Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Gowy dostlary nädip tapmaly?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1. Näme üçin gowy adamlar bilen dostlaşmaly?

      Biz kim bilen gatnaşsak, islesek-islemesek şoňa meňzäp başlaýarys. Oturyşyp-turuşýan ýa-da Internetde gürleşýän adamlarymyz bize ýa gowy, ýa erbet täsir edip bilýär. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň. Akmak (ýagny Ýehowany söýmeýän adam) bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nakyllar 13:20). Ýehowany söýýän, sežde edýän dostlar Hudaýy begendirip ýaşamaga we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýär. Tersine Ýehowany söýmeýän, sežde etmeýän adamlar bolsa, Hudaýdan daşlaşdyrýar. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda dostlaryňy ünsli saýlamak maslahat berilýär. Ýehowany söýýän gowy dostlar «biri-birini ruhlandyrýar, birek-biregi berkidýär» (1 Selanikliler 5:11).

  • Aýdýan sözleriň Ýehowany begendirsin!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • Ýehowa adamlary täsin ýaradypdyr. Ol adamlara geplemek üçin dil beripdir. Hudaý biziň gepleýşimize, aýdýan sözlerimize üns berýärmikä? Elbetde! (Ýakup 1:26-ny oka). Aýdýan sözlerimiz Ýehowany begendirer ýaly näme etmeli?

      1. Adamlar bilen nähili gepleşmeli?

      Mukaddes Kitapda: «Bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýilýär (1 Selanikliler 5:11). Belki, sen tesellä, süýji sözlere mätäç adamlary tanaýansyň. Sen olary nädip ruhlandyryp bilersiň? Meselem, olara üns berip, haýsy häsiýetini gowy görýändigiňi aýdyp bilersiň. Şeýle-de Mukaddes Kitapda ruhlandyryjy aýatlar köp. Sen olaryň birki sanysyny okap berip bilersiň. Ýöne şuny unutma: adamlara aýdýan sözüň däl-de, şol sözleri nähili äheň bilen aýdyşyň has güýçli täsir edýär. Şonuň üçin hemişe mähirli hem ýumşak bol (Nakyllar 15:1).

      2. Biz nämeden gaça durmaly?

      Mukaddes Kitapda: «Agzyňyzdan göwne degiji söz çykmasyn» diýilýär (Efesliler 4:29-y oka). Diýmek, biz sögünç we hapa sözleri agzymyza-da almaly däl. Şeýle-de birini kemsidip, ýüregine ýara salýan sözleri aýtmaly däl. Mundan başga-da, gybat etmekden, birine töhmet atmakdan gaça durmaly (Nakyllar 16:28-i oka).

      3. Hemişe ruhlandyryjy sözleri aýtmak üçin näme etmeli?

      Adam köplenç ýüreginde we pikirinde näme bolsa şony aýdýar (Luka 6:45). Diýmek, biz aňymyzy we ýüregimizi gowy zatlardan doldurmaly. Munuň üçin biz dogry, päk, söýgä höweslendirýän, öwgä hem şöhrata mynasyp zatlar hakda oýlanmaly (Filipililer 4:8). Şeýle-de görýän, diňleýän zatlarymyza we gatnaşýan adamlarymyza ünsli bolmaly (Nakyllar 13:20). Geplemezden öň, aýtjak zatlarymyzyň başgalara nähili täsir etjekdigi hakda hem oýlanmaly. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr, paýhasly adamyň dili derde dermandyr» (Nakyllar 12:18).

      SÖHBETDEŞLIK

      Hemişe Ýehowa ýaraýan we adamlaryň göwnüni göterýän sözleri aýtmagy öwreneliň.

      4. Diliňi saklamagy öwren

      Käte aýtmasyz zady aýdyp, soň ökünýändiris (Ýakup 3:2). Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Diliňi saklar ýaly, şu häsiýetleriň haýsysy hakda doga etmek isleýärsiň? Şu häsiýetler saňa nädip kömek eder?

      1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Gatnaşýan adamlaryň, görýän, diňleýän zatlaryň gep-sözüňe nähili täsir edip biler?

      Suratlar: bir adamyň aýaly bilen gödek gepleşmegine täsir edýän zatlar. 1) Erbet aýdym-sazlary diňleýär. 2) Dosty bilen göreş görýär we içine girip gidýär.  Suratlar: bir adamyň aýaly bilen mähirli gepleşmegine täsir edýän zatlar. 1) Mukaddes Kitaby okaýar. 2) Ýygnak jaýynda aýaly ikisi dosty bilen gepleşýär.

      Gepleýşiňize näme täsir edip biler?

      Nesihat 3:1, 7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Haçan dymsaň we haçan gepleseň gowy bolar?

      5. Adamlar hakda gowy zatlary aýt

      Adamlaryň göwnüne degmez ýaly we olar hakda gowy zatlary aýdar ýaly näme edip bileris? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Başgalara „ruhlandyryjy sözleri aýdyň“» (4:07)

      • Dogan näme üçin adamlar hakda gowy zatlary aýtmagy ýüregine düwdi?

      • Munuň üçin ol näme etdi?

      Nesihat 7:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Adamlar barada erbet zatlary aýdasyň gelende nämäni ýada salmaly?

      Nesihat 7:21, 22-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Sen barada erbet zatlary aýdanlarynda aýatdaky sözler nädip kömek edip biler?

      6. Öýde-de mähirli gepleşiň

      Ýehowa maşgala agzalarymyz bilen mähirli hem sylaşykly gepleşmegimizi isleýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Söýgi bildirmek we hormat goýmak maşgalany agzybir edýär» (3:08)

      • Maşgalada mähirli gepleşmäge näme kömek eder?

      Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Nähili gepleşenimizde maşgalamyz agzybir bolar?

      Ýehowa ogly Isany gowy görýändigini açyk aýdypdyr. Matta 17:5-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Sen nädip Ýehowanyň göreldesine eýerip bilersiň?

      Bir aýal surat çekip bolansoň, gyzjagazyny öwýär.

      Öwgüli sözleri aýtmaga mümkinçilik gözläň.

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Men pikir edýän zadymy aýdýaryn, adamlar halamasa özleri bilsin».

      • Sen hem şeýle pikir edýärsiňmi? Näme üçin?

      ESASY PIKIRLER

      Aýdýan sözlerimiz adamy ruhlandyryp ýa-da ruhdan düşürip bilýär. Şonuň üçin haçan, näme we nädip aýdýandygymyza ünsli bolmaly.

      Gaýtalamak

      • Aýdýan sözleriň bilen nädip adamlaryň göwnüni göterip bilersiň?

      • Nämeden gaça durmak isleýärsiň?

      • Hemişe mähirli bolup, adamlar hakda gowy zatlary aýtmaga näme kömek eder?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Ruhlandyryjy sözleri aýtmaga näme kömek eder?

      «„Paýhasly adamyň dili“ ruhlandyrýar» (8:04)

      Sögünç sözleri aýtmaz ýaly näme etmeli?

      «Sögünç sözleri aýtmak erbet zatmy?» (Internet makala)

      Gürrüň gybata ýazmaz ýaly näme etmeli?

      «Gybat etmekden nädip gaça durmaly?» (2:36)

      Bir adam Ýehowanyň kömegi bilen sögünip geplemegi goýdy.

      «Näme üçin ýaşaýandygym hakda oýlanyp başladym» («Garawul diňi» 1 awgust, 2013)

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş