HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 1—5
«Ýehowanyň dagyna... çykalyň»
| «Ahyrky günlerde» | Bu biziň häzirki ýaşaýan döwrümiz | 
| «Rebbiň (Ýehowanyň) öýi daglar» | Ýehowany beýgeldýän hakyky sežde | 
| «Ähli milletler oňa tarap eňerler» | Hakyky seždäni goldaýan adamlar Ýehowa agzybirlikde sežde edýär | 
| «Geliň, Ýehowanyň dagyna... çykalyň» | Hudaýyň gullukçylary başgalary hem özlerine goşulmaga çagyrýar | 
| «Ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize öz ýollaryny öwreder» | Ýehowa Sözi arkaly bize görkezme berýär we ýollaryndan ýöremäge kömek edýär | 
| «Söweşmegi öwrenmezler, indi» | Işaýa Ýehowanyň gullukçylarynyň parahatlygy saklamak üçin ýaraglaryndan zähmet gurallaryny ýasajakdygyny aýtdy. Işaýanyň günlerinde şol gurallara nämeler degişlidi? | 
| «Gylyçlaryndan azal» | Ýerdemir azalyň esasy bölegi bolup, onuň bilen ýer sürülýärdi. Köplenç ol metaldan ýasalýardy (1Şm 13:20). | 
| «Naýzalaryndan orak» | Bag gaýçysy orak şekilli, ýiti pyçak ýaly tutawaçly gural bolan bolmaly. Ony, esasan, üzüm şahalaryny gyrkmak üçin ulanypdyrlar (Iş 18:5). |