Birinji Selanikliler
5 Doganlar, size boljak zatlaryň wagtyny we döwrüni ýazmagyň geregi ýok. 2 Sebäbi Ýehowanyň* gününiň+ ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini+ bilýänsiňiz. 3 Adamlar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýende, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin, olaryň üstlerine şol bada* betbagtçylyk iner+. Olar gaçyp gutulyp bilmezler. 4 Doganlar, ol gün üstüňize duýdansyz geler ýaly, siz ogry kimin garaňkylykda dälsiňiz. 5 Sebäbi siziň ähliňiz ýagtylygyň we gündiziň ogullary+. Biz ne gijä, ne-de garaňkylyga degişlidiris+.
6 Geliň, başga adamlar ýaly uklamalyň+, hemişe oýa bolup+, sagdyn pikirleneliň+. 7 Uklaýan adam gije uklaýandyr, serhoş adam hem gije serhoş bolýandyr+. 8 Emma biz gündize degişli. Geliň, hemişe sagdyn pikirlenip, iman we söýgi sowudyny geýeliň, gutulyş umydyny hem tuwulga edip+ geýeliň. 9 Hudaý bizi jeza bermek üçin däl-de, Halypamyz Isa Mesih arkaly halas etmek üçin saýlady+. 10 Isa biziň üçin öldi+, biz oýa bolsak-da, ölüm ukusyna gitsek-de, onuň bilen ýaşamaly+. 11 Şol sebäpli häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň*+, birek-biregi berkidiň.
12 Doganlar, araňyzda köp zähmet çekýänlere we Halypamyzyň işinde ýolbaşçylyk edip, öwüt-ündew berýänlere hormat goýmagyňyzy haýyş edýäris. 13 Olaryň edýän işleri üçin uly hormat goýuň we olary söýüň+. Biri-biriňiz bilen parahat ýaşaň+. 14 Doganlar, tertip-düzgüni bozýanlara duýduryş bermegiňizi+, göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldamagyňyzy we hemmelere sabyrly bolmagyňyzy ündeýäris+. 15 Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermäň+, biri-biriňize we ähli adamlara hemişe ýagşylyk etmek üçin jan ediň+.
16 Elmydama şatlanyň+. 17 Hemişe doga-dileg ediň+. 18 Ähli zat üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdyň*+, sebäbi Hudaý siziň Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şeýle etmegiňizi isleýär. 19 Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň+. 20 Pygamberliklere biperwaý garamaň+. 21 Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň+, gowy zada berk ýapyşyň. 22 Ähli erbetlikden uzakda duruň+.
23 Goý, parahatlyk Hudaýy sizi mukaddes etsin. Doganlar, ruhda, ýaşaýyşda, bedende sagdyn bolup, Halypamyz Isa Mesih gelýänçä* ähli ýagdaýlarda ýazyksyz* ýaşaň+. 24 Sizi çagyran Hudaý wepalydyr, ol aýdan zatlaryny hökman eder.
25 Doganlar, biziň üçin hemişe doga-dileg ediň+.
26 Ähli doganlar bilen mähirli* salamlaşyň.
27 Şu haty ähli doganlara okap bermegiňizi Halypamyzyň adyndan tabşyrýaryn+.
28 Goý, Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk etsin!