäge* neneň milt etdiňiz?»+
Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
16 Ýehowa şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdir,
Olar tumşugyny göge tutup gezýärler.
Näz-kereşme edip, gözlerini güldürýärler,
Aýaga dakylan şaý-seplerini şyňňyrdadyp,
Sülmüräp ýöreýärler.
17 Indi Ýehowa Sion gyzlarynyň kellesini gotur açdyrar,
Ýehowa olaryň maňlaýyny kel eder+.
18 Şol gün Ýehowa olaryň aýagyna dakylan şaý-sepini,
Başyndaky ýaglygyny, aý şekilli şaý-sepini alar+.
19 Olaryň gulakhalkasyny, bilezigini, bürenjegini,
20 Başatgyjyny, aýaga dakylýan şaý-sepini, guşagyny,
Atyr çüýşejiklerini, tumarlaryny*,
21 Ýüzüklerini, burunhalkalaryny,
22 Toý lybaslaryny, ýeňsizlerini, donlaryny we el torbalaryny,
23 Ýüz görülýän aýnalaryny+, zygyr* köýneklerini*,
Gyňaçlaryny we bürenjeklerini ellerinden alar.
24 Olardan hoşboý ysly ýagyň+ ysy däl-de, porsy ys geler,
Biline guşagyň deregine ýüp daňarlar,
Gür saçlary düşüp, kel bolarlar+,
Toý lybasynyň deregine jul* geýerler+,
Gözel keşbine tagma basylar.
25 Erkek kişileri gylyçdan geçiriler,
Pälwanlary söweşde gyrlar+.