Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 2
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Ýehowanyň beýik dagy (1—5)

        • Gylyçlardan azallar ýasalar (4)

      • Ýehowanyň gününde tekepbirler peseldiler (6—22)

Işaýa 2:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:1

Işaýa 2:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Dünýäniň soňunda.

Parallel aýatlar

  • +Zek 8:3
  • +Zb 72:1, 8; 86:9; Mik 4:1—3; Hag 2:7; Res 10:34, 35

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 142, 154

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    12/2016, sah. 3

    «Garawul diňi»,

    1/11/2007, sah. 24, 25

Işaýa 2:3

Parallel aýatlar

  • +Zek 8:23
  • +Işa 54:13
  • +Işa 51:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    3/2016, sah. 17

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    12/2016, sah. 3

Işaýa 2:4

Parallel aýatlar

  • +Zb 46:9
  • +Zb 72:7; Işa 60:18; Mat 26:52

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    12/2016, sah. 3

Işaýa 2:5

Parallel aýatlar

  • +Işa 60:19, 20

Işaýa 2:6

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:16, 17
  • +5Ms 18:10

Işaýa 2:7

Parallel aýatlar

  • +5Ms 17:15, 16

Işaýa 2:8

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:1, 2; 33:1, 7

Işaýa 2:10

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:18

Işaýa 2:12

Parallel aýatlar

  • +Sep 1:4, 7
  • +Işa 66:16

Işaýa 2:16

Parallel aýatlar

  • +1Pa 10:22; Hyz 27:25

Işaýa 2:18

Parallel aýatlar

  • +Işa 27:9

Işaýa 2:19

Parallel aýatlar

  • +Işa 2:10; 2Sl 1:9
  • +Ylh 6:15

Işaýa 2:20

Çykgytlar

  • *

    Syçana meňzeş süýdemdiriji jandar.

Parallel aýatlar

  • +Işa 30:22; 31:7

Umumy salgylar

Işa. 2:1Işa 1:1
Işa. 2:2Zek 8:3
Işa. 2:2Zb 72:1, 8; 86:9; Mik 4:1—3; Hag 2:7; Res 10:34, 35
Işa. 2:3Zek 8:23
Işa. 2:3Işa 54:13
Işa. 2:3Işa 51:4
Işa. 2:4Zb 46:9
Işa. 2:4Zb 72:7; Işa 60:18; Mat 26:52
Işa. 2:5Işa 60:19, 20
Işa. 2:65Ms 31:16, 17
Işa. 2:65Ms 18:10
Işa. 2:75Ms 17:15, 16
Işa. 2:82Tr 28:1, 2; 33:1, 7
Işa. 2:102Ms 20:18
Işa. 2:12Sep 1:4, 7
Işa. 2:12Işa 66:16
Işa. 2:161Pa 10:22; Hyz 27:25
Işa. 2:18Işa 27:9
Işa. 2:19Işa 2:10; 2Sl 1:9
Işa. 2:19Ylh 6:15
Işa. 2:20Işa 30:22; 31:7
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
Işaýa 2:1—22

Işaýa

2 Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim hakda gören görnüşi*+:

 2 Soňky günlerde*,

Ýehowanyň öýüniň duran dagy,

Ähli daglardan belentde durar+.

Ol baýyrlardan hem beýik bolar,

Ähli halklar oňa tarap eňerler+.

 3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:

«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,

Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.

Ol bize ýollaryny öwreder,

Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+.

Sebäbi kanun Siondan,

Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.

 4 Ol milletleriň arasynda kazylyk eder,

Köp halklaryň dawasyny çözer.

Olar gylyçlaryndan azallar,

Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+.

Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,

Indi söweşmegi öwrenmezler+.

 5 Ýakubyň öýi, geliň!

Ýehowanyň nurunda gezeliň!+

 6 Eý Hudaý, sen halkyňdan, Ýakubyň öýünden ýüz öwürdiň+,

Sebäbi olar Gündogaryň däp-dessurlaryna eýerdiler,

Piliştliler ýaly jadygöýlik etdiler+.

Olaryň arasynda ençeme ýat adamlar ýaşadylar.

 7 Olaryň ýurdy altyn-kümşe baýdyr,

Çäksiz hazynasy bardyr.

Atlary sansyz-sajaksyzdyr,

Söweş arabalarynyň soňy ýokdur+.

 8 Olaryň ýurdy dereksiz butlardan doludyr+.

Halk öz elleriniň işine tagzym edýär,

Barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýär.

 9 Şeýdip, adam kiçelýär, mertebesini peseldýär.

Sen olaryň günäsini geçmersiň.

10 Olar Ýehowanyň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup+,

Gowaga girerler, ýeriň astynda gizlenerler.

11 Ulumsy adamlar kiçeldiler,

Tekepbirler peseldiler.

Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.

12 Ol gün Serkerdebaşy Ýehowanyň günüdir+.

Ol gün ähli ulumsylaryň, tekepbirleriň,

Baýlaryň we garyplaryň üstünden iner+.

13 Ol gün Liwanyň beýik we belent kedr agaçlarynyň,

Başanyň ähli dub agaçlarynyň,

14 Beýik daglaryň,

Belent depeleriň,

15 Beýik diňleriň,

Berk galalaryň,

16 Tarşyşyň+ ähli gämileriniň,

Owadan gaýyklarynyň üstünden iner.

17 Ulumsy adamlar kiçeldiler,

Tekepbirler peseldiler.

Şol gün diňe Ýehowa şöhratlanar.

18 Dereksiz taňrylar bütinleý ýok ediler+.

19 Ýehowa aýaga galyp, ýer ýüzüni sarsdyrar.

Onuň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup+,

Adamlar gowaga girer,

Çukurlarda gizlener+.

20 Şol gün adamlar dereksiz taňrylaryny,

Sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny

Körsyçanlaryň* we ýarganatlaryň öňüne taşlarlar+.

21 Hudaý ýer ýüzüni lerzana getirmek üçin aýaga galanda,

Olar Ýehowanyň güýjünden,

Şan-şöhratyndan gorkup,

Gowaga girerler, gaýalaryň jaýryklarynda gizlenerler.

22 Siziň bähbidiňiz üçin aýdýaryn,

Toprakdan ýaradylan ynsana bil baglamaň,

Sebäbi onuň demi kesilse öler.

Heý-de, oňa bil baglap bolarmy?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş